Türkmenistanda howanyň gyzgynlygynyň 40 gradusdan aşmagy bilen, ýurduň dürli künjeklerinde ýene-de köpçülikleýin elektrik bökdençlikleri ýüze çykyp başlady. Lebapda toguň dowamly kesilmegi bilen birlikde, onuň bar wagtyndaky kuwwady hem elektrik abzallaryny kadaly işletmäge ýetmeýär. Ýerli ilat sebitdäki ýakynda açylan iri elektrik stansiýasynyň diňe daşary ýurda tok ibermek üçin ulanylýandygyny, özleriniň tok üpjünçiligindäki meseleleriniň bolsa ýyllar-boýy aradan aýrylmaýandygyny aýdýar.
“Hepdäniň başyndan bäri [welaýatyň merkezi şäheri] Türkmenabadyň dürli etraplarynda häli-şimdi elektrik togy kesildi durdy. Jaýlardaky transformatorlaryň aglaba köplügi entek sowetler döwründen galan 40 ýyllyk abzallar. Bularyň ulanyş möhleti mundan 10 ýyl ozal tamamlandy. Olardaky predohranitelleriň (goraýjylaryň – red.) ornuna adaty mis sim goýulýar. Olam sähel artan agrama çydaman ereýär” diýip, bu ýagdaýlary ýakyndan yzarlaýan türkmenabatlylaryň biri 7-nji iýunda habarçymyza gürrüň berdi.
Ýerli ýaşaýjylar toguň kesilen mahaly ýerli elektrik edarasyna ýüz tutulanda, bular ýaly hadysalaryň artmagy sebäpli, ussalaryň birnäçe sagatdan soň gelýändigini aýdýarlar.
“Ussalar hem özleriniň degişli ätiýaçlyk şaýlary bilen üpjün edilmeýändigini aýdyp, öz ýanyndan iki çykalga hödürleýärler. Ýa çem gelen abzallar arkaly tok wagtlaýyn ýola goýulmaly, ýa-da ussanyň näresmi tölegiň hasabyna hödürleýän abzalyny satyn alyp, meseläni ygtybarly çözmeli. Ýaşaýjylaryň arasynda pul toplap, ussanyň ikinji şertine razy bolduk” diýip, bu wakalary başdan geçiren ýaşaýjy gürrüň berdi. Söhbetdeşlerimiziň howpsuzlygy jähtinden, olaryň şahsyýetini aýan edip biljek jikme-jikler, anyk adam we ýer atlary äşgär edilmeýär.
Ýurduň gündogar welaýatynyň merkezi şäherindäki tok bökdençleri barada Türkmenabadyň häkimliginden we elektrik edaralaryndan maglumat almak başartmady.
Degişli maglumat Howa gyzýar. Pukara ýaşulular, garry eneler 'tomusdan sag-aman çykmagy' gaýgy edýärÝöne anonimlik şertinde söhbetdeş bolan ýerli hünärmeniň sözlerine görä, howanyň aşa gyzmagy bilen, ilatyň elektrik abzallaryny, şol sanda howa sowadyjylaryny köpçülikleýin işletmegi şäheriň elektrik ulgamyna basyşy güýçlendirýär. Bu hem sebitdäki eýýäm könelişen elektrik enjamlarynyň sandan çykmagyna getirýär.
Bu aralykda, Türkmenabadyň elektrik üpjünçiligi bar bolan sebitlerinde hem, toguň kuwwady enjamlary kadaly işletmäge ýetmeýär.
“Tok bolsa-da, kondisionerleri işletmek asla mümkin däl. Sowadyjylar hem azyklary terligine saklap bilmeýär. Käbir gurby çatýan hojalyklar 3 müň-4 müň manat aralygynda çykdajy edip, ýörite tok sazlaýjy abzaly satyn alýarlar. Bu meniň dolulygyna iki aýlyk zähmet hakym bolýar” diýip, habarçymyzyň söhbetdeşi nygtady.
Ýerli ilat tomus paslynda ýylyň-ýylyna gaýtalanýan tok bökdençlikleriniň arasynda, Türkmenabadyň eteginde mundan iki ýyl çemesi ozal açylan iri elektrik stansiýasynda öndürilýän toguň diňe daşary ýurda eksport etmek üçin ulanylýandygyny aýdýar.
2021-nji ýylyň sentýabrynda Çärjew etrabynda üç sany uly gazturbinadan ybarat, ýapon we türk kompaniýalary tarapyndan gurlan – kuwwaty 432 megawata barabar bolan elektrik stansiýasy açylypdy.
Ýerli elektrik hünärmeni bu desgada öndürilýän toguň Özbegistana we Owganystana eksport edilýändigini, Lebaba bolsa, esasan Marydan uzap gaýtdan tok simleri arkaly elektrik energiýasynyň iberilýändigini aýtdy.
Türkmen hökümetiniň maslahatlarynda, adatça, ýurduň öz ilatynyň ençeme ýyllardan bäri kösenýän tok ýetmezçiligi barada kelam agyz söz aýdylman, munuň deregine ýurtda öndürilýän elektrik energiýasynyň daşary ýurtlara eksportyny artdyrmak barada gürrüň edilýär.
Türkmenistan özüniň elektrik energiýasyny Owganystana, Eýrana, Özbegistana we Gyrgyzystana eksport edýär. Geçen ýylyň sentýabrynda mälim edilen seýrek sanlara görä, ýurtda kuwwatlylygy 6943,2 megawata deň bolan jemi 12 sany elektrik stansiýasy bolup, olarda 51 sany turbina desgasy bar. Bularyň 39 sanysy gaz turbinadyr we 12 sany bug turbinadyr.
Türkmenistanyň elektrik eksporty geçen ýyl 2021-nji ýyl bilen deňeşdirende 30% ýokarlanypdyr. Bu barada ýarym-resmi “Biznes Türkmenistan” neşiri Halkara energetika agentliginiň (IEA) “Elektrik energiýa bazary 2023” atly hasabatyna salgylanyp habar berýär.
2021-nji ýylyň awgust aýynda Gyrgyzystana elektrik eksportyny ýola goýan Türkmenistan 2022-nji ýylyň birinji ýarymynda onuň üpjünçiligini 1,7 terawat sagada çenli artdyrdy diýip, IEA-nyň hasabatynda aýdylýar.
Degişli maglumat Türkmenistan Gyrgyzystana bir ýylda eksport etjek elektrik energiýasyny alty aýda 'iberdi'Türkmenistan bilen Özbegistan 2022-nji ýylyň oktýabr aýynda elektrik üpjünçiligini ýylda 4 terawat sagada çenli artdyrmak ylalaşygyna geldi.
Energiýa resurslaryna baý Türkmenistanda ýurduň ilaty elektrik energiýasynyň kadasyz üpjünçiligindäki problemalar bilen ýyllarboýy ýüzbe-ýüz bolup gelýär. Bu kynçylyklar tomsuň aşa yssy we gyşyň aýazly sowuk günlerinde ilata has-da ýaramaz täsir ýetirýär.
Howa maglumaty boýunça resmi we halkara hasabatlarynda bu günler Türkmenistanyň dürli künjeklerinde howanyň gyzgynlygynyň 40 gradusdan hem geçýändigini synlasa bolýar.
Howa şertlerine gözegçilik edýän Meteožurnal internet neşiriniň maglumatyna görä, Türkmenistanda soňky ýyllarda ýyllaryň aşa yssy gelmegi ýygjamlaşýar. Neşiriň geçen ýylky hasabatynda belleýşi ýaly, 100-135 ýyl aralygyndaky iň yssy ýyllaryň köpüsi soňky birnäçe ýyla düşýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.