Esgerleriň hossarlary olary 'ganymat şertli' harby bölümlere ýerleşdirmek üçin para berýärler

Goşun gullugyna alynýan ýaşlar we olaryň ene-atalary harby bölümiň öňünde. Türkmenistan (arhiw suraty).

Türkmenistanyň ýaragly güýçlerine ýaşlaryň iki ýyllyk harby gulluga alynmagy dowam edýär. Esgerlige alynýanlaryň arasynda şu ýyl mekdebi tamamlaýan uçurymlar hem bar. Iýunyň aýagyna çenli dowam edýän bu ýazky goşuna çagyryşyň arasynda ene-atalar öz ogullary üçin "has howpsuz" harby bölümleri "saýlamak" aladasyny başdan geçirýärler.

"Barly adamlar öz çagalaryny gullukdan alyp galmak üçin ýa-da gowy esger çastlaryna salmak üçin her hili ýol gözleýärler" diýip, aşgabatly çeşmeleriň biri 29-njy maýda gürrüň berdi. Onuň sözlerine görä, iň ýörgünli usul "amatly şertli" harby bölümleri saýlamak.

Türkmenistanly harby çeşmeleriň birnäçesiniň beren maglumatlaryna görä, amatly şertli harby bölüme düşmegiň resmi bolmadyk bahasy 1000 amerikan dollaryna ýetýär.

Degişli maglumat

Türkmen uçurymlary gutardyş synaglaryndan öň goşuna çagyrylýar

"Gowy çastlara düşürmek üçin 500-1000$ para berseň iýmitine seredilýän çastlara düşürip bolýar" diýip, harbylaryň biri aýtdy. Ol soňra goşun gullugynyň geçjek ýerinde-de her aýda pul töläp durmaly diýip, "şol çastlaryň komandirlerine aýda bermeli puly 1000-2000 manat aralygynda" diýip, sözüne goşdy.

'Amatly şertli' harby bölümler

Il içinde has gowy hasaplanýan harby bölümlerde esgerler kadaly naharlanýar, olar telefondan, internetden peýdalanyp bilýar. Şeýle-de, olara resmi düzgünde göz öňünde tutulýan, emma iş ýüzünde köplenç berjaý edilmeýän dynç alyş günlerinde rugsat alyp, harby bölümiň daşyna çykmak, ene-atasy bilen duşuşmak rugsat berilýär.

"Bu çastlarda esgerlere ene-atalary bilen daşyna çykyp, 2-3 günläp gullukdan dynç alyp hem bolýar" diýip, harby çeşme aýtdy.

Onuň sözlerine görä, "amatly" hasaplanýan käbir harby bölümlerde nahary sargap, getirdip bolýar. "Şeýle ýerde puly bolmadyk maşgalalaryň çagalary gulluk edip bilmeýär" diýip çeşme gürrüň berdi.

Howpsuzlyk aladalary sebäpli anonimlik şertinde gepleşen çeşmeleriň ýene biri gowy şertli we howpsuz hasaplanýan bölümleriň arasynda Çülidäki harby bölümi we Aşgabadyň içinde 'prezident çast' diýlip tanalýan harby bölümi agzady.

"Şeýle ýerde esgerleriň saglygyna hiç hili howp abanmaýar. Ýöne goşun bölümleriniň birnäçesinde, şol sanda serhetde ölümli wakalar hem bolýar" diýip, harby aýtdy.

'Gulluk üçin howply' ýerler

Çeşmeleriň sözlerine görä, serhetdäki harby bölümler beýlekilere garanda has howply hasaplanýar.

"Has hem Owganystan bilen araçäklerinde serhetde durýan esgerleriň serhetden geçjek bolýan owganlylar tarapyndan öldürilýänligi barada eşidilýär" diýip, harby aýtdy.

Ene-atalar ogullaryny goşun gullugyna ugradanda diňe bir daşky howplardan däl-de, eýsem goşundaky sütemden we zulumdan - dedowşinadan howatyr edýärler. "Ene-ata öz çagalaryndan habar tutup bilmeýär. Olar gullukda ogullaryna edilýän ezýetler barada habar alyp bilmeýärler" diýip, esgeriň ejesi gürrüň berdi.

'Müşderi' köp bolýar

Şeýlelikde, para bemeli bolsa-da, ogullarynyň goşun gullugy üçin howpsuz ýer saýlamaga islegler ýokary bolýar. Harby çeşmeler "esgerleri ganymat şertli harby bölümlere düşürmek para bilen çözülýär we islegli müşderiler köp bolýar' diýip belleýärler.

Azatlyk bilen gürleşen türkmenistanlylar ýaşlary "gowy çastlara" ugratmak üçin öňünden adam gözlmeli bolýar.

Degişli maglumat

Daşoguzda esgerleriň kasam kabul etmek dabarasyna gatnaşýan ene-atalaryň sany göz-görtele azaldy

Azatlyk bilen anonimlik şertinde söhbetdeş bolan balkanly harby goşuna çagyrylan ýaşlar üçin "tanyşlyk üsti bilen" gulluk etjek ýerini saýlamagyň tertibi barada şeýle gürrüň berdi: "Gowy çastlara tanyş tapan ene-atalar ogluna powestka gelende arkaýyn bolýarlar. Olara 'siziň çagaňyz gitmeli ýerine gidýänçä başga ýere ugradylmaz diýip, söz berýärler".

Şeýle ýaşlara beýleki boýdaşlaryndan tapawutlylykda mekdep ekzamenlerini tabşyrmaga-da rugsat berilýär. Şu günler Türkmenistanyň dürli ýerlerinde orta mekdebi gutarýan 18 ýaşly uçurymlar, ekzamenlerden öň goşuna alnyp gidilýär.

Gutardyş ekzamenleri iýunyň başyndan ikinji ýarymyna çenli dowam edýän hem bolsa, şu günler käbir uçurymlar göni goşuna alynýar, beýlekilere synagdan geçmäge rugsat berilýär, ýöne soň olar hem synag güni harby bölüme äkidilýär.

"Ellerine attestat almankalar şol güni gulluga alyp gidilýär. Käbir mekdeplerde iň soňky ekzamen güni woýenkomatdan ofiserler durýar".

'Esger ýetenok'

Harbylar goşuna alynyş möwsüminiň şeýle berk geçirilmeginiň sebäbini esgerleriň san taýdan azlygy bilen düşündirýärler we esgerleriň sanyny köpeltmek üçin hatda şikesli ýaşlaryň hem alynýandygyny belleýärler.

"Bu hili oglanlar para bilen gullukdan alnyp galynan oglanlaryň deregine sanawy dolmak üçin ugradylýar" diýip, harby aýtdy.

Saglyk taýdan kemisli ýaşlaryň zor bilen gulluga alynmagyna degişli wakalar soňky ýyllarda esli köpeldi.

"Meniň bir tanyşymyň oglunyň gözi çaşy, göreji pes. Emma şonda-da ony serhetde gulluk etmäge ugratdylar. Gulluk üçin düzülen komissiýa bu oglan barada 'sagdyn' diýip karar çykardy" diýip, aşgabatly ýaşaýjy aýtdy.

Şol bir wagtda-da, goşun gullugyna saglyk taýdan ýaramaýar diýip, sagdyn ýigitleri gullukdan alyp galmak üçin resminama alyp bolýandygyny we onuň ortaça bahasynyň 5000 amerikan dollaryna barabardygyny çeşmeler aýdýar.

Azatlyk Radiosy bu ýagdaý barada Türkmenistanyň harby wekillerinden resmi teswir alyp bilmedi.

Degişli maglumat

Raýatlary harby gulluga çagyryş düzgünleri berkleşýär, ýaramsyzlyk kepilnamalary 'ünsden düşürilýär'

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.