Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Elektrik eksportyny artdyrýan ýurduň ilaty toksuz galyp, hökümetden 'nägile bolýar'

Balkan görnüşi. Arhiw suraty
Balkan görnüşi. Arhiw suraty

Gyşyň sowugy, tomsuň yssysy bir bahana, häkimiýetler elektrik energiýasyny mümkin boldugyça köp tygşytlap, onuň daşary ýurtlara edilýän eksportyny ýyl-ýyldan artdyrmaga çalyşýarlar diýip, ýerli çeşmeler habar habar berýär. Balkan obalarynyň ýaşaýjylary 'bu prezidentiň halk bilen işi ýok' diýýär.

Resmi habara görä, häzir wagtda Ahal – Balkan – Daşoguz we Ahal – Mary ugurlary boýunça ýokary woltly elektrik geçiriji ulgamlarynyň hem-de kiçi beketleriň gurluşyklarynyň taslamasy amala aşyrylýar, u taslamanyň ilkinji tapgyry, Ahal-Balkan ugry 2021-nji ýylda ulanmaga berildi.

Azatlygyň habarçylary ýurtdaky elektrik, gaz we ulag ýangyçlary bilen bagly meseleler, halk köpçüliginiň ýüzbe-ýüz bolýan kösençlikleri barada yzygiderli habar berýärler, ýöne resmi düşündiriş alyp bilmeýärler.

Obalarda toguň 'hepdeläp berilmýän wagtlary bolýar'

Ýurduň günbatar sebitinden gelen maglumata görä, Balkanyň welaýat merkezinde elektrik üpjünçiliginiň kesilmegi adaty ýagdaýa öwrüldi, etraplarda bolsa, hepdeläp elektrik togunyň berilmeýän halatlary hem bolýar.

Etraplardaky hojalyklarda indi adamlar toguň döwlet üpjünçiligine kän bil baglaman, meseläni özbaşdak ýagdaýda, öz mümkinçiliklerine görä çözmäge çalyşýarlar, “garyp hojalyklaryň başga çäresi ýok” diýip, Azatlygyň bir söhbetdeşi aýtdy.

Gyzylgaýanyň Goýmat, Awlamyş, Gökdere obalarynda we etrap merkezinde, Bereket etrabynyň Ýasga, Kiçijikýazy, Düwünçi, Arkaç, Çitil, Uzynsuw, Isgender obalarynda we beýleki etraplarda adamlar elektrik toguny öndürmek üçin Gün panellerini satyn alýarlar.

“Elektrik toguny özümiz öndürmesek, bu mesele indi döwlet tarapyndan çözüljege meňzemeýär” diýip, anonimlik şertinde gürleşen ýaşaýjy aýtdy.

Onuň resmi taýdan tassykladyp ýa inkär etdirip bolmaýan sözlerine görä, türkmen hökümeti soňky ýyllarda etrap, oba ýerlerine berilýän elektrik togunyň mukdaryny dowamly azaldýar.

“Döwlet soňky 3 ýyldyr etrap we obalara elektrik toguny bermegini 70% kemeltdi, sutka dowamynda 1 sagat tok berilmeýän günleri hem az däl. Iň soňy, geçen ýyldan başlap, adamlar Gün panellerini satyn alyp başladylar” diýip, söhbetdeşimiz kösenen adamlaryň garaşsyz, özbaşdak mini elektrik stansiýalaryny satyn almaga mejbur bolýandyklaryny belledi.

'Şikaýatdan peýda ýok, Gün panellerinden bar'

Aýry-aýrylykda gürleşilen ýaşaýjylaryň biri häkimiýetlere arz, şikaýat edip, elektrik edarasynyň gapysynda “ýatyp galyp-da görendigini” aýtdy.

“Olarda hem zat ýok. Soň 3 kilowatt tok berýän Gün panellerini 7 müň manatda, kuwwaty ulurak Gün panellerini bolsa10 we 20 müň manatdan satyn alyp, öýümize gurnatdyk. Gündizlerine ir sagat 5-den agşam 9-a çenli üznüksiz, mugt tokdan peýdalanýarys. Gurply hojalyklar bolsa, gijelerine hem elektrik kesilmez ýaly, ýörite goşmaça batareýa hem satyn aldylar” diýip, ýaşaýjy aýtdy.

Türkmenistanda tomus aýlary toksuz oňmak mümkin däl, gündizlerine howa aşa gyzsa, holodilnikde saklanylýan naharlar, et, gök önümler zaýalanýar, döwletiň halkyň durmuş, ýaşaýyş şertleri bilen işi ýok diýip, biri-birinden habarsyz söhbetdeşlerimiz şol bir kynçylyklardan söz açdylar.

“Häkime çenli arz etdik, ‘elimden gelýän zat ýok’ diýip, bu meselede hiç bir iş edip bilmeýändigini açyk boýun aldy. ‘Energetika pudagy aýratyn, bize degişli däl’ diýdi. Ahyry adamlar işikde saklaýan mallaryny satyp, Gün panellerine geçip başladylar” diýip, 60 ýaşlaryndaky etrap ýaşaýjysy aýtdy.

Onuň sözlerine görä, il arasynda ‘döwlet gelýän 5 ýyl içinde etrap, oba ýerleriniň elektrik üpjünçiligini togtatsa-da geň görmeli däl’ diýen gürrüňler edilýär.

“Döwletiň obalardaky transformatorlary abatlamak islegi ýok. Obalara bereninden, özünde önýän elektrigi Owganystana, Gyrgyzystana we Özbegistana gymmat bahadan, gyzyl pula satyp, metjitdir şäher guranyny gowy görýär” diýip, söhbetdeşimiz bu ýagdaýyň käbir maşgalalar üçin “örän uly kynçylyk döredýändigini” öňe sürdi.

Malsyz maşgalalar näme etmeli?


“Gapysynda maly ýok, daşary ýurtlarda işleýän ýakyny ýok maşgalalar, 5 müň manatlyk Gün panellerini almak beýle-de dursun, bir döwüm çöregi gaýgy, howanyň 50 gradusa çenli gyzýan günleri öýden çykman mydar etjek bolýarlar.”

Ýöne bu ýagdaý, döwletiň ýerli halka berilýän elektrik toguny gysyp, daşary ýurtlara eksport etmegi telekeçiler üçin bähbit boldy diýip, habarçymyz bilen anonimlik şertinde gürleşen oba adamsy aýtdy.

“Mundan 4 ýyl çemesi öň Gün panelleri Türkmenistanda tas ýokdy. Serdar [Berdimuhamedow] prezident bolansoň, kabinetinden setanda-seýranda çykyp, halky bilen işi ýok. Kondisionerli kabinetinde çaý içip ýatandygy belli zat. Öňki iki prezident obalara aýlanardy, halkyny görmek üçin ýylyna bir sapar kabinetinden çykardy. Bu bolsa iş başarmaýan bolup çykdy. Gyşda gazdan, tomus elektrik togundan kösenýäris. 1 sagat tok kesilse, Nyýazow häkimleri wezipesinden boşadardy, bu bolsa, halk bilen işi ýok” diýip, söhbetdeşimiz öz pikiri paýlaşdy.

Azatlyk häkimiýetler bilen göni habarlaşyp, daşary ýurtlara eksport edilýän elektrik togunyň ýerli ilata goýberilýän elektrik togunyň hasabyna azaldylandygy barada aýdylýana resmi düşündiriş alyp bilmeýär.

Türkmenistan ýylda daşary ýurtlara milliardlarça dollara durýan energiýa serişdelerini satýar we bu söwdadan gelýän girdeji, olaryň sarp edilişi baradaky maglumatlary ýaşyryn saklaýar.

Daşary ýurtlara satylýan energiýa köpelýär, ýöne...

Halkara energetika agentliginiň (IEA) 2023-nji ýyldaky hasabatyna görä, Türkmenistanyň 2022-nji ýyldaky elektrik energiýa eksporty 2021-nji ýyl bilen deňeşdirende 30 göterim ýokarlanypdyr. Ýöne habarda eksportyň ýokarlanmagy ýurduň Mary welaýatyndaky elektrik önümçiligiň artdyrylmagy bilen baglanyşdyrýar.

Türkmenistan 2021-nji ýylyň awgust aýynda Gyrgyzystana hem elektrik satyp başlady we, 2022-nji ýylyň birinji ýarymynda onuň üpjünçiligini 1,7 terawat sagada çenli artdyrdy, Türkmenistan bilen Özbegistan 2022-nji ýylyň oktýabr aýynda elektrik energiýa üpjünçiligini ýylda 4 terawat sagada çenli artdyrmak ylalaşygyna geldi diýip, resmi habarda bellenýär.

Döwlet eýeçiligindäki metbugatyň maglumatlaryna görä, 2022-nji ýylyň aýagynda berlen habara laýyklykda, 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde, türkmen elektrik togunyň Gyrgyzystana eksport edilişi 6,6 esse artdy.

Türkmen kanunçylygy metbugatda senzurany gadagan edýär, emma ýurduň elektrik eksporty barada çap edilýän habarlar kanunyň ýerine ýetirilmeýändigini yşarat edýär. Şu ýylyň fewralynda çap edilen habara görä, “elektrik energiýasynyň eksporty boýunça alnyp barylýan bilelikdäki taslamalar Owganystanyň energetika üpjünçiligini gowulandyrmaga, Türkmenistanyň bolsa energetika eksport mümkinçiliklerini giňeltmäge mümkinçilik berýär”. Emma habarda san görkezijileri getirilmeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG