Çäge söwdasy jemgyýetdäki 'adalatsyzlyklaryň gerimini görkezýär' - Çeşmeler

Garagum çölünden bir görnüş. Bezeg suraty

Lebap welaýatynda Garagum çölünden getirilýän çägäniň bikanun söwdasy diňe tebigy serişdäniň nädogry ulanylmagy däl, eýsem gurluşyk materiallarynyň gymmatlamagy, parahorlyk we wezipe artykmaçlygy, raýatlaryň kanun öňündäki deňliginiň dowamly bozulmagy bilen baglylykda, barha uly jemgyýetçilik meselesine öwrülýär. Azatlyga bu maglumat Türkmenabat şäher polisiýasyndaky çeşmeden we welaýatyň käbir ýaşaýjylaryndan gelip gowuşdy. Synçylar kanunlaryň ýönekeý raýatlaryň garşysyna, kemsitmek üçin ulanylýandygyny öňe sürýärler.

Çeşmeler Türkmenistanda iň bol zadyň Garagum çölündäki çägedigini, emma onuň hemmeler üçin elýeterli, baryp alybermeli gurluşyk materialy däldigini, bu ýagdaýyň jemgyýetde kanunlar, adalat, gözegçilik we deňlik barada uly soraglary döredýändigini aýdýarlar.

Garagum çägesiniň hyrydary köpeldikçe 'adalatsyzlyk ulalýar'

Türkmenabat şäher polisiýasyndaky çeşmäniň tassyklamagyna görä, soňky wagtlarda Garagum çägesi bilen bagly işjeňlikler görnetin ýygjamlaşdy. Ozal kän bir gereklenmedik çägäniň bazar şertlerindäki gymmatyna düşünen adamlar ony haltalara guýup, ýeňil ulaglaryň bagažlarynda ýa-da salonynda ilatly ýerlere alyp gelýärler. Çeşme, göze ilmezlik üçin, çäge söwdagärleriniň öz çig mallaryny şäheriň golaýyndan däl-de, has çet ýerlerden, uzagrakdan alyp gelýändiklerini hem sözüne goşdy.

Degişli maglumat

Türkmenistan £1 milliona satyn alan britan çägesini çapuw ýodalaryna ýazyp, atlaryň arasynda gözellik bäsleşigini geçirýär


“Garagum çägesini almaklygyň öz düzgüni bar. Emma soňky wagtlarda käbir adamlar ony rugsatsyz alyp, satyp başladylar. Çäge haltalara salnyp, ulaglarda daşalýar. Bu ýagdaý indi yzygiderli söwda görnüşine geçdi” diýip, şäher polisiýasyndaky çeşme aýtdy.

Çärjew etrabynyň bir ýaşaýjysynyň gürrüň bermegine görä, ozal kän göze ilmedik çägä, çölde ýatan 'gymmatly haryda' bolan isleg gurluşyk materiallarynyň bahalarynyň yzygiderli gymmatlamagy, ilatyň barha garyp düşmegi netijesinde ýokarlandy.

“Gurluşyk materiallary gymmat. Jaý salynjak ýa-da howluda abatlaýyş işini etjek adamlara islese-islemese çykdajyny azaltjak bolýar. Garagum çägesi bolsa golaýda, el astynda ýatyr. Şonuň üçin köp adam muny uly mesele hasaplamaýar. Emma şol çäge soňra satylýar we pula öwrülýär” diýip, söhbetdeşimiz raýatlaryň arzan çäge gözlemäge mejbur bolýandygyny nygtady.

Polisiýadaky çeşme çölden çäge daşaýanlaryň käbiriniň şäherara ýollarda we şäheriň giriş-çykyşlarynda saklanylýandygyny we bir bikanun hereketiň ikinji bikanun herekete sebäp bolýandygyny aýtdy.

Onuň sözlerine görä, ýol gözegçiligi işgärleriniň käbiri çägeçilerden para alsa, beýlekileri muňa göz ýumýar.

“Ýol gözegçiligindäki işgärler bu işiň bikanundygyny bilýär. Emma olar para alyp, şeýle adamlaryň bu işi dowam etdirmegine ýol berýärler. Bu ýerde diňe çäge däl, para meselesi hem bar” diýip, çeşme aýtdy.

Türkmenabat şäher polisiýasyndaky çeşme şäher we welaýat häkimlikleriniň işgärleriniň arasynda öz hojalygynda gurluşyk etmek Garagum çägesini rugsatsyz we mugt alýanlaryň hem bardygyny öňe sürýär. Onuň sözlerine görä, bu ýagdaý ýönekeý ýaşaýjylar bilen wezipeli adamlaryň arasyndaky deňsizligiň has ulalýandygyny yşarat edýär.

Ýönekeý adam saklansa, 'çäge ogrusy' bolýar

“Häkimlik işgärleriniň käbiri, öz jaýlaryny gurmak üçin, garagum çägesini ulananda hiç bir edaradan rugsat almaýar. Eger ýönekeý adam çägeli saklansa, oňa ogurlyk eden ýa-da tebigata zyýan ýetiren adam hökmünde seredilýär. Wezipeli adamlar çäge alanda, köplenç bilinse-de, olara hiç kim hiç zat diýmeýär” diýip, çeşme belledi.

Degişli maglumat

Çölleşmä garşy göreşilýär, emma netije az


Aýry-aýrylykda gürleşilen ýaşaýjylaryň aýtmagyna görä, Garagumdan bikanun alnan çäge diňe hususy gurluşyk işlerinde däl, eýsem polimerçäge plitalaryny öndürmekde hem ulanylýar. Bu hili plitalar plastik galyndylaryň, çägäniň we reňkleýji maddalaryň garyndysyndan taýýarlanýar. Has anygy, garyndy ýokary temperaturada gyzdyrylyp, ýörite galyplarda, basyş arkaly, plita görnüşine getirilýär.

“Zerger etrapçasynyň önümçilik zolagynda polimer-çäge plitalary öndürilýär. Şeýle plitalary ýasamak üçin çäge gerek bolýar we olar çägäni arzan bahadan satyn alýarlar. Ýöne bu plitalara harçlanan çägäniň nireden getirilendigini, nähili bahadan satyn alnandygyny soraýan ýok” diýip, çärjewli ýaşaýjy aýtdy.

Türkmenabat şäher polisiýasyndaky çeşme garagum çägesiniň ýüze çykaran deňsizliginde polimerçäge plitalaryny öndürýän “Berk Gerden” firmasynyň hem agzalýandygyny aýtdy.

“Bu iş barada gürrüň gozgalanda, polimerçäge plitalaryny öndürýänler barada hem gürrüň gidýär. Hususan-da “Berk Gerden” firmasynyň ady agzalýar. Ýöne bu firma 'golaýyna baryp bolmaýanlaryň' hatarynda görülýär” diýip, şäher polisiýasyndaky çeşme aýtdy.

Şeýle-de, çeşme bu firmanyň öňki ykdysadyýet we ösüş ministri Wepa Abdylhekimow bilen baglanyşyklydygyny öňe sürdi. Emma Azatlyk bu aýdylýany resmi taýdan tassykladyp ýa inkär etdirip bilmeýär.

“Berk Gerden” açyk çeşmelerde gurluşyk materiallaryny öndürýän ýerli kompaniýa hökmünde görkezilýär, onuň Türkmenabatdaky 2-nji senagat zolagynda ýerleşýändigi we esasan bitum-gidroizolýasiýa materiallaryny öndürýändigi aýdylýar. Emma Azatlyk kompaniýanyň eýeçilik gurluşy ýa-da onuň Wepa Abdylhekimow bilen baglanyşygy barada hiç bir maglumat tapmady.

Maglumat üçin aýdylsa, wezipe borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmän, ýolbaşçylyk edýän Ministrliginiň işini guramakda kemçiliklere ýol berendigi üçin, Türkmenistanyň ykdysadyýet we ösüş ministri Wepa Abdylhekimowa 2015-nji ýylda käýinç yglan edilipdi.

Çäge söwdasynyň gözegçiligi güýçlenýär, ýöne...

Polisiýadaky çeşmäniň tassyklamagyna görä, häzirki wagtda bikanun çäge söwdasy bilen bagly adamlary anyklamak üçin Çärjew, Hojambaz, Saýat etraplarynda ýörite gözegçilik çäreleri geçirilýär. Şeýle-de, çäge daşamak ähtimallygy bolan ulaglara we şäher daşynda ýerleşýän käbir ugurlara aýratyn üns berilýändigi aýdylýar.

Emma muňa garamazdan, söhbetdeş bolanlar bu çäreleriň diňe ýönekeý, 'arkasyz' diýilýän raýatlara garşy gönükdirilendigini we çäge meselesini çözmejekdigini aýdýarlar.

Degişli maglumat

Balkan: PÝGG goýy reňkli awtoulaglary 'awlaýar', zenan sürüjilere basyşy güýçlendirýär


“Mesele diňe çölden çäge getirýän adamlarda däl, eýsem şol çägä bolan islegi döredýän gurluşyk bazarynda, islendik bikanun herekete ýol açýan para zynjyrynda we wezipeli adamlaryň jogapkärçiliksiz hereketlerinde” diýip, gurluşyk pudagyndaky synçy aýtdy.

Polisiýadaky çeşme ýerli synçynyň pikiri bilen ylalşýar.

“Eger diňe ýönekeý adamlary saklap, bu işde bähbidi bolan işgärlere, wezipeli adamlara we iri ulanyjylara degilmese, mesele çözülmez. Sebäbi çäge diňe bir daşalmaýar, oňa ýol açýan, bu söwdadan gowy peýda görýän adalar hem bar” diýip, Türkmenabat şäher polisiýasyndaky çeşme aýtdy.

Türkmenistan territoriýasynyň uly bölegini Garagum çöllügi, suwsuz tozap ýatan meýdanlar tutýar we, anonimlik şertinde gürleşen synçy mundan öň ýurda uly çölleşme howpuny salan çägäniň türkmen jemgyýetindäki adalatsyzlyklara, ýazylan kanunlaryň diňe ýönekeý, 'arkasyz' adamlara garşy ulanylmagynyň şeýle uly meselä öwrülmegine ünsi çekjekdigi barada hiç wagt pikir etmändigini aýtdy.

Ýurtdaky maglumat ýapyklygy, garaşsyz neşirleriň žurnalistleriniň soraglaryna jogap berilmezligi sebäpli, Azatlyk Türkmenistanyň adalat ministrliginiň wekilleri bilen gürleşip, çäge söwdasynyň töwereginde dörän uly soraglara resmi düşündiriş alyp bilmeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.