Türkmen daýhanlary Halk maslahatynyň sentýabryň aýagynda geçiriljek mejlisinden öň öz ýagdaýlaryna ýene bir gezek ünsi çekip, döwlet baştutanyna seslerini eşitdirmek üçin Azatlygyň ýerlerdäki habarçylary bilen söhbetdeş boldular. Olar kärendeçileri diňe ýokardaky syýasatyň däl, aşakdaky korrupsiýanyň hem ' hor düşürendigini' öňe sürýärler.
Daýhanlaryň içi dertden doly, balkanly kärendeçileriň, ylaýta-da pagta we bugdaý öndürýän daýhanlaryň soňky 20 ýylda, sada dil bilen aýdylanda, ‘käsesi agarmady’ diýip, Balkandaky habarçymyz ýazýar.
Suw, dökün, tehnika meseleleri saklanyp galýar
Gyzylarbat etrabynyň Zaw we Parow daýhan birleşikleriniň ýaşaýjylary suw ýetmezçiliginden, ýaplaryň gazylmazlygyndan, geçiriji turbalaryň düýpli abatlanmazdygyndan şikaýat edip, ‘suw tas gelmeýär’ diýip, habarçymyz bilen söhbetdeşlikde aýtdylar.
Magtymguly we Bereket etraplarynda ýaşaýan daýhanlar mineral dökünleriniň ýetmezçiliginden şikaýat etdiler.
Degişli maglumat
Türkmenistan bugdaý planyny 'doldy'. Bergili çykan daýhanlar prokuratura çagyrylýar“Azot, fosfor, karbamid we ammafoslar etrapdaky dökün ammaryndan daýhan birleşikleriniň ammaryna we daýhanlara baryp ýetýänçä tas 60 göterimi ogurlanyp, ýolda ýok bolup, howada ýitýär” diýip, adynyň aýdylmazlygy şertinde gürleşen kärendeçi aýtdy.
Azatlygyň çeşmeleri, ýagdaýy gowy bilýän hünärmenler ogurlyk, korrupsiýa hadysalarynyň oba hojalygynda ‘görülmedik derejede çuň kök urandygyny we giň ýaýrandygyny’ öňe sürýärler. Ýöne bu ýagdaýy ýerinde barlamak, resmiler bilen açyk gürleşmek mümkinçiligi bolmansoň, oba hojalygyndaky korrupsiýanyň anyk gerimi ýa möçberi hakynda bir zat aýtmak kyn.
2007-nji ýylda häkimiýet çalşanyndan soň yglan edilen oba hojalyk özgertmelerinde oba adamlarynyň meselesini doly çözmek wadasy berildi, döwletiň öndürilen önümlere kesýän nyrhynyň ýokarlandyrylandygy, dökün, suw, tehnika üpjünçiliginiň hiliniň yzygiderli gowulandyrylýandygy aýdyldy.
Wadalar 'kagyz ýüzünde galýar'
Emma daýhanlar hökümetiň berýän wadalarynyň hemişe diýen ýaly, köplenç ýagdaýda kagyz ýüzünde galýandygyny, öz ýagdaýlarynyň ýyldan-ýyla ýaramazlaşýandygyny aýdýarlar.
“Daýhanlaryň hemişe hakyna girýärler, döwletiň ujypsyz satyn alyş nyrhlarynyň arasynda kärendeçiler aşakdaky häkimlik ýa-da daýhan birleşikleri derejesinden has aşakdaky resmiler tarapyndan kyn ýagdaýa salynýar” diýip, habarçymyz bilen aýratynlykda gürleşen kärendeçi aýtdy.
Onuň tassyklamagyna görä, her daýhan birleşigi azyndan 10 sany topara, brigadirler atlandyrylýan emeldarlara bölünip, olar ýetişdirilen pagta hasyly pagta bazalaryna, harmanhanalara barýança bolan aralykda ýygymçylardan, kärendeçilerden hasyly ölçäp almak, ýerleşdirmek üçin bikanun hak alýarlar.
Bir araçy, kiçi topar başlygy 30 kärendeçini öz içine alýan topara ýolbaşçylyk edýär we, söhbetdeşimiziň aýtmagyna görä, ol daýhanlaryň talanmagyny başlap berýän iň kiçi başlyk diýlip bilinýär.
“Soň daýhan birleşikleriniň ýolbaşçylary, dökünçi, zyýankeşlere garşy göreş bölümi, tehnika hyzmaty bölümi, buhgalterler, etraplarda hasyl kabul edýän harmanhanalarynyň terezimanlaryndan başlap, daýhany talamak üçin uzyn zynjyr döredilen, pagtanyň çyglylygyny ölçeýän laborantlara çenli para alýar, ýogsa hasylyň kabul edilmeýär” diýip, kärendeçi aýtdy.
Degişli maglumat
Daýhanlar hasylyň pesdigini, terezide 'haklarynyň iýilýändigini', häkimiýetleriň 'wadada tapylmaýandygyny' aýdýarlarÝerli synçylaryň käbiri oba adamlarynyň, daýhanlaryň garyp düşendigini we bu ýagdaýa getiren kararlaryň hökümetiň halka däl, ozaly özüne eden ‘uly ýamanlygy’ bolandygyny, agrar ýurduň diňe şäher ilatyny däl, oba ilatyny hem esasy azyk, gök-bakja, süýt-gatyk we et-ýag bilen üpjün etmek üçin barha kän azyk importyna garaşly bolýandygyny öňe sürýär.
Daýhanlary '30 ýyl bäri diňlemeýärler'
Anonimlik şertinde gürleşen kärendeçi bu pikir bilen doly ylalaşýar:
“30 ýyldyr daýhanlary diňläp, olaryň meselesini içgin öwrenen ýa öwrenjek bolan ýolbaşçy bolmady. Netijede, çözüljekdigi wada berlen oba meselesi çözülmeýär we daýhan diňe garyplaşdy.”
Daýhanlar ýurduň ilkinji prezidentiniň sebäbi ýer eýesini tapmazlyk diýen bahanada görendigini we häkimleri aýyplandygyny, ikinji prezidentiň bolsa daýhanlary aýyplap, günäni öz üstünden sowjak bolandygyny öňe sürýärler.
“Aslynda daýhana [ýokardakylaryň] akyly, maslahaty gerek däl, oňa hakyky goldaw gerek. Söz bilen däl, netije bilen, zähmet haky bilen. Ýetişdiren hasyly üçin dünýe standartynda pul tölemeli. 5 müň dollar bahasy bolan 1 tonna pagta hasylyna 250 dollar nyrh kesip, onuňam 80 göterimini hyzmatlar üçin tutup galyp, ‘ýer eýesini tapmaly’ diýip, daýhany günäkär etmek oýny uzaga çekdi” diýip, daýhan aýtdy.
Aýry-aýrylykda gürleşen kärendeçileriň birnäçesi häzirki prezidenti öňki iki kommunist prezidente garanyňda ‘has düşünjeli, täzeçe garaýyşly’ hasaplaýar we ýaş prezidente onuň töweregindäki adamlaryň ‘ýol bermeýändigini’ öňe sürýär.
“…töwereginde bolup, apparatda oba hojalyk pudagy boýunça maslahat berýän geňeşçileri öňden gelýän adamlar, olaryň tejribesi häzirki talaplara gabat gelmeýär. Olaryň öňki döwürde alan bilimi, iş tejribesi häzirki prezidentiň döwründe gerek däl. …internet döwründe oba hojalygyna täzeçe pikirli ýaşlary çekmeli. Diňe zähmet haklaryny ýokarlandyrmak, önümleri satyn alyş töleglerini dünýäniň standartyna deňleşdirmek, gerek bolsa ýokary nyrhdan satyn almak bilen, daýhanlaryň işinde uly netijä garaşmak mümkin” diýip, anonimlik şertinde gürleşen kärendeçi aýtdy.
Onuň sözlerine görä, oba hojalygynda we beýleki pudaklarda öňegidişlik bolmagyny islese, prezident komandasyna bilimli ýaşlary çekmeli, ‘kakasy we Nyýazow döwründäki garrylary, şol sanda kakasynam syýasatdan çetleşdirmeli’.
Obalara 'doly boşamak howpy abanýar'
Şeýle-de, aýry-aýrylykda gürleşen kärendeçiler obalaryň doly boşap galmak howpunyň abanýandygyny öňe sürdüler.
Degişli maglumat
Garyp düşen hojalyklar jaýlaryny sarygarynjalardan gorap bilmän kösenýär“Obalar diňe pulsuzlyk sebäpli, daýhanyň hakynyň berilmezligi sebäpli boşap galdy. Daşary ýurtlarda, şol sanda Türkiýede Bereket etrabyndan giden onlarça daýhan oglan işleýär. Olar dört ýyl bäri mal fermalarynda işläp, çopançylyk edip, her aýda 1500 dollar töwereginde zähmet hakyny alýarlar. Türkmenistanda Türkiýede bir aýda gazanjagyňy 5 gektar ýere gowaça ekip, planyňy ýerine ýetirip, 10 ýyl döwlet harmanyna pagta tabşyryp hem gazanyp bolmaýar” diýip, bereketli maldar aýtdy.
Onuň sözlerine görä, adamlar awtokratiýadan ýadady, ne Halk maslahatyna, ne prezidente sözüňi eşitdirip bolýar.
Türkmenistanda häkimiýet çalşanda, halkyň hukuk goraýjy edaralar bilen bagly şikaýatlaryny diňlemek üçin, prezidentiň ýanynda ýörite toparyň döredilendigi aýdyldy we, şikaýat edýän aşa köp bolansoň, bu iş bes edildi diýip, aşgabatly synçy aýdýar. Habarçymyz bilen gürleşen kärendeçileriň biri häzir häzir ýokarky edaralara hat ibermegiň hem howply bolandygyny, il içine MHM bilen bagly her hili gorkunç gürrüňleriň ýaýaradylýandygyny aýtdy.
“Bir zat ýazarsyň welin, kgb gelip gorkuzyp, azar berýär ýa-da näbelli awy bilen öldürýär. Adamlar şol sebäpli ‘ýurduň başyňy iýsin’ diýip, daşary ýurtlara gidenini makul bilýärler” diýip, kärendeçi aýtdy.
Azatlyk bu ýagdaýlar barada Balkan welaýatynyň häkimliginiň, Oba hojalyk, Milli howpsuzlyk ministrlikleriniň işgärleri bilen telefonda habarlaşyp, resmi düşündiriş alyp bilmeýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.