Mary welaýatynyň ýaşaýjylarynyň gündelik durmuşynda ýüzbe-ýüz bolýan jemagat hyzmatlaryndaky kemçilikler saklanyp galýar. Suw üpjünçiliginde döreýän bökdençlikler bilen bir hatarda öýleriň hapa suwuny ýygnaýan kanalizasiýa turbalary sandan çykýar. Azatlyk Radiosynyň ýerli çemeleri ýaňy-ýakynda Baýramaly şäherinde dörän ýagdaý barada habar berdiler.
Onlarça hojalykly köpgatly jaýlaryň ýaşaýjylary lagym suw turbasynyň sandan çykandygyny dessine duýmaýar. Öýde ýakymsyz ys döräp, girelgede hapa suw toplanyp başlansoň problema göz ýetiren ýaşaýjylar häkimiýetlere ýüz tutup başlaýar.
"Biziň häzir podwalymyzy suw basyp durmagy sebäpli öýümiziň içinde ýakymsyz ys bar, sebäbi aşakda ýerzeminden çykýan suw gaty ýaramaz ysly, peşew çybynlar hem gaty köpeldi, çybynlar ol podwalyň suwly bolmagyndan köpeldi" diýip, baýramalyly ýaşaýjy aýtdy.
Azatlyk bilen anonimlik şertinde gepleşen çeşmeleriň sözlerine görä, agyz suw we lagym suw turbalarynyň sandan çykmagy bilen bagly ýagdaýlar şäheriň dürli böleklerinde ýüze çykypdyr.
Çeşmeleriň biri Kurortnyý diýlip atlandyrylýan etrapçanyň köpgatly jaýlarynyň birinde lagym suw turbasy ýarylyp, ýaşaýjylaryň häkimiýetlere eden ýüzlenmeleri uzak wagtlap netije bermändir: "Köpgatly jaýyň girelgesini hapa lagym suw basdy. Ýaşaýjylar özlerine degişli öý müdirligine yzygiderli habar berip, bu suwdan dynmak isleýärler, emma öý müdirlik işgärleri gelip, 'turba deşilipdir bizde häzirlikçe göni alyp çalyşmaga hiç bir şertimiz ýok. Biz başlyga aýdarys, ol häkimlige çykyp täze turba alyp bilse, kebşirleýji işçilerini jemlese biz hökman çalşarys diýip, gitdiler" diýip ýagdaýdan habarly çeşme gürrüň berdi.
Degişli maglumat
Jaýlarda ýyladyş ýok, adamlar gije üşeýär, ýylylyk işgärleri pagta ýygýar - ÝaşaýjylarBu jaýyň diňe bir girelgesinde 10 hojalyk ýaşaýar, olaryň aglaba aýallar we çagaly maşgalalar diýip, çeşme aýdýar. Onuň sözlerine görä, olar bir hepdeden gowrak wagtlap sanitariýa taýdan elhenç şertlerde ýaşamaly bolupdyr.
Başga bir çeşme zenanlaryň Baýramaly şäher häkimligine barandygyny gürrüň berdi. Häkimlikdäki ýagdaýdan habarly çeşme Baýramaly şäher häkimligine ona golaý aýal maşgalanyň barandygyny we bir hepdeden gowrak wagt bäri deşilen suw turbasyny bejermek we jaýy hapa suwdan arassalamagy sorap, öý müdirligine yzly-yzyna jaň etmeginiň netije bermändigini habar beripdir: "Olar öý müdirliginiň turba ýok, şert ýok diýip jogap bermeginden şikaýat etdiler. Häkimlik işgäri gidiberiň, şu gün, bolmasa ertir baryp bejerip bererler diýdi".
Suw akmasyny duruzmak we onuň maddy çykdajysy
Emma baýramalyly çeşmeleriň sözlerine görä, jemagat gulluklaryň işgärleri bir günden soň baryp, deşilen suw turbasyny bejermek üçin wagtlaýyn çäre hödürläpdir.
"Iki sany öý müdirliginiň işgäri baryp, ýerzemindäki suwuň içine elleri çyraly girip synlap çykdylar. 'Biz häzir ol turbanyň daşyna awtoulagyň rezin kamerasyny çekdirip, orasak wagtlaýyn suw akmasy durar. Onsoň elimize haçan zat berseler biz bejereris' diýip gitdiler, Emma soň ýaşaýjylardan 'tigir satyn almak üçin diýip, 50 alyp gitdiler" diýip, çeşme gürrüň berdi.
Maryly ýaşaýjylaryň Azatlyga gürrüň bermegine görä, jemagat hyzmatlarynda döreýän bökdençlikleriň arasynda bejeriş işleri üçin ýaşaýjylardan resmi bolmadyk görnüşde pul soralmagy seýrek däl. Şeýle-de, ýaşaýjylar hyzmatlaryň hiliniň jemagat hyzmatlary üçin resmi tölegleri hem ödemeýändigini aýdyp, nägile bolýarlar.
"Biz her aýda lagym suwy üçin her adam başyna 1 manat pul töläp gelýäris. Bu tölegleri hasaplasak, oňa islendik gurluşyk haryt satylýan dükana baryp, täze turba satyn alyp bolýar. Hany näme edýärler şol pullary?" diýip, baýramalyly ýaşaýjy aýdýar.
Şeýle-de, ýaşaýjylar jemagat gulluklaryň işgärleriniň deşilen turbalary çalyşmak üçin ýaşaýjylardan täze turbalary öz hasabyna satyn almagy teklip edýän pursatlarynyň bolýandygyny aýtdylar.
Azatlyk Radiosy çeşmeleriň gürrüň beren ýagdaýlary barada Baýramaly şäheriniň häkimliginden we Mary welaýatynyň häkimliginden resmi maglumat almaga synanyşdy, emma habarlaşmak üçin eden telefon jaňlarymyza jogap berilmedi.
Degişli maglumat
Marynyň käbir sebitlerinde ilat bir gije-gündiz elektriksiz galdy, Tejende ýyladyş turbalary ýygy-ýygydan hatardan çykýarBaýramalynyň öý dolandyryş edaralarynyň wekilleri gepleşmekden ýüz öwürdi, emma anonimlik şertinde gepleşen jemagat işgäri sandan çykýan turbalary bejermek üçin wagtlaýyn çäreleri görmäge mejbur bolýandygyny aýtdy. Onuň sözlerine görä, infrastrukturanyň aşa könelmegi muňa sebäp bolýar.
"Ähli ýerzeminlere girip göz gezdiriň, ähli köpgatly jaýlaryň deşilen turbalary ýamalan. Bize serişde berilýän bolsa, rezin balon çekdirip, wagtlaýynça suw durar ýaly etmezdik, ýa-da turbalaryň deşilen ýerlerine agaç kakmazdyk".
Soňky günlerde Baýramalynyň käbir ýaşaýyş jaýlarynyň daşynda ýörite tehnikalaryň, hususan-da suw sorýan awtoulaglaryň işleýändigi hem göze ildi.
Baýramalyda köpgatly jaýlaryň çüýrän turbalar ýygy-ýygyndan deşilýär. Bu ýagdaýda ýaşaýjylaryň özbaşdak çäre görmeli bolýandygyny, Azatlygyň ýurt içindäki habarçylary şu ýyl birnäçe gezek habar beripdi. Käbir ýaşaýyş jaýlaryň ýaşaýjylary deşilen turbalaryny täzelemek üçin pul toplaýan bolsa, beýleki ýerlerde ýaşaýjylar goňşular bolup, binada döreýän näsazlyklary anyklamak we bejermek üçin işleri özbaşdak alyp barýarlar.
Agyz suw turbalarynyň we hapa lagym suw turbalarynyň sandan çykmagy, olaryň wagtynda bejerilmän ýaşaýjylaryň ençeme günläp agyr şertlerde galmagy, şeýle-de düýpli bejergi işlerine mätäç köne infrastrukturanyň täzelenmän, ýönekeý usullar bilen wagtlaýyn bejerilmegi ýurduň ähli böleklerinde, şol sanda paýtagtda hem ýüze çykýar.
Degişli maglumat
Parahat 7-niň ýaşaýjylary ýerzeminlerde lagym suwlarynyň üýşmeginden zeýrenýärGadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.