Elektrik kesilmesinden soň, ‘Mary GRES-de’ howpsuzlyk güýçlendirildi, işgärlere gözegçilik artdy

Türkmenistanda elektrik energiýasyny öndürýän desgalaryň biri (Arhiwden alnan illýustrasiýa suraty)

30-njy awgustda Türkmenistanyň tas ähli territoriýasynda elektrik üpjünçiliginiň kesilmeginiň yz ýanynda, Mary döwlet elektrik stansiýasynda (Mary GRES) howpsuzlyk çäreleri güýçlendirilip, işgärlere gözegçilik artdyryldy. Bu barada işgärleriň birnäçesi anonimlik şertinde Azatlyk Radiosyna maglumat berdi.

Işgärler we çeşmelerimiz elektrigiň giň gerimli kesilmegine agzalýan stansiýada ýüze çykan uly tehniki näsazlygyň sebäp bolandygyny aýdýarlar. Türkmen häkimiýetleri elektrigiň kesilmegini we muňa stansiýada dörän tehniki näsazlygyň sebäp bolandygyny ne tassyklaýarlar, ne-de inkär edýärler.

Bu aralykda, owgan metbugaty ýekşenbe güni agşam Türkmenistandan Owganystana elektrik energiýasynyň importynyň kesilendigini we muňa türkmen tarapynda dörän tehniki näsazlygyň sebäp bolandygyny habar berdi.

“Häzirki wagtda stansiýanyň içinde howpsuzlyk işgärleriniň sany artdyryldy. Şeýle-de, olar işgärleriň elindäki mobil telefonlaryny alyp barlaýarlar. Howpsuzlyk we häkimiýet daşary ýurda informasiýanyň, şol sanda suratlaryň we wideolaryň syzdyrylmagyndan howatyrlanyp, işgärleri kontrollykda saklajak bolýarlar” diýip, işgärleriň biri anonimlik şertinde aýtdy.

Degişli maglumat

Türkmenistan elektriksiz galdy

Söhbetdeşlerimiz bu çäreleriň stansiýanyň sekiz blogundan birinde dörän we tutuş ýurtda elektrigiň kesilmegine sebäp bolan uly tehniki näsazlygyň yz ýanynda geçirilýändigini hem aýtdylar.

Azatlyk tehniki näsazlygyň jikme-jikliklerini häzirlikçe anyklap bilmedi.

“Bir gün öň stansiýada awariýa boldy”

“Tutuş Türkmenistanda elektrik togy kesilmezden bir gün öň stansiýada awariýa boldy” diýip, söhbetdeşlerimiziň biri anonimlik şertinde aýtdy.

Bellesek, 30-njy awgustda ýerli wagt bilen takmynan agşam sagat 5:20-de Türkmenistanyň tas ähli territoriýasynda elektrik üpjünçiligi kesildi. Şonda stansiýanyň ýerleşýän ýeriniň golaýyndaky çeşmämiz elektrigiň kesilmegine Mary GRES-de ýüze çykan uly tehniki näsazlygyň sebäp bolandygyny aýdypdy.

Bu maglumatlary Marynyň elektrik edaralarynyň birindäki çeşmämiz hem tassyklady, ýöne bu barada aç-açan gürrüň edilmeýändigini, “her kimiň bu barada bir zat aýtmaga gorkýandygyny” belledi.

“Kän maglumat ýok. Sebäbi bu mesele ýokardan gizlenýär” diýip, çeşmämiz belledi.

Häkimiýetler bu maglumatlary häzire çenli resmi taýdan tassyklamadylar, ýöne inkär hem etmediler. Bu barada döwlet metbugaty hem hiç hili gürrüň gozgamaýar.

Azatlyk bu barada teswir almak üçin agzalýan stansiýa, şeýle-de degişli türkmen häkimiýetleri, şol sanda Aşgabat, Mary, Türkmenabat şäherleriniň häkimlikleri we elektrik edaralary bilen telefon arkaly habarlaşmaga synanyşdy. Ýöne redaksiýamyzyň 1-nji sentýabrda bu edaralaryň web sahypalarynda görkezilen telefon belgilerine eden jaňlaryna hiç kim jogap bermedi.

Köçelerdäki polisiýa işgärleriniň sany artdy

Türkmenistanda elektrik üpjünçiligi 30-njy awgustda gije sagat 10 töwereginde, takmynan 5 sagat soň, tapgyrlaýyn esasda dikeldilip başlandy. Ýurduň käbir sebitlerine gijäň ýaryndan soň elektrik togy berildi.

Azatlyk bilen anonimlik şertinde söhbetdeş bolan aşgabatly bilermeniň aýtmagyna görä, Tükmenistanda elektrik üpjünçiliginiň şeýle giň gerimli kesilmegi bilen bagly ýagdaý ilkinji gezek bolýar.

Ýurduň dürli sebitlerinden maglumat beren habarçylarymyz elektrigiň giň gerimli kesilmeginiň ilata ýetiren täsirleri barada maglumat berdiler.

“Howanyň temperaturasy gündizlerine 40 gradusa golaýlaýan şu günlerde adamlar öýlerinde oturyp, gyzgyn howada dem alyp bilmän, daşary çykdylar. Terminallar arkaly nagt pul çekmek, dükanlardan, dermanhanalardan plastik kart arkaly söwda etmek asla mümkin bolmady" diýip, maryly ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.

Ýurtda internet, mobil we öý telefonlary hem kadaly işlemedi. Mundan başga-da, şol güni köçelerdäki polisiýa işgärleriniň sany hem göz-görtele artdy.

Ogurlyk hadysalary we howsala

Lebap welaýatyndaky habarçymyz bolsa, elektrik üpjünçiliginiň köpçülikleýin kesilmegi sebitde ogurlyk hadysalarynyň bolmagyna we howsala sebäp bolandygyny aýdýar.

Türkmenabat şäherindäki “Gök” we “daýhan” bazarlarynyň birnäçe söwdagäri, elektrigiň kesilmegi netijesinde dörän garaňkylykdan peýdalanylyp, dükanlaryň talanandygyny gürrüň berdi.

“Magazinlerimiziň aýnalaryny döwüp, içindäki egin-eşikleri ogurladylar” diýip, söwdagärleriň biri anonimlik şertinde aýtdy.

Başga bir söwdagär bolsa, “dükanyndaky birnäçe täze telewizoryň we kondisioneriň ogurlanandygyny” gürrüň berdi.

Türkmenabatda, şeýle-de welaýatyň Çärjew, Farap we Saýat etraplarynda elektrik energiýasynyň üpjünçiligi şol güni agşam sagat 10 töwereginde dikeldildi. Köýtendag etrabynda bolsa, elektrik üpjünçiligi diňe 31-nji awgustda irden sagat 7:00 töwereginde dikeldildi.

Etraplardaky çeşmeler doly garaňkylygyň dowam eden mahalynda birnäçe ownuk ogurlygyň hem bolandygyny habar berýärler.

“Käbir ýaşaýjylaryň howlularyndan towuk, gaz we beýleki öý guşlary ogurlandy” diýip, saýatly bir ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.

"Adamlaryň özaralarynda näme gürleşýändigine..."

Türkmenabat şäher polisiýasyndaky bir çeşmäniň aýtmagyna görä, elektrik kesilen mahaly, şäheriň Bitarap Türkmenistan köçesine polisiýa işgärleri, harby gullukçylar we esgerler çykaryldy.

Şäher ýaşaýjylarynyň birnäçesi güýç gurluşlarynyň ilatyň we emläkleriň howpsuzlygyny üpjün etmekden has köp häkimiýeti goramaga, köçä çykan adamlaryň özaralarynda näme gürleşýändigine üns berendigini aýtdy.

Degişli maglumat

Narmanly ýaşaýjylar bäş ýyl bäri toksuz oňuşmaly bolýar

Elektrigiň kesilen döwründe Lebapda hem, internet, öý we mobil telefonlary işlemedi. Çeşmeleriň aýtmagyna görä, diňe öýünde generator we “Starlink” hemra internet ulgamy bolan käbir adamlar daşary ýurtlar bilen habarlaşyp bildiler.

“Häkimlikleriň, tiz kömek gullugynyň, polisiýanyň we Milli howpsuzlyk ministrliginiň telefon belgilerine jaň etmek mümkin bolmady. Bu ýagdaý adatdan daşary ýagdaý ýüze çykan mahalynda ýaşaýjylaryň degişli gulluklardan kömek soramak mümkinçiligini çäklendirdi” diýip, türkmenabatly ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.

Azatlyk bu ýagdaýlar barada sebitiň degişli häkimiýetlerinden, şol sanda Polisiýa müdirliginden telefon arkaly teswir alyp bilmedi.

Türkmen togundan peýdalanýan Owganystanda hem elektrik kesildi

Türkmen häkimiýetleri elektrigiň tas tutuş ýurtda kesilmegi, onuň sebäpleri we ýetiren täsirleri barada dymyşlygyny saklaýan mahaly, owgan metbugaty 30-njy awgustda giçlik Türkmenistandan Owganystana elektrik energiýasynyň importynyň kesilendigini we muňa türkmen tarapynda dörän tehniki näsazlygyň sebäp bolandygyny habar berdi.

Owgan hökümetine degişli “Da Afghanistan Breshna” elektrik üpjünçilik kompaniýasynyň 31-nji awgustda günortan ýaýradan beýanatyna görä, Türkmenistandan import edilýän elektrik energiýasyndan peýdalanýan Badgis we Andhoý şäherlerinde elektrigiň gaýtadan dikeldilendigini belledi.

Şol bir wagtda, onda türkmen togundan peýdalanýan beýleki owgan welaýatlarynyň elektrik geçirijilerini gaýtadan birikdirmek üçin tagallalaryň edilýändigi hem nygtaldy.

Beýanatda Türkmenistandan import edilýän elektrik energiýasynyň Herat, Balh, Farýab, Jawzjan, Sar-e-Pul we Badgis welaýatlaryny, şeýle hem Baglan we Samangan welaýatlarynyň käbir böleklerini elektrik togy bilen üpjün edýändigi hem aýdylýar.

Türkmenistanda ilat elektrik üpjünçiligindäki bökdençlikler bilen ýygy-ýygydan ýüzbe-ýüz bolýan mahaly, türkmen hökümeti Özbegistana, Eýrana, Owganystana we Gyrgyzystana elektrik energiýasyny eksport edýär.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.