Býujetçileriň partiýadan we jemgyýetçilik guramasynyň agzalygyndan çykmagyna päsgel berilýär

Döwlet edaralarynyň işgärleri Halk Maslahatynyň mejlisinde. Türkmenistan.

Lebap welaýatynyň býujet edaralarynyň işgärleri Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň agzalygyndan çykyp bilmeýärler. Býujetçileriň şeýle synanyşyklary ýolbaşçylar tarapyndan basyş we haýbat bilen garşy alynýar.

Türkmenabadyň döwlet edaralarynyň, şol sanda bilim edaralarynyň we jemagat gulluklarynyň işgärleriniň Azatlyk Radiosyna gürrüň bermegine görä, partiýadan we guramadan çykmak islegini mälim eden býujetçiler ýörite gürrüňdeşlige çagyrylýar.

Türkmenabadyň orta mekdepleriniň birinde işleýän mugallymyň sözlerine görä, ol partiýa agzalygyndan çykmak isleýändigini mekdep ýolbaşçylaryna aýdandan soň, welaýat baş bilim müdirliginiň kadrlar bölümine çagyrylypdyr.

Degişli maglumat

Mejbury abuna ýazylýanlar ‘razylyk' hatyny ýazmaga mejbur edilýär

“Maňa gönüden-göni: ‘Eger Demokratik partiýadan çyksaň, işiňde kynçylyklar ýüze çykyp biler. Agzalyk tölegini tölemekden ýüz öwürseň, günüň kyn bolar. Çagalaryň barada alada et’ diýdiler. Bu haýbatlardan soň men özümi gul ýaly duýdum” diýip, mugallym gürrüň berdi.

Türkmenistanyň Demokratik partiýasy we Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasy 1991-nji ýylda döredilip, şondan bäri býujet işgärlerinden we studentlerden bu gurluşlara agza bolmak talap edilýär. Türkmenistanyň kanunlarynda syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň agzalygy resmi taýdan meýletin diýlip görkezilýär.

Agzalygyň maddy goşandy

Türkmenabadyň jemagat gullugynda işleýän başga bir çeşme hem şuňa meňzeş ýagdaýy başdan geçirendigini aýdýar. Onuň sözlerine görä, işgärleriň aýlygy az bolsa-da, olardan her aý partiýa ýa-da gurama agza bolandygy üçin töleg alynýar.

“Meniň aýlygym şeýle-de az, her manat meniň üçin gymmatly. Emma biz tölemeli bolýarys. Başlyk: ‘Bolmasa ornuňa tölejek we şu ýerde işlejek adam taparys’ diýdi. Işimi taşlap daşary ýurda gitjek welin, ýene üç ýyl töweregi deport möhletim bar” diýip, ol gürrüň berdi.

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň administrasiýasyndaky çeşme hem soňky döwürde käbir talyplaryň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň agzalygyndan çykmak isleýändigini gürrüň berdi.

“Takyk ylymlar we tebigy ylymlar fakultetinde stipendiýa esasynda okaýan käbir talyplar guramadan çykmak isleýärler. Ýöne adatça olara okuwdan kowulmak we ýurt baştutanynyň syýasatyna garşy çykmakda aýyplanmak bilen haýbat atylýar” diýip, çeşme belledi.

Lebaply häkimlik işgäri bu tejribäniň aýry-aýry edaralar bilen çäklenmän, ulgamlaýyn häsiýete eýedigini aýtdy.

“Ýolbaşçylar adamlaryň partiýalardan we guramalardan köpçülikleýin çykmagy maliýe binýadyna zarba urar diýip gorkýarlar. Partiýanyň we guramanyň agzalary her aý resmi girdejisinden 2 göterim töläp gelýär” diýip, çeşme aýtdy.

Ýurtda ortaça aýlyk 1500 müň manat töwereginde bolup, ondan 2% prosent 30 manada, ýagny 8,5 amerikan dollaryna barabar.

Mejburlykdan nägilelik artýar

Howpsuzlyk aladalary sebäpli anonimlik şertinde gürrüňdeş bolan çeşmeleriň sözlerine görä, mekdepleriň, hassahanalaryň, döwlet kärhanalarynyň we beýleki býujet edaralarynyň işgärleri köplenç partiýa ýygnaklaryna, döwlet çärelerine we dabaralara gatnaşmaga-da mejbur edilýär.

Degişli maglumat

Lebapda partiýa we gurama agzalygyndan çykmak isleýän býujetçilere haýbat atylýar

Agzalyk tölegleri býujet işgärleriniň maliýe ýagdaýyna goşmaça ýük bolýar. Türkmenabatly býujet işgärleri bu mejburlykdan nägile bolýarlar.

“Onsuz hem jerimeler köpeldi, gündelik çykdajylar artýar. Şeýle ýagdaýda bizden mejbury agzalyk töleglerini talap etmek, üstesine-de haýbat atmak, adamlary has kyn ýagdaýa salýar. Bu zatlar gowulyga alyp barmaz” diýip, Türkmenabadyň býujet ulgamynda işleýän çeşmeleriň biri belledi.

Býujetçileriň we studentleriň arasynda partiýadan we jemgyýetçilik guramasyndan çykmak islegleri we häkimiýetleriň muňa ýol bermeýändigi barada öň hem habar berlipdi.

Azatlygyň habarçysynyň geçen ýylyň başynda beren maglumatynda partiýanyň düzüminden çykmak isleýänleriň köpüsiniň aýlygyndan pul tutulmagyna nägile bolýandygy aýdylypdy.

Degişli maglumat

Demokratik partiýada demokratiýa barmy?

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.