Türkmenistanyň döwlete degişli edara-kärhanalarynda, zawod-fabriklerinde işgär ýetmezçiligi ýitileşýär diýip, ýagdaýlardan habarly ygtybarly çeşmelerimiziň ençemesi aýdýar.
Ýurduň zawod-fabrikleriniň kadrlar bölüminde zähmet çekýän biri-birinden habarsyz çeşmelerimiziň aýry-aýrylykda beren maglumatlaryna görä, bu ýagdaý öndürilýän önümleriň hiline we galan işçileriň zähmet şertlerine oňaýsyz täsir edýär.
“Zawod-fabrikleriň köpüsinde işçi aýal-gyzlaryň we erkekleriň ýetmezçiligi döredi. Muňa soňky bir ýyla golaý wagtyň dowamynda zawod-fabriklerde işleýän işçileriň köpçülikleýin häsiýetde meýletin, öz arzasy bilen işden çykmagy we gazanç gözleginde daşary ýurtlara gitmegi sebäp boldy” diýip, çeşmelerimiziň biri aýtdy.
Degişli maglumat
Häkimiýetler býujetçilere “asmanymyz arassa, döwlet işinden çykmaň” diýýärAzatlykda bu ýagdaýlaryň ýurduň haýsy zawod-fabriklerinde ýüze çykandygy barada takyk maglumatlar bolsa-da, redaksiýa söhbetdeşlerimiziň howpsuzlyk aladalary sebäpli olary köpçülige ýetirmekden saklanýar.
Ýöne bellesek, bularyň arasynda Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary we Dokma senagaty ministrliklerine, şeýle-de ýurduň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligine degişli edaralar, zawod-fabrikler bar.
Çeşmelerimiz işçileriň öz arzalary bilen işden çykmagynyň häzir hem dowam edýändigini aýdyp, muňa aýlyklaryň möçberiniň az bolmagynyň we güzeran eklemäge ýetmezliginiň sebäp bolýandygyny belleýärler.
"Çaganyň 10 günlük iýmitine zordan ýetýär"
“Bu edaralarda işçilere berilýän aýlygyň möçberi 2 müň manatdan sähel geçýär. Üç-dört güne ýetýän çaga iýmitiniň bahasy bolsa, 1 müň manada barabar. Çagasyny öýünde enesine ýa mamasyna goýup gaýdýan gelinleriň alýan aýlygy çagasynyň 10 günlük iýmitine zordan ýetýär” diýip, aşgabatly zenan anonimlik şertinde beren maglumatynda hökümetiň berýän aýlygynyň hakyky bazar sebedine gabat gelmeýändigini aýtdy.
Çeşmelerimiz aýlyklaryň mukdarynyň ýyllarboýy tas şol bir möçberde saklanmagynyň, şol bir wagtda bolsa, azygyň hem-de hyzmatlaryň bahalarynyň aýdan-aýa gymmatlamagynyň, ilat arasynda ýerli edara-kärhanalarda işlemäge bolan islegiň azalmagyna getirendigini hem aýtdylar.
“Bu hakykat esasanam soňky bir ýylda ýiti duýulýar. Köçelerdäki elektrik geçiriji diňlerine, girelgelerdäki gapylara ýelmenýän ‘işçi gözlenýändigi’ baradaky bildirişlere köplenç jogap berilmeýär” diýip, çeşmämiz belledi.
Bu maglumaty habarçylarymyz hem tassyklap, soňky aýlarda ýurduň dürli sebitlerinde şeýle bildirişleriň köpelendigini synlasa bolýandygyny aýdýarlar.
Azatlyga soňky aýlarda çap edilen şeýle bildirişleriň birnäçesi gelip gowuşdy. Ýöne redaksiýamyz howpsuzlyk aladalary sebäpli olary köpçülige ýetirmekden saklanýar.
Degişli maglumat
Harby, hukuk goraýjy edaralarda 'ýiti işgär ýetmezçiligi' döreýär - çeşmelerÇeşmelerimiz işgär ýetmezçiliginiň öndürilýän önümleriň hiline we galan işçileriň zähmet şertlerine oňaýsyz täsir edýändigini hem aýdýarlar.
“Işgär ýetmezçiligi sebäpli demir ýollary edaralarynda wagon bejerýän az sanly ussalar galandygy zerarly, bu ussalaryň aglabasyny ýylda bir gezek zähmet rugsadyna hem ibermeýärler. Köp edarada işgärler günde, iş şertnamasynda göz öňünde tutulandan, 2-4 sagat artykmaç işlemeli bolýarlar” diýip, çeşmämiz belledi.
Ýene bir çeşmämiz işgär ýetmezçiligi zerarly dokma fabriklerinde pagta saraýjy we mata dokaýan enjamlaryň ençemesiniň işiniň duruzylandygyny aýtdy.
"Has köp iş, has köp jogapkärçilik..."
“Häzirki wagtda işini dowam etdirýän enjamlaryň her birinde-de bir işçi işlemegiň deregine, iki enjamy bir işçi dolandyrýar. Işçä iş şertnamasynda göz öňünde tutulandan has köp jogapkärçilik ýüklenýär. Bu öndürilýän önümiň hiline hem täsir edýär” diýip, ýagdaýlardan habarly çeşmämiz belledi.
Degişli maglumat
Türkmen raýatlarynyň Ýewropa ýurtlaryna bikanun aşmagy bilen bagly wakalar köpelýärAzatlygyň bu ýagdaýlar barada ýokarda ady agzalan pudaklaryň resmilerinden telefon arkaly teswir almak synanyşyklary oňyn netije bermedi.
Soňky birnäçe ýylyň dowamynda Türkmenistanda döwlet edara-kärhanalarynda işleýän işgärleriň, şol sanda mugallymlaryň, lukmanlaryň, harbylaryň aýlyklaryň azlygy we güzeran aýlamaga ýetmeýändigi sebäpli işini köpçülikleýin terk etmegi bilen bagly ýagdaýlar barada ýygy-ýygydan maglumatlar gelip gowuşýar.
Bu habarlaryň fonunda, häkimiýetler döwlet işgärleri bilen ýygnaklary geçirip, olaryň iş ýerlerini meýletin taşlamazlygy boýunça wagyz, töwella edýärler.
Mart aýynyň ahyrynda Ahal welaýatynda geçirilen ýygnaklaryň birinde häkimiýet wekilleri adamlara ýurtda “arassa asmanyň” bardygyny aýdyp, iş gözleginde daşary döwletlere gitmezlige, galyberse-de ýurduň özündäki ykdysady meseleler babatynda hem “sabyrly bolmaga” çagyryş etdiler.
Bu ýagdaýlar Türkmenistanda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň arasynda, ýurt raýatlarynyň gazanç gözleginde daşary döwletlere zähmet migrasiýasyna gitmek akymynyň ýaýbaňlanýan döwründe ýüze çykýar.
Türkmen häkimiýetleri we metbugat serişdeleri bu ýagdaýlar barada aç-açan habar berip, gürrüň gozgamaýarlar.
Degişli maglumat
Balkanda biometriki pasport üçin ýüz tutýanlara 2026-njy ýylyň maýyna nobat berilýärGadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.