Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Daşary ýurtlarda türkmen pasportynyň möhletini uzaltmagyň tertibi tassyklanyldy


Türkmenistanyň raýatynyň biometriki pasporty, ýa-da "zagran pasport" türkmen kanunçylygynda "Türkmenistanyň raýatynyň Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin pasporty" atlandyrylýar.
Türkmenistanyň raýatynyň biometriki pasporty, ýa-da "zagran pasport" türkmen kanunçylygynda "Türkmenistanyň raýatynyň Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin pasporty" atlandyrylýar.

Türkmenistanyň raýatynyň biometriki pasportynyň hereket ediş möhletini daşary ýurtlardaky türkmen wekilhanalarynda uzaltmagyň tertibi tassyklanyldy. Bu barada hökümetçi “Turkmenportal.com” neşiri, Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň Hukuk maglumatlary merkezine salgylanyp habar berýär.

15-nji iýulda Türkmenistanyň Migrasiýa gullugynyň Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen bilelikde kabul eden tertipnamasyna laýyklykda, biometriki pasportynyň möhleti 2020-nji ýylyň 1-nji ýanwary – 2022-nji ýylyň 30-njy dekabry aralygynda tamamlanan ýa-da tamamlanýan raýatlar daşary ýurtlardaky türkmen wekilhanalarynyň üsti bilen öz pasportlarynyň möhletini 2022-nji ýylyň 31-nji dekabryna çenli uzaldyp bilýärler.

Munuň üçin raýatlar öz ýaşaýan ýurtlaryndaky türkmen wekilhanalaryna arza bilen ýüz tutup bilýärler. Eger-de, olar öz ýaşaýan ýurtlarynda türkmen wekilhanasy ýok bolsa, ýakyndaky türkmen wekilhanalaryna ýüz tutup bilýärler.

Resminama laýyklykda, biometriki pasportynyň hereket ediş möhletini uzaltmak isleýän raýatlardan pasportyň asyl nusgasy, pasportyň göçürme nusgasy we 3x4 ýa-da 4x5 ölçegde fotosurat hem-de arza soralýar.

Maglumatda aýdylmagyna görä, wekilhana raýatyň pasportynyň 46-njy we 47-nji sahypalaryna onuň möhletiniň 2022-nji ýylyň 31-nji dekabra çenli uzaldylandygy barada bellik edýär hem-de QR kod ýerleşdirýär.

Tertipnama bu hyzmatlaryň tölegsiz amala aşyrylýandygyny aýdýar.

Galyberse-de, täze düzgüne görä, daşary ýurtlarda ýaşaýan raýatlar öz ýaşaýan ýurtlaryndaky türkmen wekilhanalaryna ýörite baryp, ýa-da soralýan resminamalary poçta üsti bilen türkmen wekilhanasyna ugratmak arkaly pasportynyň möhletini uzaldyp bilýär. Poçta tölegleri arzaçynyň üstüne ýüklenýär.

Ýöne pasporta ýerleşdirilýän ýörite belligiň hem-de QR kodunyň özge ýurtlara wiza almak üçin ýeterlikdigi ýa-da däldigi mälim edilmeýär.

Mundan ozal, türkmen kanunçylygy daşary ýurtlarda diňe hemişelik ýaşaýan türkmenistanly raýatlaryň türkmen wekilhanalarynyň üsti bilen biometriki pasportlaryny çalyşmagyna rugsat berýärdi, kanunçylyk daşary ýurtda wagtlaýyn ýaşaýan raýatlar üçin şeýle mümkinçiligi hödürlemeýärdi. Ýöne keseki ýurtda ýaşaýan türkmenistanlylaryň ençemesi iş ýüzünde bu kanunçylygyň netijesiz bolandygyny aýdýardylar.

Pasportlary 2022-nji ýylyň 31-nji dekabryna çenli uzaltmagyň täze tertibi daşary ýurtlarda hemişelik ýa-da wagtlaýyn esasda ýaşaýan raýatlary öz içine alýar.

Türkmenistan öz raýatlary üçin daşary ýurt wekilhanalarynyň üsti bilen pasportlaryň çalyşylmagyna mümkinçilik döretmeýän ýurtlaryň hataryndadyr.

Daşary ýurtlarda ýaşaýan türkmenistanly raýatlar ençeme ýyllardan bäri özleriniň biometriki pasportlarynyň hereket ediş möhletiniň uzaldylmagy bilen bagly kynçylyklary başdan geçirip gelýärdi. Mundan ozal, daşary ýurtlardaky türkmen raýatlary özleriniň biometriki pasportlarynyň möhletini öz ýaşaýan ýurtlaryndaky türkmen wekilhanalarynda uzaldyp bilmeýärdi.

Türkmenistanda birnäçe ýyl bäri dowam edýän ykdysady kynçylyklar köp sanly türkmenistanlynyň eklenç gözleginde, ýa-da başga sebäpler bilen daşary ýurtlara çykmagyna alyp geldi. Özge ýurtda pasport möhleti dolan raýatlar öz ýaşaýan ýurtlarynda resminamalar bilen bagly dürli kynçylyklara, şol sanda bikanun ýaşamaga sezewar boldy. Bular barada Azatlyk Radiosy yzygiderli habar berip gelýär.

Türkmenistanyň hökümeti köpýyllyklaryň dowamynda öz raýatlarynyň pasport kynçylyklaryna çäre hödürlemän gelýärdi.

Açyk Söhbet: Türkiýedäki türkmenistanlylar we pasport meselesi
please wait

No media source currently available

0:00 0:16:53 0:00

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG