Türkmenistanda raýatlaryň ýurduň daşyna çykmagy bilen bagly kynçylyklar ýene-de güýçlendi. Soňky hepdelerde ýaş raýatlaryň birnäçesi ýurtdan çykarylmandyr. Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçylary ýaşlaryň ýurduň daşyna goýberilmezliginiň ýygjamlaşan ýagdaýynyň sebäplerini anyklamaga synanyşdy.
Lebap welaýatynyň ýaşaýjylarynyň biri 30-njy awgustda Aşgabatdan Türkiýä uçmaga synanyşanda, howa menziliniň pasport gözegçiliginden geçirilmändir. Ýaş ýigit diňe şol ýerde özüniň ýurtdan çykmagy gadagan edilen adamlaryň sanawyna goşulandygyny bilip galandygyny aýdýar. Ol daşary ýurtda okap, Türkmenistana ýaňy-ýakynda barandygyny gürrüň berdi.
“Bu eden-etdilik. Ýokary okuw jaýym täze düzgünlere laýyklykda Türkmenistanyň banklary arkaly okuw tölegi geçirilýän ÝOJ-laryň sanawdan aýryldy. Şondan soň men okuwymy bes etmeli boldum. Türkiýede bikanun ýagdaýda galmazlyk üçin dessine Türkmenistana dolandym” diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli anonimlik şertinde gepleşen türkmenistanly gürrüň berdi.
Türkmenistanyň daşyna çykyp bilmedik bu lebaply ýaşaýjy we soňky günlerde şuňa meňzeş ýagdaýa düşendigini Azatlyk Radiosyna gürrüň beren ýene birnäçe türkmenistanly daşary ýurtlaryň okuw jaýlarynda bilim alan we dürli sebäplere görä okuwyny bes eden ýaşlar. Olar öz ýurduna gaýdyp gelipdir we indi ýurtdan çykmakda kynçylyk çekýärler.
Degişli maglumat
Türkmen ýaşlarynyň ýurtdan çykmak kynçylyklaryÝaşlaryň sözlerine görä, olaryň ýurtdan çykarylmazlygynyň sebäpleri barada häkimiýetlerden resmi düşündiriş bolmandyr.
'Gadaganlyk sanawy'
Emma Lebap welaýatynyň häkimiýetlerine ýakyn çeşme türkmen häkimiýetleri daşary ýurtlaryň ýokary okuw jaýlaryndan çykarylan ýa-da okuwyny öz islegi bilen bes eden öňki studentleri "bir ýyl möhlet bilen 'çykmak gadaganlygy' sanawyna goşup başladylar" diýip habar berdi. Anonimlik şertinde gepleşen çeşme munuň sebäplerini düşündirmedi we goşmaça maglumat bermekden saklandy.
Ýurtdan çykarylmadyk ýaşlaryň biri Türkiýede okuwyny dowam etdirmek üçin başga bir okuw jaýyna girmekçi bolýandygyny we ýurtdan çykyp bilmezliginiň öz planlaryna zyýan ýetirýändigini aýtdy. Ol Türkmenistanyň resmi taýdan ykrar edýän daşary ýurt ýokary okuw jaýlarynyň resmi sanawyna girýän Stambuldaky Medipol uniwersitetine resminama tabşyrmagy meýilleşdiripdir.
“Men bu ýyl sanawda bar bolan Medipol uniwersitetine okuwa girjekdigimi aýtdym. Daşary ýurtda hiç hili kanun bozmadyk ýagdaýymda, 30-njy awgustda täzeden Türkiýä uçmakçy bolanymda, howa menzilinde: ‘Saňa deport goýlupdyr, welaýatyňa dolan’ diýdiler. Meniň ýaly başga talyplaryň hem bardygyny şol ýerde bilip galdym” diýip, türkmenistanly gürrüň berdi.
Onuň sözlerine görä, ol howa menziliniň işgärleriniň “deport” diýip atlandyran çäresiniň raýatyň daşary ýurtdan mejbury çykarylmagy däl-de, raýatyň Türkmenistandan çykmak hukugynyň wagtlaýyn çäklendirilmegini aňladýandygyny anyklapdyr. Lebap welaýatynyň ýaşaýjysy welaýatyň Migrasiýa müdirligine resmi hat bilen ýüz tutup, bu karar barada özüne öňünden habar berilmändigini we gadagançylygyň hukuk esaslaryny görkezýän resminamanyň gowşurylmandygyny ýazypdyr.
'Sebäbini özüm anyklamaly boldum'
Ol henize çenli resmi jogap berilmändigini belledi we tanyşlaryň üsti bilen geçirilen resmi däl anyklamanyň netijesinde, bir ýyllyk gadagançylygyň bardygyny anyklapdyr.
“Indi bäş aý garaşmaly bolýaryn. Uçar petegini 12 müň manada satyn alypdyk, onuň puly hem köýdi” diýip, ýaş ýigit sözüniň üstüni ýetirdi.
Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan türkmenistanlylaryň ählisi özleriniň ýurtdan çykmagynyň gadaganlygy barada öňünden ýazmaça duýduryş berilmändir we olar gadagançylyk barada daşary ýurda gitmek üçin howa menziline baranlarynda bilip galypdyr.
Azatlyk Radiosy Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugyndan resmi düşündiriş alyp bilmedi, gullugyň websaýtynda hem şeýle gadagançylyklar barada maglumat çap edilmändir.
Türkmenistanyň Migrasiýa hakyndaky kanunynyň 30-njy maddasynda raýatyň ýurtdan çykmak hukugynyň wagtlaýyn çäklendirilip bilinjek ýagdaýlary görkezilýär. Emma daşary ýurt ýokary okuw jaýynda okuwy bes etmek ýa-da okuwdan çykarylmak bu çäklendirmäniň aýratyn sebäbi hökmünde açyk görkezilmeýär.
Degişli maglumat
Daşoguzda häkimiýetler ilat arasynda gürrüňdeşlik geçip, raýatlara iş üçin daşary ýurtlara gitmezligi ündeýärŞeýle ýagdaýda talyplara girizilýändigi aýdylýan bir ýyllyk gadagançylygyň haýsy kanuna esaslanýandygy, prezidentiň kararyna ýa-da döwlet edarasynyň içerki görkezmesine baglymy, bu näbelli bolup galýar.
Türkmenistanda raýatlaryň ýurtdan goýberilmeýän ýagdaýlary ýygy-ýygydan ýüze çykýar. Bu köplenç ýolagçylar üçin garaşylmadyk ýagdaý bolýar.
Öňki harbylar hem ýurtdan çykarylmaýar
Turkmen.news neşiri geçen aýyň dowamynda Türkmenistanyň Ýaragly güýçleriniň öňki agzalarynyň daşary ýurtlara syýahat etmegine päsgel berilmegi bilen bagly üç aýry ýagdaýyň bolandygyny barada habar berdi.
Garaşsyz neşiriň 4-nji sentýabrda çap eden maglumatyna görä, syýahat gadaganlygyna sezewar bolan öňki harbylar has gowy durmuş şertlerini gözläp, ýurtdan gitmekçi bolupdyr. Neşir "Migrasiýa baradaky” kanunyň 30-njy maddasynda Türkmenistanyň raýatynyň ýurtdan gitmek hukugyny wagtlaýyn çäklendirilip biljek aýratyn ýagdaýlara salgylanyp, öňki harby gullukçylaryň resmi taýdan harby gullukdan boşadylandygyny we olaryň döwlet syrlaryna ilteşiginiň bolmandygyny belleýär.
Mundan öň Azatlyk Radiosynyň habarçylary harbylaryň ýaragly güýçleriň düzüminden çykmagynyň kynlaşandygyny habar beripdi. Bu ýagdaý harbylaryň meýletin işinden çykyp, daşary ýurtlara gitmegi bilen bagly ýagdaýlaryň köpelmeginiň arasynda ýüze çykdy. Türkmenistanda dürli býujet edaralarynda işleýän raýatlaryň meýletin işden çykyp, daşary ýurtlara gazan üçin gitmek islegleri soňky iki ýyl bäri has hem güýçlendi.
Türkmenistan 1997-nji ýylda Raýat we syýasy hukuklar baradaky halkara pakta goşuldy. Paktyň 12-nji maddasy her bir adamyň, şol sanda öz ýurdundan çykmak hukugyny kepillendirýär. Bu hukugyň diňe kanunda göz öňünde tutulan hem-de milli howpsuzlygy, jemgyýetçilik tertibini, ilatyň saglygyny, ahlagy ýa-da beýleki adamlaryň hukuklaryny goramak üçin zerur bolan ýagdaýlarda çäklendirilip bilinjekdigi aýdylýar.
Degişli maglumat
Türkmen harbylary ýaragly güýçleriň düzüminden çykmakda kynçylyk çekýärlerGadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.