Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Prezidentiň togy “tygşytlamak” baradaky çykyşyndan soň, Lebapda elektrik üpjünçiligi çäklendirilýär


Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanyň prezidentiniň içerki sarp edijilere berilýän toguň “netijeli we tygşytly ulanylmagy” üçin, anyklaşdyrmazdan, ähli çäreleriň görülmegine uly ünsüň berilmelidigini aýtmagynyň yzýany, Lebabyň administratiw merkezinde köpçülikleýin ýagdaýda elektrik togunyň üpjünçiligi bilen bagly hyzmatlar çäklendirilip başlandy. Ýerli ilat Gurbanguly Berdimuhamedowyň 15-nji oktýabrdaky çykyşyndan soň amal edilýän çäreleriň, häzir günleriň gysgalyp, gijeleriň hem uzaýan döwründe, özlerine köp sanly oňaýsyzlyklary döredýändigini aýdýar.

“Türkmenabatda ir sagat 7-ler töweregi iňrik ýagtylyp başlasa-da, iki hepde töweregi wagt bäri bar edara kärhanalaryň, hat-da köçeleriň ugrundaky ýagtyldyş ulgamlary eýýäm daň sagat 6-da öçürilýär. Şäher tümlüge bürelýär. Şeýle-de agşamlaryna daşky çyralar garaňky düşenden 40-45 minutdan soň ýakylýar” diýip, Türkmenabatly ýaşaýjylaryň biri 2-nji noýabrda ýerli habarçylarymyzyň birine gürrüň berdi.

Ol bu ýagdaýlaryň esasan hem ulag eýelerine ýaramaz täsir ýetirýändigini sözüne goşdy.

“[Türkmenabadyň] ýagtylyk edaralary şäheriň esasy ‘Bitarap Türkmenistan’ we ‘Nyýazow’ şaýollarynyň ugrundaky çyralary has ir ýakyp we has soň öçürýärler. Emma şäheriň beýleki köçeleri her gün ençeme sagatlap tümlükde bolýar. Welaýatyň merkezi şäheri bolsa-da, ulagyňy hamala diýersiň, hiç bir ýagtylyk sütünleri bolmadyk çetdäki bir obanyň içinden sürüp barýan ýaly duýýarsyň” diýip, 40 ýaşlaryndaky türkmenabatly belledi.

Azatlygyň ýerli elektrik hünärmenleri bilen söhbetdeş bolmagy başaran habarçysy, soňky çäreleriň Aşgabatdan elektrik toguny tygşytlamak boýunça berilýän görkezme esasynda amal edilýändigini anyklady.

Ol elektrik edaralarynyň gözegçileriniň her gün daň bilen şäheriň köçelerine aýlanyp, ýanyp duran ýagtylandyryjylary öçürmegi talap edýändiklerini, hatda haýbat hem atýandyklaryny belledi.

“Entek säher ýagtylmanka elektrik edaranyň barlagçylary gelip, garawullyk edýän edaramyň daşyndaky çyralary öçürmegimi buýruk beriji äheňde talap etdiler. Entek daş-töwerek garaňkydygyny düşündirjek bolsam-da, olar ‘öçürmejek bolsaň, 500 manat jerime tölärsiň’ diýip haýbat atdylar” diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli atlandyrylmasyzlygyny we işleýän edarasynyň adynyň tutulmazlygyny soran ýaşaýjylaryň biri belledi.

Ýokarky ýagdaýlar boýunça ýerli häkimliklerden we energiýa edaralaryndan goşmaça maglumat we kommentariýa almak boýunça günüň birinji ýarymynda edilen synanyşyklar netije bermedi.

Şol bir wagtda, lebaply habarçymyz iki hepde töweregi wagt bäri sebitde gaz üpjünçiliginiň hem çäklendirilýändigine ünsi çekdi.

“15-nji oktýabrda ähli kerpiç zawodlarynyň gazyny kesdiler. Munuň netijesinde, kerpijiň we hekiň bahasy tas iki esse ýokarlandy. Ozal 2 müň kerpiç 500 manatdan satylan bolsa, häzir onuň nyrhy 850 manada galdy. Ozallar kerpiç zawodlary adatça 15-nji noýabrdan soň ýapylan bolsa, häzir olar eýýäm oktýabrda işlerini togtatmaly boldular” diýip, bu ýagdaýlardan habarly ýerli ýaşaýjylaryň biri habarçymyza gürrüň berdi.

Galyberse-de, habarçymyz sentýabryň başynda Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynda uly dabara bilen açylan gazturbinaly elektrik stansiýasynyň entek hem işe girizilmändigini, häzirki wagtda onuň, anyklamagy başartmadyk sebäplere görä, generatorlarynyň täzelenýändigini aýtdy.

Bu soňky özgerişlikler geljek ýyldan başlap ýerli ilatyň sarp edýän elektrik togunyň bahasyny iki esse artdyrmak boýunça planlar baradaky habarlaryň yzýanyna gabat geldi.

Türkmen hökümetiniň maslahatlarynda, adatça, ýurduň öz ilatynyň ençeme ýyllardan bäri kösenýän tok ýetmezçiligi barada kelam agyz söz aýdylman, munuň deregine ýurtda öndürilýän elektrik energiýasynyň daşary ýurtlara eksportyny artdyrmak barada gürrüň edilýär.

Türkmen hökümeti 2019-njy ýylyň ýanwaryndan başlap suw, elektrik energiýasy we tebigy gaz ýaly ilata çärýek asyrlap mugt berlen ýeňillikli harytlary, hyzmatlary ýatyrdy. Bu karar Halk Maslahatynyň 2018-nji ýylyň sentýabrynda geçirilen mejlisinde kabul edildi. Şonda ilatyň durmuş derejesiniň ýokary galandygy aýdylypdy. Emma Azatlyk ýurtdaky dowam edýän ýiti ykdysady krizisiň, gytçylygyň we gymmatçylygyň arasynda gurpdan düşen ilatyň gün-güzeran aladalarynyň has hem kynlaşandygy barada dowamly maglumatlary beripdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG