Harby güýçlenmäniň we türgenleşikleriň arasynda ABŞ-nyň Eýrana hüjüm etmeginiň ähtimallygy 'örän ýokary'

Tährandaky binanyň üstünde ABŞ-a garşy mazmunly banner ýerleşdirildi. 26-njy ýanwar, 2026-njy ýyl.

ABŞ-nyň reaktiw söweş uçarlaryny, howa gorag serişdelerini we müňlerçe esgerli uçar göteriji gämisini Ýakyn Gündogara ýerleşdirýändigini bilermenler aýdýarlar. Bu hereket Eýran bilen dartgynlylygy güýçlendirdi we harby hereketleriň ähtimallygyny artdyrdy.

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp eýran häkimiýetleriniň hökümete garşy protestleri rehimsiz basyp ýatyrmagynyň netijesinde müňlerçe adamy öldürmeginden soň Eýrana garşy harby hüjümler bilen haýbat atdy. Tramp soň bu haýbatyndan el çekdi, emma Yslam respublikasyna hüjüm edilmegini hasapdan aýyrmady.

Bilermenleriň aýtmagyna görä, ABŞ-nyň sebitde harby güýçleriniň ýerleşdirilmegi, deňiz güýçleriniň türgenleşikleri bilen birlikde Eýrana basyşy artdyrýar we Waşington üçin Eýrana hüjüm etmegi islän halatynda has köp harby mümkinçiliklerini döredýär.

"Bu Eýran üçin biziň taýýardygymyzy, mümkinçiliklerimiziň bardygyny görkezýän habar bolup biler" diýip, Waşingtonyň Ýakyn Gündogar syýasaty institutynyň uly ylmy işgäri Farzin Nadimi Azatlyk Radiosynyň Farda gullugyna aýtdy.

Nadimi ABŞ-nyň Eýrana hüjüm etmek mümkinçiliginiň "örän ýokarydygyny" sözüne goşup, Pars aýlagyndaky harby güýçleriň "açyk agressiw" köpeldilýändigine ünsi çekdi.

"USS Abraham Linkoln" uçar göteriji gämisi we onuň bilen bile üç sany söweş gämisi Ýakyn Gündogara tarap barýar we 5000-den gowrak esgeri alyp barýar. ABŞ-nyň Merkezi serkerdeligi "F-15E Strike Eagle" kysymly söweş uçarlarynyň sebite ýerleşdirilendigini aýtdy.

Degişli maglumat Eýranda internetiň petiklenmegi dowam edýär, ölenleriň sany artýar

Şol bir wagtyň özünde, ABŞ-nyň Howa güýçleri Ýakyn Gündogar "sebitinde söweş howa güýjüni ýerleşdirmek, ýaýratmak we saklamak ukybyny görkezmek üçin" köp günlük harby türgenleşigi başlajakdygyny 25-nji ýanwarda aýtdy.

Bu hereketler geçen ýyl Birleşen Ştatlaryň sebite harby serişdelerini göçüren döwrüni ýatladýar. Bu Ysraýyl we soňra Waşington tarapyndan Eýranyň ýadro merkezlerine edilen howa hüjümleriniň öňýany bolupdy.

Eýranyň ýaragly güýçleriniň elit şahasy bolan Yslam Rewolýusiýasynyň sakçylar korpusy (IRGC) duýduryş derejesini ýokarlandyryp, Yrakdaky, Liwandaky we Ýemendäki Eýrany goldaýan ýaragly toparlary Tährany goldamaga çagyrdy.

Howp töwekgelçiligi

ABŞ-nyň metbugat habarlarynda Trampyň Eýrana garşy birnäçe harby wariantlary gözden geçirýändigi aýdylýar - olar hepdelere ýa-da aýlara çekip biljek hüjümler ýa-da Eýranyň howpsuzlyk güýçlerine gönükdirilen kiçi we esasan simwoliki zarbalar bolup biler.

Goşmaça ykdysady sanksiýalary öz içine alýan harby däl wariantlar hem ara alnyp maslahatlaşylandygy habar berilýär.

Bilermenler ABŞ-nyň Eýrana garşy islendik harby hereketiniň howpludygyny we tutuş sebite täsir edip biljekdigini aýdýarlar. Tähran ABŞ-nyň Pars aýlagyndaky bazalaryna, şeýle hem ABŞ-nyň esasy ýarany bolan Ysraýyla zarba urmaga söz berdi.

Degişli maglumat ABŞ-Eýran dartgynlylygy ýokarlanýar, Tähran duşmançylyk we täze repressiýa ritorikasyny güýçlendirýär

"Öňünden çaklap bolmajak netijeler bolup biler - ABŞ-nyň ýaranlaryna garşy öç alyş we Pars aýlagynyň gämi gatnawlaryna hüjümler. Sebit hyzmatdaşlary bu bahany tölemek islemeýärler" diýip, Eýranyň öňki diplomaty Mehrdad Hansari Farda Radiosyna aýtdy.

Sebit ýurtlary ABŞ-Eýran çaknyşygynyň has giň konflikte sebäp bolup bilmeginden howatyrlanyp, Waşingtony saklanmaga çagyrdylar.

Hüjüm nähili bolup biler?

Nadimi ABŞ-nyň ýakyn günlerde meýilleşdirilen harby türgenleşikleriniň hakyky operasiýalar üçin örtük bolup biljekdigini aýtdy.

Ol ABŞ-nyň Eýranyň radar we aragatnaşyk ulgamlaryny bozmak üçin elektron uruş we kiberhüjümleri ulanyp biljekdigini aýtdy. Soňra gizlin bombalaýjy uçarlar we söweş uçarlary howa goragyna girip, dolandyryş merkezlerine we raketa merkezlerine hüjüm edip biler.

Emma Eýran çaknyşyk ýagdaýynda goragsyz bolmaz diýip, bilermenler aýdýarlar.

Eýranda Pars aýlagynyň ýapyk suwlarynda ABŞ-nyň harby gämilerine howp salyp biljek kruiz raketalary, şeýle hem sebitleýin bazalara zarba urup biljek ballistik raketalar bar. Eýran hatda muňa yşarat edip, hepdäniň ahyrynda Tähranyň esasy meýdançasynda raketa zarbalaryna duçar bolan ABŞ-nyň uçar gämisini suratlandyran uly banner dikdi.

Nadimi Waşington esasan simwoliki hüjüme geçse-de, Eýranyň hem şeýle jogap bermegi mümkin diýdi.

Azatlyk Radiosynyň Farda gullugyndan Roýa Karimi Majd, Hanna Kawiani we Human Askary tarapyndan berlen habarlaryň esasynda taýýarlandy.