Daşoguz sebitine 'soňky elli ýylda görülmedik çekirtge çozdy'

Bezeg suraty

Ruhubelent, Garaşsyzlyk we Akdepe etraplaryna günorta-günbatar Türkmenistanda bu golaýda görlüp-eşidilmedik çekirtge hüjümi edilýär diýip, Daşoguz welaýatyndaky habarçymyz habar berýär. Sebitiň oba hojalyk taryhyny gowy bilýän hünärmeniň tassyklamagyna görä, bu hili çekirtge ‘ýörişi’ 'soňky elli ýylda bolmady'.

‘Ozal görülmedik çekirtgelere’ garşy göreşe býujet işgärleri hem çekilýär diýip, ýerli çeşme aýtdy.

Azatlygyň habarçylary mundan öň Ahal, Mary welaýatlaryndaky çekirtge hüjümi barada maglumat beripdiler. Emma, häkimiýetlere seslerini eşitdirip bilmeýändigini aýdýan we ekinlerini gorap bilmeýän daýhanlaryň aladalaryna garamazdan, türkmen häkimiýetleri bu habarlary ne tassyklaýar, ne-de ret edýär.


Sebit daýhanlaryna 'agyr ýyl garaşýar'

Galyberse, çekirtge habarlary prezident Serdar Berdimuhamedowyň Ahal welaýatyna iş saparyny edip, bugdaý oragynyň barşy bilen tanşan we, edil öňki ýyllardaky ýaly, orakly surata düşen wagtyna gabat geldi. Emma resmi metbugat ahally daýhanlaryň çekirtge aladalary barada hiç zat aýtmady.

Ýerli hünärmeniň sözlerine görä, Daşoguz welaýatynyň aglaba ilatynyň eklenji oba hojalygyna bagly bolup, bu ýylyň çekirtge ýörişi sebitiň senagatlaşmadyk etraplarynyň halky üçin ‘uly synag’ boljaga meňzeýär.

“Meniň pikirimçe, sebitiň oba hojalygynda zähmet çekýän adamlara, olaryň çagalaryna agyr ýyl garaşýar” diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran hünärmen aýtdy.

Azatlygyň habarçysy bilen aýry-aýrylykda gürleşen daýhanlaryň sözlerine görä, bu ýyl çozan çekirtgeler ‘adaty, öňki görlen çekirtgelere meňzemeýär’.

“Çekirtgeler islendik agaja, ýa-da gowaça, mekgejöwen ekilen meýdanlara aralaşsa, agaç şahalaryny, ösüp oturan ekinleri görer ýaly etmeýär. Ozallar çekirtgeler baglaryň ýapraklaryny iýip giderdiler. Indi agaçlaryň şahalarynyň gabygyna çenli iýip, hamala eşek, geçi ýaly dişi gaty haýwanlar germen ýaly edýärler” diýip, bir daýhan aýtdy.

Ol çekirtgeleriň gowaça, mekgejöwen baldaklaryny gemrip, geljekki hasyldan doly umyt üzer ýaly edýändiklerini hem sözüne goşdy.

Häkimiýetler 'mejbury zähmeti dowam etdirýär'

Ruhubelent, Garaşsyzlyk we Akdepe etraplaryndaky ýagdaýdan habarly hünärmen ýerli häkimiýetleriň ‘elini gowşuryp oturmaýandygyny, ýöne çekirtgeleriň başartmaýandygyny’ hem sözüne goşdy.

“Bu çekirtgeler adaty pestisidler, awular, ýagny Alfa, Tiametoksan ýaly öňden bar bolan himiki awular bilen ýok etdirjege meňzemeýär. Dürli pikap, ýeňil ulaglar, traktorlar, beýleki tehnikalar awy sepmäge köpçülikleýin çekildi” diýip, hünärmen agzalan etraplaryň býujet işgärleriniň hem gyrada galdyrylmandygyny belledi.

Türkmenistanda mejbury zähmet, şol sanda býujet edaralarynyň işgärleriniň oba hojalyk işlerine çekilmegi ýa-da möwsümleýin işler bilen baglylykda bikanun töleg tölemäge mejbur edilmegi adaty bir ýagdaý bolup, Halkara zähmet guramasy Aşgabatdaky hökümeti, 1-nji sentýabra çenli, bu praktikany bes etmek üçin görlen anyk çäreler, şeýle hem kanun çykaryjylyk ulgamynda we iş ýüzünde gazanylan anyk netijeler barada jikme-jik maglumat bermäge çagyrýar.

Degişli maglumat

Aşgabatda we Ahalda çekirtgeler çaltlyk bilen ýaýraýar, ekinleri gemrip “ýok edýär”


“Býujet işgärleri 16 litr agramly enjamlary arkasyna alyp, çekirtgelere garşy el bilen awy sepmek işine mejbury çekilýärler. Olaryň arasynda Ruhubelent etrabynyň mekdep mugallymlary, garawuldyr tämizçileri, hassahananyň sanitar işgärleri, jemagat hojalygy edaralarynyň, awtoparklaryň işçileri hem bar. Garaşsyzlyk we Akdepe etraplarynda hem çekirtge göreşi şuňa meňzeş tertipde alnyp barylýar” diýip, hünärmen aýtdy.

Azatlyk ýurduň oba hojalyk pudagynyň resmileri bilen gürleşip, çekirtge howpuna garşy görülýän çäreler, daýhanlaryň ekinlerini goramak üçin edilýän işler hakynda maglumat alyp bilmeýär.

Şu aralykda, maglumat üçin aýdylsa, “Watan habarlarynyň” 18-nji iýundaky sanynda Ahal welaýatyndaky miweli baglara edilýän ideg barada maglumat berildi we, Azatlyga gelip gowuşýan ‘bol çekirtgeli’ suratlardan tapawutlylykda, ýekeje çekirtge hem görkezilmeýär we ýurduň daýhanlaryny uly alada goýan mesele agzalmaýar.

Türkmenistanyň metbugat hakyndaky kanuny senzurany gadagan edýär, ýöne synçylar žurnalistleriň, işlerini ýitirmezlik üçin, ‘aladaly ýagdaýlar’ barada habar taýýarlamak pikirinden daşda durmaly bolýandyklaryny öňe sürýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.