Eýran hödürlän meýilnamasy boýunça resmi jogaba garaşýarka, energetika desgalaryna wehim salmak bilen haýbat atýar

Yslam rewolýusiýasynyň goragçylary korpusynyň (YRGK) metbugat sekretary Hosseýn Mohebbi 29-njy sentýabrda Tähranda geçirilen metbugat ýygnagynda çykyş edýär.

Eýran, Hormuz bogazyny gaýtadan açjakdygyny öňe sürýän meýilnamasyna ABŞ-nyň resmi taýdan jogap bermegine garaşýarka öz beýanatlaryny ýitileşdirip, howpsuzlyk kepillikleri berilmedik halatynda Ýakyn Gündogardaky energetika infrastrukturasyna hüjüm etmek bilen haýbat atdy.

Soňky döwürde iki tarapyň hem howa hüjümleri birneme azalan bolsa-da, strategik taýdan möhüm suw ýolunda gämileriň Eýran tarapyndan nyşana alynmagy dowam edýär. ABŞ-nyň Hormuz bogazynyň açyk galýandygyny aýdýandygyna garamazdan, Eýran bogaza gözegçilik edýändigini öňe sürýär.

"Biziň nebit satyp bilmeýän sebitimizde başga hiç kim hem nebit satyp bilmez; ýa-da eger biziň howpsuzlygymyz kepillendirilmese, onda hiç bir infrastruktura howpsuz galmaz" diýip, Eýranyň baş gepleşikçisi Mohammad Baker Kalibaf 29-njy sentýabrda döwlet telewideniýesi tarapyndan efire berlen wideoda aýtdy.

Bu haýbat, Eýranyň geçen hepde bogazy gaýtadan açmak boýunça hödürlän meýilnamasy babatda ABŞ-nyň resmilerinden resmi jogaba garaşýan gününde edildi. Bu bogaz uruşdan öň dünýäniň gaz we nebit üpjünçiliginiň takmynan bäşden bir bölegi üçin geçelge bolup hyzmat edýärdi.

Degişli maglumat

Tramp Eýrana sanksiýalary ýeňilleşdirmegi we doňdurylan serişdeleri boşatmagy teklip edendigini ret etdi

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Tähranyň bogazy täzeden açmagy we ýedi günüň dowamynda ýadro gepleşiklerini täzeden başlamagy teklip eden bu meýilnamasyny ret etdi. Bu meýilnama, Waşingtonyň Eýrana barýan gämileriň deňiz blokadasyny ýatyrmak, şeýle-de onuň nebit satuwyna girizilen sanksiýalary aýyrmak we sebitde ok atyşygy bes etmek ylalaşygyny gaýtadan girizmek şertlerini öz içine alýar.

Muňa garamazdan, Tramp şu hepdäniň dowamynda ABŞ-nyň we Eýranyň gepleşikçileriniň arasynda has köp gepleşikleriň bolmagyna garaşýandygyny aýtdy.

Eýran hödürlän teklibine potensial resmi jogap berilmegine garaşýan mahaly, Yslam rewolýusiýasynyň goragçylary korpusy (YRGK) 29-njy sentýabrda amerikan saýlawçylaryna ýüzlenip, hat çap etdi we onda 28-nji fewralda urşy başlatmakda ABŞ-ny günäkärledi hem-de ABŞ-nyň syýasaty üýtgese, iki ýurduň bilelikde bar bolup biljekdigini hem sözüne goşdy.

Tähranyň çaknyşygyň ugruny üýtgedip biljekdigini öňe sürýän amerikan saýlawçylaryna ýazylan hatynda uruşda aglabasy parahat ilatdan ybarat 3600-den gowrak eýranlynyň, şol sanda 400 çaganyň ölendigi hem aýdylýar. Birleşen Ştatlar uruşda 18 esgeriniň heläk bolandygyny aýdýar.

Hatda howa hüjümleriniň Eýranyň ýadro senagatynyň bir bölegini we howadan goranmak üçin niýetlenen desgalaryň "çäkli" sanyny ýok edendigi boýun alynýar. Şeýle-de, onda Tähranyň ýadro programmasynyň diňe raýat maksatlydygy baradaky beýanaty gaýtalanýar.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy bu hat barada teswir almak üçin ABŞ-nyň Döwlet departamentine ýüzlendi, ýöne häzirlikçe jogap alyp bilmedi.

ABŞ-nyň saýlawçylary 3-nji noýabrda geçiriljek aralyk saýlawlarda ses bererler. Bu saýlawlarda dalaşgärler Wekiller öýündäki 435 ornuň ählisi, şeýle-de Senatdaky 100 ornuň üçden biri ugrunda bäsleşýärler.

Degişli maglumat

Eýranyň DIM-i Hormuz bogazyny açmak boýunça ABŞ-a meýilnama hödürlenendigini aýtdy

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.