Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Daşoguzda häkimiýetler ilat arasynda gürrüňdeşlik geçip, raýatlara iş üçin daşary ýurtlara gitmezligi ündeýär


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Daşoguz welaýatynda häkimiýetler daşary ýurtlara işe barýan raýatlary anyklaýar, olaryň öýlerine aýlanyp, gürrüňdeşlik geçirýär, ýurtdan gitmezligi tabşyrýar.

Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçylary we çeşmeleri ýerli häkimiýetleriniň, şol sanda obalarda arçynlaryň we arçynlygyň işgärleriniň daşary ýurtlara işe barýan raýatlary anyklap, olaryň öýlerine aýlanýandygyny hem-de olaryň ýurtdan gitmezlikleri üçin düşündiriş işlerini geçirýändiklerini gürrüň berýär.

Howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli atsyz çykyş edýän ýerli habarçy 16-njy awgustda ýetiren maglumatynda Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje etrabynda ýerli häkimiýetleriň wekilleriniň daşary ýurtlara işe barýan raýatlary anyklap, soňky wagtlarda olaryň arasynda ýurtdan gitmezlik barada düşündiriş işlerini geçirip başlandyklaryny habar berdi.

Habarçynyň maglumatlaryna görä, ýerli ýaşaýjylar daşary ýurtlaryň hatarynda, hususan-da Russiýa, Türkiýe, Gazagystan, Özbegistan ýaly ýurtlara we arap döwletlerine iş gözleginde gitmäge ýykgyn edýärler.

Azatlygyň habarçysy häkimiýetleriň iş gözleginde ýurtdan gitmegi planlaşdyrýan raýatlara töwella edýändigini, olary ýolundan alyp galmaga synanyşyk edýändiklerini habar berdi.

Onuň maglumatlaryna görä, raýatlaryň arasynda düşündiriş işlerine gatnaşýan häkimiýet wekilleriniň arasynda arçynlar we arçynlyklaryň işgärleri bar.

“[Ýurtdan gitmegi planlaşdyrýandygy anyklanan] raýatlaryň hatarynda ýokary bilimliler hem köp” diýip, habarçy sözüne goşdy.

“Häkimiýetleriň töwellasy bilen ylalaşmadyk raýatlar gara sanawa goşulýar, ellerinden resminamalary alnyp ýurtdan çykarylmaýar” diýip, habarçy aýdýar.

Ýurtdan gelip gowuşýan maglumatlara görä, Türkmenistanda soňky iki ýyldan gowrak wagtyň dowamynda ýurt içinde ykdysady kynçylyklaryň ýitelmegi bilen gazanç gözleginde daşary ýurtlara çykýan raýatlaryň sany görnetin artdy.

Ýatlasak, 7-nji awgustda Türkmenistan barada garaşsyz habarlary çap edýän turkmen.news neşiriniň habarçylary Daşoguz welaýatynyň administratiw merkezinde ýerleşýän Döwlet migrasiýa gullugyndan raýatlaryň “biometriki pasport” almak prosesiniň indi 4 aýa çenli uzaldylýandygyny habar beripdi. Neşir pasporta ýüz tutýan adamlaryň sanynyň juda köpdügini nygtaýar.

Il arasynda “biometriki pasport” atlandyrylýan Türkmenistanyň raýatynyň Türkmenistandan gitmegine we Türkmenistana gelmegine degişli pasport raýatlaryň halkara syýahata çykmagyna mümkinçilik berýän ýeke-täk resminama bolup durýar.

Türkmenistanyň hökümeti hemişelik ýa-da uzak möhletli esasda daşary ýurtlara göçen raýatlaryň sany barada takyk maglumatlary mälim etmeýär.

Azatlyk Radiosynyň döwlet statistikalaryndan habarly ygtybarly çeşmeleri soňky 10 ýyla golaý wagtyň dowamynda 1.9 milliona golaý adamyň ýurdy terk edendigini maý aýynyň aýagynda habar berdiler.

Energiýa çeşmelerine baý Türkmenistan ýangyjyň bahasynyň global arzanlamagy, syýasy eradanyň ýurduň ykdysadyýetinde girizýän reformalaryny gijikdirmegi, “yzy üzülmeýän” gymmatbahaly gurluşuklar we beýleki sebäpleriň netijesinde, soňky iki ýyldan gowrak wagtyň dowamynda, synçylaryň aýtmagyna görä, garaşsyzlyk ýyllarynyň iň agyr ykdysady krizislerinden birini başdan geçirdi.

Türkmenistanyň hökümeti ýurduň ykdysadyýetiniň gowşandygyny tassyklamaýar. Döwlet eýeçiligindäki media we metbugat serişdeleri ýurtda bolelinligiň höküm sürýändigini gaýtalaýar.

Şol bir wagtyň özünde, Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçylary ýurduň bazarlarynda soňky iki ýyla golaý wagt bäri, azyk harytlaryň bahalarynyň görnetin ýokarlanandygyny, döwlet dükanlarynda un we beýleki käbir gündelik zerur iýmit önümleriniň erkin elýeterli däldigini habar berýärler.

Azatlyk Radiosy Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje etrabynda iş gözleginde daşary ýurtlara çykmagy planlaşdyrýan raýatlaryň anyklanmagy we olar bilen gürrüňdeşlik işleriniň geçilmegi barada etrap häkimliginden kommentariýa alyp bilmedi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG