Eýranyň daşary işler ministri Abbas Aragçy 2-nji noýabrda irden resmi sapar bilen Aşgabada geldi. Saparyň başlanandygy Eýranyň Daşary işler ministrliginiň resmi saýtynda 2-nji noýabrda habar berildi. Makala taýýarlanan pursadynda Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda sapar barada aýratyn habar elýeterli däldi.
Eýranyň "Tasnim" habar agentliginiň maglumatyna görä, Aragçy diplomatik we ykdysady wekiliýete ýolbaşçylyk edýär. Onuň ýokary derejeli türkmen resmileri bilen duşuşyp, iki ýurduň syýasy we ykdysady hyzmatdaşlygyny giňeltmek meselelerini ara alyp maslahatlaşmagy meýilleşdirilýär. Eýran metbugaty saparyň bir günlükdigini habar berdi.
Eýran tarapynyň ilkinji habarlarynda duşuşjak türkmen resmileriniň atlary, gepleşikleriň jikme-jik gün tertibi ýa-da gol çekiljek resminamalar barada maglumat berilmedi.
Bu sapardan öň, 26-njy oktýabrda Aragçy Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşit Meredow bilen telefon arkaly gürleşipdi. Eýran mediasynyň maglumatyna görä, ministrler sebitdäki we halkara ýagdaýlary maslahatlaşyp, dartgynlygy gowşatmak, durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmek üçin diplomatik geňeşmeleri dowam etdirmegiň möhümdigini bellediler.
Türkmenistanyň DIM-niň resmi maglumatyna görä, 28-nji oktýabrda Aşgabatda daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen eýranly kärdeşi, ykdysady diplomatiýa boýunça ministriň orunbasary Hamid Ganbari duşuşdy. Olar söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek, energetika we senagat ugurlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Aragçynyň Türkmenistana sapary ABŞ we Ysraýyl bilen Eýranyň arasyndaky uruş hem-de ony bes etmek boýunça araçylyk tagallalary dowam edýän mahalyna gabat gelýär. "Reuters" agentliginiň maglumatyna görä, 1-nji noýabrda Eýranyň wekilleri Dohada katarly araçylar bilen üçünji gün gepleşikleri geçirdiler. Aragçy şol gün gepleşikleriň entek gutarnykly netijä gelmändigini aýdyp, Tähranyň "hem goranyşa, hem diplomatiýa" taýýardygyny mälim etdi.
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp 3-nji noýabrda geçiriljek Kongrese aralyk saýlawlara çenli Eýrana täze hüjüm etmejekdigini aýdypdy, ýöne soňraky harby hereketleriň mümkinçiligini aradan aýyrmady.
Tähran–Duşenbe uçary
Ýatlatsak, sentýabrda Türkmenistanyň eýran ýolagçy uçaryna öz howa giňişliginden geçmäge rugsat bermändigi barada hem habar berlipdi. Şol pursat, Eýranyň raýat awiasiýasy edarasynyň metbugat wekili Majid Ahawan Tähran–Duşenbe reýsiniň yzyna dolanmaly bolandygyny aýdypdy.
Gürrüň "Varesh Airlines" kompaniýasynyň uçary barada gidýärdi. Flightradar24 hyzmatynyň şol habarda getirilen maglumatlaryna görä, uçar Tährandan uçandan bir sagat sekiz minut soň şol howa menziline gaýdyp gonupdy. Türkmenistanyň degişli edaralarynyň bu waka boýunça açyk resmi düşündirişi şol wagt elýeterli däldi.
Degişli maglumat
Eýran: Türkmenistan Tähran-Duşenbe uçaryna howa giňişliginden geçmäge rugsat bermediBu waka ABŞ-nyň Eýranyň awiasiýa pudagyna garşy sanksiýalary güýçlendirmeginden soň bolupdy. ABŞ-nyň Maliýe departamenti 8-nji sentýabrda Eýranyň 27 awiakompaniýasyny, şol sanda "Varesh Airlines" kompaniýasyny sanksiýa sanawyna goşdy.
Departament sanksiýa girizilen eýran awiakompaniýalaryna hyzmat edýän daşary ýurt kompaniýalarynyň we maliýe edaralarynyň hem çäklendirmelere sezewar bolup biljekdigini duýdurdy.
Çäklendirmäniň ähli eýran uçarlaryna degişli bolup-bolmandygy we onuň häzirki ýagdaýy barada Türkmenistanyň degişli edaralarynyň açyk resmi düşündirişi elýeterli däl.