Türkmenistanda 1-nji sentýabrda täze 2026-2027-nji okuw ýylynyň başlanmagy bilen, orta mekdepler tarapyndan okuwçylara paýlanyp berlen okuw kitaplarynyň ýagdaýy, durky köp ene-atada we okuwçyda nägilelik döretdi.
Ahal we Mary welaýatlaryndaky orta mekdepleriň ençemesinde ene-atalar çagalaryna berilýän kitaplaryň aşa könedigini aýdyp, olary almakdan ýüz öwürdiler. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 2-nji sentýabrda sebitden maglumat berdi.
“Ahalyň Tejen etrabyndaky orta mekdeplerde okuwçylaryň köpüsine ýüzüne we sahypalaryna dürli zatlar çyzylan, sahypalary ýyrtylan kitaplar paýlandy. Kitaplaryň käbirleri şeýle bir köne welin, olar zordan bitinligini saklap dur” diýip, tejenli ene-atalaryň biri anonimlik şertinde aýtdy.
Degişli maglumat
Mekdeplerde okuw kitaplary ýygnalýar, mugallymlar prezidentiň suratynyň 'abatlygyny' barlaýarHowpsuzlyk aladalary sebäpli anonimlik şertinde maglumat beren ene-atalaryň ençemesi döwlet tarapyndan okuwçylara paýlanýan bu kitaplary kabul etmekden ýüz öwrendiklerini aýtdy.
Olar munuň sebäbini “özlerine töhmet atylyp, okuw ýylynyň ahyrynda köne kitaplaryň öwezini dolmagyň talap edilýändigi” bilen düşündirdiler.
"Bular ýene şol oýunlaryny etmekçi bolýarlar"
“Çagalarymyza her ýyl ýyrtyk ýa-da sahypalary ýerinde ýok kitaplar berilýär. Biz boldugyndan bejerýäris, emma soň kitaplary yzyna tabşyrylmaly wagty, ýagny orta mekdepde okuw ýyly tamamlananda, hamala, kitap berlende täze, soň biziň çagalarymyz olary ýyrtypdyr diýip, töhmet atýarlar we bizden kitabyň öwezini dolmagy talap edýärler” diýip, tejenli ene-atalaryň ýene bir aýtdy.
Söhbetdeşlerimiz şu ýylyň 25- nji maýynda mekdeplerde okuw ýyly tamamlananda, özleriniň her bir köne, ýyrtylan kitap üçin 100 manat tölemäge mejbur edilendiklerini hem bellediler.
“Indi bular ýene şol oýunlaryny etmekçi bolýarlar. Bize ýyrtyk, köne zadyň geregi ýok. Bize täze kitap ýa-da ýyrtylmadyk, sahypalary çyzylmadyk kitap bersinler, bolmasa-da, asla geregi ýok” diýip, tejenli ene-atalaryň ýene bir anonimlik şertinde aýtdy.
Ahalyň we Marynyň käbir mekdeplerindäki ene-atalaryň ençemesi bolsa, üýşüp, mekdep müdiriniň ýanyna barandyklaryny we paýlanýan okuw kitaplaryny görkezip, ýagdaýy düşündirmäge we çözgüt tapmaga synanyşandyklaryny aýtdy.
"Kitap maňa gerek däl, çagalaryňyza gerek"
“Mekdep müdiri ‘bizde başga kitap ýok’ diýdi, emma gowy ýyrtylman, abat saklanan käbir kitaplaryň eýýäm 25-nji awgustda mugallymlaryň ýa-da bilim işgärleriniň ýakyn hossarlaryna, tanyşlaryna paýlanandygyny bilýäris diýsek, ol ‘wah, siz bilseňizem biz bilemizok’ diýdi we ‘kitap maňa gerek däl, çagalaryňyza gerek’ diýdi-de, bizi otagyndan çykarmak bilen boldy” diýip, maryly ene-atalaryň biri anonimlik şertinde aýtdy.
Onuň sözlerine görä, şondan soňra kitaplary kabul etmedik ene-atalaryň köpüsi mekdep müdirine we mugallymlaryna “kadaly kitap berýänçäňiz, çagalaryňyz sapaklara ýetişenok diýip, ýaramaz bahalary goýmaň” diýip, öýlerine gitdiler.
“Bu meseläniň täsirleri öňümizdäki hepdelerde aýlarda duýlup başlanar. Häzir käbir ene-atalar öz hasabyna kitap satyn alsa, käbirleri kitapsyz oňuşjakdygyny aýdýar, ýöne munuň nähili boljagy, çagalaryň bilimine nähili täsir etjegi soňy bilen belli bolar” diýip, maryly ene-atalaryň biri anonimlik şertinde aýtdy.
Degişli maglumat
Lebabyň mekdeplerinde tapdyrmaýan kitaplar bazarlarda aç-açan satylýarAzatlykda okuw kitaplarynyň ýagdaýy bilen bagly bu meseleler Ahalyň we Marynyň takyk haýsy mekdeplerinde ýüze çykandygy barada maglumatlar bolsa-da, redaksiýa söhbetdeşlerimiziň howpsuzlyk aladalary sebäpli olary köpçülige ýetirmekden saklanýar.
Azatlyk bu ýagdaýlar barada agzalýan sebitleriň degişli häkimiýetleri, şol sanda Bilim müdirlikleri bilen habarlaşyp, teswir almaga synanyşdy. Ýöne redaksiýamyzyň 2-nji awgustda Bilim ministrliginiň web sahypasynda görkezilen telefon belgilerine eden jaňlaryna hiç kim jogap bermedi.
Täze kitaplar çap edilýär, emma...
Türkmen häkimiýetleri orta mekdepler üçin okuw kitaplarynyň we gollanmalarynyň işlenilip taýýarlanylýandygyny we neşir edilýändigini wagtal-wagtal habar berýär.
Şu ýylyň aprel aýynyň ahyrynda “Altyn Asyr Türkmenistan” neşiri ýurduň orta mekdepleriniň okuwçylary üçin täze okuw kitaplarynyň üçüsiniň çap edilendigini habar berdi. Olar 12-nji synp okuwçylary üçin “Edebiýat”, 5-nji synp okuwçylar üçin “Hozýastwenno-bytowoý trud” diýen rus dilinde okadylýan we 5-nji synp okuwçylar üçin “Fransuz dili (ikinji daşary ýurt dili)” diýen fransuz dilinde okadylýan kitaplardyr.
Şeýle-de, türkmen metbugaty geçen tomus paslynyň dowamynda hem, ýurduň ýokary okuw jaýlary üçin niýetlenen okuw kitaplarynyň birnäçesiniň çapdan çykandygyny habar berdi.
Muňa garamazdan, soňky ýyllarda ýurduň mekdeplerinde okuw kitaplarynyň ýetmezçiliginiň saklanyp galýandygy, bar bolan kitaplaryň juda könedigi barada habarçylarymyz ýylyň-ýylyna maglumat berýärler.
Geçen ýyllarda bilim resmileri kitaplaryň ýetmezçiliginiň ýitileşmegi bilen, okuwçylara sanly kitaphanalardan peýdalanmagy hem maslahat beripdiler. Ýöne habarçylarymyz Internetiň pes tizliginiň bilim mümkinçiliklerini çäklendirýändigini aýtdylar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.