Germaniýada ýaşaýan türkmen raýatlary pasportlaryny täzelemek bilen bagly kynçylyklary barada türkmen häkimiýetlerine habar ýetirmek isleýärler. Azatlyk Radiosyna ýüz tutan türkmen raýatlary Germaniýadaky türkmen ilçihanasynda özleriniň kabul edilmeýändigini aýdyp, dokumentsiz galýandygyny we kynçylyklaryny türkmen häkimiýetlerine eşitdirmekde media serişdelerine bil baglaýarlar.
"Türkmen raýatlary ilçihana barsa, gapynyň öňünde üýşüp durmak gadagan diýip, nemis polisiýasyny getirip goýdular. Içeri girmesinler, gitsinler diýen terzde. Emma biz näme etmeli? Elimizdäki pasportlaryň möhleti gutardy" diýip, türkmen raýaty aýtdy.
Azatlyk Radiosy bilen Germaniýadan habarlaşan türkmen raýatlarynyň sözlerine görä, pasportynyň möhleti gutaryp, kyn ýagdaýa düşen türkmenistanlylaryň ençemesi bar. Günde ilçihana gutaran ýa-da gutaryp barýan pasport meselesi bilen ilçihana onlarça adam barýar, emma olar kabul edilmeýär we hatda ilçihananyň içine salynmaýar.
Degişli maglumat
Ýylyň jemleri 2024 - Türkmenistanda pasport almaga islegleriň we kynçylyklaryň güýçlenen ýyly"Germaniýadaky ilçi raýatlar bilen ilçihanada duşuşyk geçirse has gowy bolardy. Adam kän bu ýerde. Pasportynyň möhleti gutaran adamlar baryp, ilçihana gatnap ýörler" diýip, türkmenistanly şu hepde baranda ilçihananyň öňünde 68 adamyň durandygyny gürrüň berdi.
Germaniýada Türkmenistanyň ilçihanasy Berlinde ýerleşýär, Frankfurt am Main şäherinde türkmen konsulhanasy işleýär.
Azatlyk Radiosy türkmen raýatlarynyň ýüzlenmeleri barada ilçihananyň konsullyk bölüminden resmi teswir almaga synanyşdy, emma websaýtda görkezilen telefon nomerlerine edilen jaňlara jogap berilmedi. Websaýtdaky resmi maglumatda Türkmenistanyň raýatynyň täze biometrik pasportynyň diňe Türkmenistanyň içinde Döwlet Migrasiýa gullugy tarapyndan berilýändigini aýdylýar. Täze biometrik pasportlaryň ilçihanada berilmeýändigi habar berilýär.
'Ýurtdan çykyp bilmezlikden gorkýarys'
Germaniýadaky ilçihanasyna ýüz tutup, pasport meselesiniň çözülmeginde goldaw soraýan türkmenistanlylar öz ýurduna gaýtmakdan saklanýandygyny we munuň birnäçe sebäbiň bardygyny aýdýarlar:
"Türkmenistana gitsek, pasportyň möhleti gutardy diýip, çäklendirme goýup durlar. Çäklendirme 3 we 5 ýyl aralygynda, ýurda wagtynda gelmediň diýlip goýulýar. Onuň möhleti gutarýança ýurtdan çykyp bolmaýar" diýip, türkmenistanly: "Türkmenistana gidenler indi gelip bilmän kösenip ýörler" diýdi.
Azatlyk Radiosy bilen habarlaşan türkmenistanlylaryň sözlerine görä, Türkmenistandaky işsizlik raýatlaryň ýurda barmakdan saklanmagyna esasy sebäp bolýar. Olar soň Ýewropa gaýdyp gelmek mümkinçiligini ýitirmekden gorkýarlar.
" Türkmenistana pasportynyň möhleti gutaryp baranlary bellige alyp ýörler, yzymyza Ýewropa gaýdyp bilmeris. Türkmenistanda iş ýok. Biz näme etmeli?" diýip, Germaniýadaky türkmen raýaty özüniň we özi ýaly beýleki watandaşlarynyň çykgynsyz ýagdaýdadygyny aýdýar.
Degişli maglumat
Balkanda biometriki pasport üçin ýüz tutýanlara 2026-njy ýylyň maýyna nobat berilýärTürkmenistanda ilatyň migrasiýasyna degişli resmi statistika çap edilmeýär. Emma zähmet migrasiýasynyň akymy uly bolmagynda galýar. Migrasiýa gulluklarynda daşary ýurtlara syýahatçylyk üçin niýetlenen biometriki pasportlaryň nobatlary ençeme aýa çekýär, käte bir ýyldan hem geçýär.
Türkmen raýatlarynyň köpüsiniň barýan ýurtlaryň arasynda öň Türkiýe we Russiýa öňde bolan bolsa, soňky birnäçe ýylda Ýewropa ýurtlarynda, şol sanda Polşada we Germaniýa türkmen raýatlarynyň sany köpeldi.
'Biz Ýewropa Ukrainadan geldik'
Germaniýadaky türkmen raýatlarynyň biri bu ýurda Ukrainadan uruş sebäpli gelendigini gürrüň berdi: "Biz bu ýere wiza bilen gelmedik. Ukrainada uruş başlandy we Polşa döwleti ukrainler bilen bilelikde bize hem gapysyny açdy. Biz 2022 -2023-nji ýyllarda Ukrainadaky uruş sebäpli wizasyz geldik. Şondan bäri işläp ýörüs".
Onuň sözlerine görä, başda bir ýyllyk wagtlaýyn dokument berlipdir, ondan soň Germaniýada resmi taýdan galmak üçin statusynyň üýtgedilmegi, iş rugsadynyň bolmagy talap edilýär. Emma zerur dokumentleri, şol sanda pasporty edinmek türkmenistanlylaryň ençemesi üçin uly mesele bolup durýar.
2022-nji ýylda Russiýa Ukraina giň derejeli çozuşyna başlanda bu ýurtda ýaşap ýören müňlerçe türkmen raýaty gaýtmaly bolup, şol sanda studentler.
"Biz Ukrainada okap ýördük uruş başlandy welin biz hem Ýewropa gelmeli bolduk" diýip Germaniýada ýaşaýan türkmenistanly aýtdy.
Degişli maglumat
Polşadaky türkmenleriň arasynda Germaniýada bosgunlyk, gaçybatalga almaga synanyşýanlar “köpelýär”Möhleti gutaran pasportyny täzelemek problemasy öz ýurdunyň daşynda gaýan ýüzlerçe müň türkmenistanla degişli. Dünýäniň başga ýurtlaryndaky tejribelerinden tapawutlylykda Türkmenistan öz raýatlaryna daşary ýurtlardaky diplomatik edaralarynyň üsti bilen pasport bermeýär.
2021-nji ýylyň 15-nji iýulynda türkmen hökümeti raýatlarynyň biometriki pasportynyň hereket ediş möhletini daşary ýurtlardaky türkmen wekilhanalarynda uzaltmagyň tertibini tassyklady. Emma koronawirus pandemiýasy döwründe kabul edilen bu çäre raýatlaryň diňe çäkli bir bölegine niýetlendi, şol sanda pasportlarynyň möhletleri 2023-nji ýylyň 1-nji ýanwary - 2024-nji ýylyň 30-njy dekabry aralygynda tamamlanýan raýatlara degişli boldy.
Degişli maglumat
Türkmenistandan çykyp bilmedik we daşary ýurtda galan raýatlar resmilerden hemaýat soraýarlarGadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.