Türkmenistanyň daşynda ýokary bilim alýan türkmen ýaşlaryna pul ugratmak üçin ony resmi düzgüne laýyklykda resmi kursdan çalyşmakda uly kynçylyk saklanyp galýar. Raýatlaryň dollaryň gara bazardaky bahasyndan esli pes bolan resmi kursdan aýda 250 dollar möçberinde pul ugratmak hukugy iş ýüzünde berjaý edilmeýär. Käbirler bu ujypsyz puly geçirmek üçin para bermäge mejbur bolýar. Bu barada çagalary daşary ýurtlarda okaýan türkmenistanly ene-atalaryň birnäçesi Azatlyk Radiosyna habar berdiler.
Balkanabadyň ýaşaýjylary daşary ýurtlaryň ýokary okuw jaýlarynda bilim alýan çagalaryna puly iki bank ýagny "Halk Bank" we "Türkmenbaşy" banky üsti bilen ugradýarlar. Azatlyk bilen 12-nji oktýabrda gürrüňdeş bolan ene-atalaryň sözlerine görä, käbirleriň hatda bir aý mundan öň ugradan puly hem henize çenli çagalaryna gowuşmandyr.
"Sentýabrda ugradylan pul 12-nji oktýabra çenli geçmändir" diýip, balkanabatly ene banka baranda muňa "paranyň mukdarynyň üýtgemeginiň" sebäp bolandygyny anyklapdyr. Ol özi ýaly ýene ençeme adamyň bardygyny aýtdy: "Puly geçmedik ene-atalar barlamak üçin baranlarynda täze para stawkasynyň mukdaryny bilip galypdyrlar".
Degişli maglumat
Türkmen studentleri pula, hökümet ýeňillikli çalyşyk kursunyň ýatyrylmagyna garaşýarTürkmenistanyň raýatlary daşary ýurtlardaky student çagalaryna döwlet kursundan ýagny bir amerikan dollaryna 3,5 manat berip, her aýda 250 amerikan dollaryny ugradyp bilýärler. Bu 875 türkmen manadyna barabar bolýar.
'Çagamyň iki aýlyk puluny para bermeli'
Emma balkanly çeşmeleriň sözlerine görä, şu wagt banklarda talap edilýän paranyň möçberi 2000 manada barabar.
"875 manada 250 dollary ugratmak üçin bank ýolbaşçysyna 2000 müň manat para bermeli bolýarys" diýip, balkanly ýaşaýjy aýtdy. Onuň bellemegine görä, paranyň bu möçberi resmi kursdan 700 dollara, ýagny çagasyna iki aýda ugratjak puluna barabar bolýar.
"Çagalara her aýda çörek puluny ugratmak üçin berilmeli para geçen ýyl 1 müň manatdy, indi iki müň manat boldy. Ogluňa 250 dollar ugratjak bolsaň bikanunçylyga baş goşmaly bolýarsyň" diýip, balkanly ýaşaýjy nägile bolýar.
Gara bazarda dollaryň bahasy resmi kursdan tas 5 esse ýokary bolup, 1 amerikan dollary 20 manat töwereginde. Emma dollaryň nagt çalşygy 10 ýyl bäri kanun taýdan gadagan. Diňe bank üsti nagt bolmadyk görnüşde pul çalşygyna berilýän rugsatdan ilatyň diňe çäkli bölegi peýdalanyp bilýär, olaryň arasyna käbir telekeçiler we ýurduň daşynda bilim alýan ýaşlaryň bir bölegi girýär.
Türkmen hökümeti bank üsti bilen resmi kursdan pul çalyşmak hukugyny diňe resmi sanawa girýän ýokary okuw jaýlarynda bilim alýanlara berýär we bu sanawda daşary ýurt ÝOJ-nyň sany ýyl-ýyldan azalýar.
Gazagystanda, Özbegistanda, Täjigistanda, Orsýetde, Belarusda, Türkiýede we ençeme ýurtda onlarça müň türkmen raýaty bilim alýar.
Gytaklaýyn 'yşaratlara' düşünmeli bolýar
Azatlyk Radiosy bilen anonimlik şertinde söhbetdeş bolan balkanly ýaşaýjylar çagalaryna ugradýan pulunyň gijikdirilmeginiň awgustdan bäri dowam edýändigini aýtdylar.
"Oglum Gazagystanyň bir döwlet uniwersitetinde okaýar ol awgust aýyndan bäri özüniň hasabyna pul geçmändigini aýdyp gelýär. Men oňa 'Türkmenbaşy' bank şahamçasynyň resmilerine geçen ýyldaky ýaly 1 müň manat para berip ugradandygymy aýdyp gelýärin" diýip, balkanly ýaşaýjy bank işgärleriniň özüne paranyň ýokarlanandygy barada açyk aýtmandygyny belledi. Ol özüne edilen gytaklaýyn "yşaratlara" hem wagtynda düşünmändigini gürrüň berdi.
"Bank resmileri hem pul ugratmaga 'limit ýok' eýle-beýle bahanalary agzap, maňa paranyň ýokarlanany hakda aýtmak üçin dürli yşarat berip gelen bolmaly. Emma men düşünmändirin" diýip, studentiň hossary aýdýar.
Ýene bir balkanly ýaşaýjy pul ugratmak üçin banka barsaň puly hiç wagt dessine ugradyp bolmaýandygyny aýtdy. Ol her gezek dürli päsgelçilikler bolýar, işgärler dürli sebäpleri agzap, puly geçirip bolmaýandygyny aýdýar diýdi:
"Bank resmileri iki günden ýa-da iki hepdeden gel, iki sagatlyk işim bar diýip, müşderileri ugradýarlar. Şeýdip, para almak üçin yşarat edýärler".
Degişli maglumat
Türkmenistanyň banklary daşary ýurda pul ibermegi kynlaşdyrýan täze talaplary girizýärAzatlyk Radiosy "Türkmenbaşy bank" we "Halk bank" şahamçalarynda raýatlaryň daşary ýurtlara pul geçirmegine degişli kynçylyklar barada bu banklardan resmi teswir alyp bilmedi. Redaksiýanyň eden telefon jaňlaryna jogap berilmedi. Türkmenbaşy bankyň websaýtynda pul geçirimlerine degişli maglumatda diňe "Ýildyrym" atly pul geçirimler hyzmaty agzalýar, emma ol ýurduň içinde hereket edýär.
Daşary ýurtlarda çagalaryny okadýan ene-atalar döwletiň pul geçirmek üçin oňlan daşary ýurtly okuw jaýlarynyň örän azdygyny we olarda bilim almak isleýänleriň jikme-jik barlagdan geçip, uly kynçylyk bilen okuwa gidýändigini aýdýarlar we pul geçirmekdäki kynçylyklaryň goşmaça agram salýandygyny belleýärler.
Sentýabryň aýagynda Mary welaýatynda banklaryň öňünde nobatlar emele gelip, raýatlaryň student çagalaryna pul ugratmakda kynçylyklara duçar bolýandygy habar beripdi. Azatlygyň habarçysy ýerli banklaryň "hökümet tarapyndan sentýabr aýy üçin bölünip berlen ýeňillikli pul geçirim çäginiň" dolandygyny aýdyp, okuw töleglerini geçirmekden ýüz öwürýändigini habar beripdi.
Türkmen häkimiýetleri, şol sanda bilim we bank wekilleri pul geçirmek bilen bagly bu "limit çägi" we döreýän beýleki bökdençlikler barada resmi düşündiriş bermän gelýärler. Döwlet mediasynda hem bu ýagdaý barada maglumat berilmeýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.