Diňle: Ahalda býujet işgärleriniň aýlyklarynyň berilmegi ýene gijikdirilýär
Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar
Ahal welaýatynyň ençeme edara-kärhanasynda işgärleriň aýlyk zähmet haklary berilmän, indi iki hepdä golaý wagt bäri gijikdirilýär. Täze ýyl baýramynyň öňüsyrasyna gabat gelen bu gijikme, ozal hem aýdan-aýa zordan gün görýän köp hojalygyň güzeran eklenjini has-da agyr ýagdaýa salýar.