Türkmenistanyň gür ilatly Mary we Lebap welaýatlarynda 2026–2027-nji okuw ýylynda birinji synpa kabul ediljek çagalaryň sany 2020-nji ýyl bilen deňeşdirilende, degişlilikde 29 we 32,3 göterim azaldy diýip, bilim pudagyndaky çeşmeler Azatlyk Radiosyna aýdýarlar.
Çeşmeleriň maglumatlaryna görä, käbir çetki obalarda we durmuş-ykdysady infrastrukturasy ýaramaz etraplarda çagalaryň sanynyň azalmagy 50–60 göterime ýetýär. Olar munuň synplaryň birleşdirilmegine, mugallymlaryň iş stawkalarynyň we gazanç mümkinçilikleriniň kemelmegine getirýändigini aýdýarlar.
Birinji synpa kabul edilýänleriň sany kemeldi
Mary welaýatynda 2020-nji ýylda birinji synpa 38 müň 100-den gowrak çaga kabul edilen bolsa, bu ýyl olaryň sany 27 müňe barabar boldy. Şeýlelikde, alty ýylda birinji synpa kabul edilýän çagalaryň sany 11 müňden gowrak ýa-da 29 göterim azaldy.
Lebap welaýatynda 2020-nji ýylda 31 müňden gowrak çaga birinji synpa kabul edilipdi. Bu ýyl bolsa olaryň sany 20 müň 987 çaga deň boldy. Bu alty ýylda 10 müňden gowrak ýa-da 32,3 göterim pese gaçyşy aňladýar.
Bu maglumatlar Azatlygyň soňky birnäçe ýylda yzarlaýan tendensiýasynyň dowam edýändigini görkezýär. 2023-nji ýylda Azatlygyň habarçylary Balkan we Mary welaýatlarynyň ençeme mekdebinde birinji synpa baran çagalaryň sanynyň öňki ýyl bilen deňeşdirilende 40–50 göterim azalandygyny habar beripdi. Şonda-da bilim resmileriniň synplary birleşdirmegi maslahat berýändigi, mugallymlaryň bolsa iş sagatlarynyň azalmagyndan howatyrlanýandygy aýdylýardy.
Pese gaçyş diňe bir mekdebe täze gadam basýan çagalaryň arasynda görünmeýär. Azatlyk 2022-nji ýylda resmi maglumatlara salgylanyp, orta mekdepleri tamamlaýan uçurymlaryň sanynyň 2009-njy ýyldaky 115 müňden 2021-nji ýylda 82 müňe düşendigini habar beripdi. Şeýlelikde, uçurymlaryň sany 12 ýylda 33 müň ýa-da 30 göterim azaldy.
Mugallymlaryň gazanç mümkinçilikleri peselýär
«Resmi sanlarda Maryda 29 göterim, Lebapda 32,3 göterim kemeldi diýilse-de, iş ýüzünde çagalaryň sany çetki obalarda, ykdysady, ulag-aragatnaşyk we sosial infrastrukturasy has ýaramaz etraplarda 50–60 göterime çenli azaldy. Hut şol sebäpli hem köp mugallymyň aýlyk iş stawkasy 1-den 0,75-e, köp obalarda we etraplarda, hatda şäherlerde hem 0,5-e çenli gysgaldy» diýip, bilim pudagyndaky ygtybarly çeşme aýtdy.
Çeşmeleriň sözlerine görä, iş stawkasynyň gysgalmagy mugallymlaryň sapak sagatlarynyň we aýlyk girdejileriniň hem kemelmegini aňladýar.
Şeýle-de, bilim ulgamynyň işgärleriniň arasynda öňde duran Halk Maslahatyndan soň zähmet haklary we maliýe meseleleri boýunça kabul edilmegi mümkin kararlar bilen bagly aladalaryň artandygy habar berilýär.
«Täze okuw ýylynda mugallymlar üçin Halk Maslahatyndan soň zähmet haklary we maliýe meseleleri boýunça agyr çözgütleriň kabul edilmek ähtimallygy baradaky gürrüňler uly dowul döredýär» diýip, çeşme aýtdy.
Onuň sözlerine görä, mugallymlar häkimiýetleriň bazar ykdysadyýetine geçmek bahanasy bilen umumybilim berýän orta mekdepleriň işiniň belli bir bölegini tölegli esasa geçirmeginden ýa-da okuwçy sany az bolan mekdepleri etrap merkezlerindäki mekdeplere birikdirip, pedagoglaryň iş sagatlaryny we aýlyklaryny kemeltmeginden howatyrlanýarlar.
«Awgust aýynda geçirilen etrap we şäher maslahatlarynda mugallymlar özara we ikiçäk gürrüňlerde Halk Maslahatyndan soň bilim pudagynda geçirilmegi mümkin uly gysgaltmalar we maliýe kemeltmeleri barada pikir alyşdylar» diýip, çeşme aýtdy.
Azatlyk howpsuzlyk aladalary sebäpli çeşmeleriň agzan etraplarynyň atlaryny çap etmeýär.
Bikanun basyşlar has-da artdyrylarmy?
Azatlygyň habarçysy şu günler täze okuw ýylyna görülýän taýýarlyklaryň dowamynda orta mekdeplerde ata-enelerden mekdep lybasy, sport lybasy, kanselýariýa harytlary we arassaçylyk serişdeleri üçin pul ýygnamagyň dowam edýändigini habar berýär.
Şu aralykda, çeşmeler 2026–2027-nji okuw ýylyndan başlap mekdep okuwçylaryna we olaryň ene-atalaryna edilýän syýasy hem-de administratiw basyşlaryň has-da güýçlenmegine garaşylýandygyny aýdýarlar.
«Ýetip gelýän täze okuw ýylyndan başlap mekdeplerde syýasy we administratiw basyş has-da güýçlendirilýär. Bir tarapdan, täze kanuny jogapkärçilik maksady bilen ene-atalara jerime salnar. Başga bir tarapdan, ýokary synp okuwçylarynyň soňky ýyllarda artyp başlan jemgyýetçilik we hukuk düşünjeleriniň syýasy işjeňlige geçmeginiň öňüni almak çäreleri görler» diýip, ahally mekdep mugallymy aýtdy.
Maryly magaryf işgäri hem bu aladalary paýlaşdy. Onuň pikiriçe, bir tarapdan garyplyk, zähmet migrasiýasy sebäpli maşgala aýraçylygy, sosial deňsizlik, jenaýatlar hem-de ahlak we hukuk bozulmalary artýar. Beýleki bir tarapdan bolsa, maglumat ýapyklygyny böwsüp geçmek islegi, hak-hukuk talaplary, ykdysady we syýasy pikir alyşmalar köpelýär.
«Häkimiýetler bu tendensiýalary haýbat atmak, gorkuzmak we diktator düzgüni bilen basyp ýatyrmaga synanyşýar. Emma bu basyş indi ozalky ýyllardaky ýaly dolulygyna jogapsyz galjaga meňzemeýär» diýip, maryly magaryf işgäri aýtdy.
Okuwçylaryň azalmagy nämäni görkezýär?
Azatlygyň habarçysy bilen aýry-aýrylykda gürleşen intelligensiýa wekilleriniň pikirine görä, okuwçy sanynyň azalmagy, mugallymlaryň iş stawkalarynyň gysgalmagy we mekdepleri birleşdirmek baradaky aladalar ýurduň bilim pudagynda ýüze çykýan kynçylyklaryň has giň alamatlarydyr.
«Bilimsiz milletiň, döwletiň geljegi ýok. Şol sebäpli hem bilim ulgamyny ünsden düşürip, akademiki erkinlige derek berk döwlet gözegçiligini, pagta we çäre gulçulygyny ösdürip gelýän režimiň özi hem indi ykdysady krizisiň ýetmeli ýerine ýetene meňzeýär» diýip, magaryf meselelerini ýakyndan öwrenýän hünärmen aýtdy.
Onuň sözlerine görä, hökümet mugallymlara aýlyk tölemek üçin serişde ýetmezçiligini dürli bahanalar bilen gizläp, üç mekdebe derek iki mekdebi, bäş synpa derek iki synpy saklamak arkaly maliýe serişdelerini tygşytlamaga çalyşýar.
«Okuwçylar, ene-atalar we pedagoglar närazy bolmasyn diýip, olaryň boýnuna syýasy repressiýalary, pagta we çäre gulçulygyny dakýarlar. Ýöne munuň soňy režim üçin gowy gutarman biler» diýip, ady redaksiýada saklanýan hünärmen aýtdy.
Azatlyk ýurtda dowam edýän maglumat ýapyklygy sebäpli, Bilim ministrliginiň hünärmenleri bilen telefonda habarlaşyp, birinji synpa kabul edilýän çagalaryň sanynyň azalmagynyň sebäpleri, mugallymlaryň iş stawkalary ýa-da mekdepleri birleşdirmek baradaky aladalar boýunça resmi düşündiriş alyp bilmedi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum