Çeşmeler: Bloggerleriň ençemesine G.Berdimuhamedowyň doglan gününi gutlap, wideo çap etmek tabşyryldy

Türkmenistanda mobil telefona seredip, telefonda gürleşip barýan zenanlar (Arhiwden alnan illýustrasiýa suraty)

Türkmenistanda TikTok, Instagram sosial ulgamlaryndaky we YouTube platformasyndaky tanymal türkmen bloggerleriniň ençemesine öňki prezident, häzir Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň doglan gününi gutlap, wideo çap etmek barada tabşyryk berildi diýip, kanun goraýjy edaralardaky ygtybarly çeşmelerimiz gürrüň berdiler.

Ýatlatsak, 29-njy iýunda tanymal türkmen bloggerleriniň onlarçasy prezidentiň kakasy Gurbanguly Berdimuhamedowyň doglan gününi gutlap, ýörite wideo maglumat paýlaşdylar.

“Köp sanly followeri, ýagny yzarlaýjysy bolan tanymal bloggerleriň 20-den gowragyna “Arkadagyň” doglan gününi gutlap wideo çap etmek barada bir hepde öňünden tabşyryk berildi. Bu tabşyryk paýtagtdaky tanymal bloggerlere gözegçilik edýän howpsuzlyk işgärleri tarapyndan berildi” diýip, ýagdaýlardan ýakyndan habarly paýtagtyň kanun goraýjy edaralarynyň birindäki çeşmämiz aýtdy.

Degişli maglumat

Türkmenistanda sosial ulgamlarda hökümeti tankytlanlar soraga çekilýär, başgaça pikirlilere basyş güýçlenýär

“Ýogsa netijeleriniň bolup biljekdigini”

Aýrybaşga bir çeşmämiz hem bu maglumaty tassyklap, şu ýyl şeýle tabşyryk berlen bloggerleriň sanynyň geçen ýyllar bilen deňeşdirilende has köp bolandygyna hem ünsi çekip, howpsuzlyk işgärleri tarapyndan tabşyryk berlende onuň hökmany ýerine ýetirilmelidigini, “ýogsa netijeleriniň bolup biljekdigini” belleýär.

“Tabşyrygy ýerine ýetirmedikleriň ýoly baglanýar. Olara duýdurylmagynyň özi düşnükli zat. Bloggerlere girdeji salgydyny tölemeýärsiňiz, deklarasiýa doldurmaýarsyňyz diýip, gytaklaýyn duýduryş berildi we bloggerlere tabşyrygy ýerine ýetirmeli boldy” diýip, beýleki çeşmämiz aýtdy.

Bu maglumatlary şeýle tabşyryk berlen tanymal bloggerleriň biriniň ýakyn hossary hem tassyklap, howpsuzlyk aladalary sebäpli anonimlik şertinde beren maglumatynda tabşyrygy ýerine ýetirmediklere dürli, şol sanda ölüm howpunyň abanýandygyny aýtdy.

“Bloggerler hökümet syýasatyna hyzmat etmeli. Eger garşy çyksa, onda olara türmä basylmak ýa-da ýitirim edilmek ýaly howplar hem abanýar” diýip, söhbetdeşimiz belledi.

Redaksiýamyz dünýäniň iň bir repressiw ýurtlarynyň birindäki söhbetdeşimiziň howpsuzlyk aladalary sebäpli anyk adam we ýer atlaryny aýtmakdan saklanýar.

“Köpüsiniň aşagynda negatiw äheňde teswir ýazylypdyr”

Söz we metbugat azatlygyny berk çäklendirmekde tankytlanýan Türkmenistanda meşhur sosial torlar, garaşsyz habar saýtlary onýyllyklaryň dowamynda petikli saklanýar. Emma ulanyjylar, hususan-da, ýaşlar VPN ulgamlary arkaly Internet petiklemelerini böwsüp geçip, sosial torlarda öz sahypalaryny ýöredýärler, şeýle-de olaryň üsti bilen dürli harytlary ýa-da hyzmatlary hödürleýärler.

Gutlag wideolaryny paýlaşanlaryň arasynda döwrebap we milli egin-eşikleri, naharhanalary, awtoulaglary, myhmanhanalary we toýhanalary mahabatlandyrýan bloggerler bar. Olaryň käbiriniň on müňlerçe, käbiriniň bolsa ýüz müňlerçe yzarlaýjysy, followeri bar.

Degişli maglumat

Tankydy pikirinden soň ýitirim bolan bloggeriň mazary tapyldy

6-njy iýulda şeýle wideolaryň 20-ä golaýyny görse bolýar. Azatlyga bu bloggerlerden resmi teswir almak başartmandygy sebäpli, redaksiýa olaryň şahsyýetini, sahypasyny aýdyňlaşdyrýan takyk maglumatlary köpçülige ýetirmekden saklanýar.

“Bu wideolaryň köpüsiniň aşagynda negatiw äheňde teswir ýazylypdyr. Ulanyjylaryň diňe käbiri gutlagy goldaýan äheňde teswir galdyrypdyr” diýip, ýagdaýlardan habarly aşgabatly ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.

Degişli maglumat

Türkmenistana dolanan zyýaratçylar häkimiýetler tarapyndan gorkuzmalara we haýbatlara sezewar edildi

Azatlyk bu ýagdaýlar barada dünýäniň iň bir ýapyk we repressiw ýurtlarynyň biri hasaplanylýan Türkmenistanyň degişli häkimiýetlerinden resmi teswir almak başartmady. Şeýle-de, redaksiýamyzyň tanymal bloggerleriň käbirleri bilen habarlaşmak synanyşyklary hem oňyn netije bermedi.

“Şahsyýet kultuny has-da güýçlendirmek tagallalary”

Türkmenistanda häkimiýetleriň tanymal türkmen bloggerlerinden ýurt ýolbaşçylaryny, olaryň alyp barýan syýasatyny we ýurdy mahabatlandyrmagyň wagtal-wagtal talap edilýändigi barada mundan ozalky ýyllarda hem maglumatlar gelip gowşupdy.

2023-nji ýylyň tomsunda ýurtda YouTube, TikTok, Instagram ýaly sosial torlardaky tanymal bloggerler polisiýa tarapyndan soraga çekildi. Olara ýurt barada diňe öwgüli maglumatlary ýerleşdirmek tabşyrylyp, ýogsam olaryň türme tussaglygy bilen ýüzbe-ýüz boljakdygy duýduryldy.

Ýerli synçylaryň birnäçesi bu çäreleri “häkimiýetleriň bloggerleriň üsti bilen döwlet propagandasyny ýaýbaňlandyrmak, döwlet başyndaky Berdimuhamedowlaryň şahsyýet kultuny has-da güýçlendirmek tagallalary” atlandyrýar.

Galyberse-de, bu maglumatlar, türkmen häkimiýetleriniň başgaça pikirli raýatlara garşy repressiw çärelerini ýene güýçlendirýän mahalyna gabat geldi. 1-nji iýulda Azatlygyň habarçylary ýurtda sosial ulgamlarda hökümeti tankytlaýanlaryň soraga çekilýändigini we olara jerime salynýandygyny habar berdiler.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.