Eýran: Türkmenistan Tähran-Duşenbe uçaryna howa giňişliginden geçmäge rugsat bermedi

Eýranyň raýat uçary (arhiwden alnan illýustrasiýa suraty)

Eýranyň raýat awiasiýasy edarasynyň metbugat wekili Tährandan Duşenbä barýan eýran uçarynyň, Türkmenistanyň howa giňişliginden geçmäge rugsat berilmändigi sebäpli, yzyna dolanmaly bolandygyny aýtdy. Bu barada Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň eýran gullugy — Radio Farda 24-nji sentýabrda habar berdi.

“Türkmenistan Eýranyň awiakompaniýalaryna öz howa giňişliginden geçmäge rugsat bermedi” diýip, edaranyň metbugat wekili Majid Ahawan şol gün ISNA habar gullugyna aýtdy. Onuň sözlerine görä, Tähran-Duşenbe uçary barmaly ýerine baryp bilmändigi sebäpli Tähranyň Ymam Homeýni halkara howa menziline dolanmaga mejbur bolupdyr.

Bu maglumaty Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň täjik gullugynyň — Ozodi radiosynyň Duşenbe howa menzilindäki çeşmesi hem tassyklady. Ozodiniň maglumatynda gürrüňiň Eýranyň “Varesh Airlines” awiakompaniýasynyň uçary barada gidýändigi aýdylýar.

Uçuşlary yzarlaýan Flightradar24 hyzmatynyň maglumatlarynda hem "Varesh Airlines" kompaniýasynyň VRH6805 belgili gatnawynyň 24-nji sentýabrda Tährandan uçup, bir sagat sekiz minutdan soň şol ýere gaýdyp gonandygy görkezilýär. Şol belgili gatnawyň 20-nji we 22-nji sentýabrda Tährandan Duşenbä barandygy hem ýazgyda görünýär.

Degişli maglumat

Çeşme: Aşgabat ABŞ-nyň sanksiýalaryna örän üns bilen çemeleşýär

Mundan öň sosial mediada uçaryň yzyna dolanmagynyň sebäbini düşündirýän pilotyň wideosy ýaýrady. Wideoda pilot Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň howa giňişliginden geçmäge rugsat berilmändigi sebäpli Täjigistana uçuşy dowam etdirip bolmaýandygyny, uçaryň Tährana dolanýandygyny aýdýar.

Makala taýýarlanýan wagty Türkmenistanyň degişli edaralarynyň bu waka boýunça açyk resmi düşündirişi elýeterli däldi.

Şol bir wagtda, Farda radiosynyň ISNA salgylanyp habar bermegine görä, 24-nji sentýabryň başyndan Eýranyň awiakompaniýalarynyň Birleşen Arap Emirliklerine ähli uçuşlary hem ýatyryldy. Eýranyň awiasiýa edarasynyň wekili ýolagçylary sapara çykmazdan öň degişli edaralardan zerur maglumatlary almaga çagyrdy.

Bu habarlar ABŞ-nyň Eýranyň awiasiýa pudagyna garşy sanksiýalary güýçlendirmeginiň yzysüre peýda boldy. ABŞ-nyň Maliýe departamenti 8-nji sentýabrda Eýranyň 27 awiakompaniýasyny, şol sanda “Varesh Airlines” kompaniýasyny sanksiýa sanawyna goşandygyny mälim etdi.

Departament sanksiýa girizilen eýran awiakompaniýalaryna goldaw berýän daşary ýurt kompaniýalarynyň we şahslarynyň hem çäklendirmelere sezewar bolup biljekdigini duýdurdy. Şeýle çäreler, hususan-da, degişli geleşikleri amala aşyrýan daşary ýurt maliýe edaralarynyň ABŞ-nyň maliýe ulgamyna elýeterliligine täsir edip biler.

Azatlyk 11-nji sentýabrda çap eden habarynda türkmen hökümetine ýakyn çeşmä salgylanyp, Aşgabadyň ABŞ-nyň ikinji derejeli sanksiýalarynyň mümkin netijelerine örän üns bilen çemeleşýändigini habar beripdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.