Türkmenistanda geçen aýyň başynda köçe-ýol hereketindäki düzgün bozmalar üçin salynýan jerimeleriň birden birnäçe esse ýokarlanmagy bilen, Aşgabatda Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň (PÝGG) işgärleriniň ilata jerime ýazmagy bilen bagly wakalar göz-görtele köpeldi.
Paýtagtyň we onuň golaýynda ýerleşýän Ahal welaýatynyň ýaşaýjylary jerimelerden halys ýadandyklaryny, munuň köp raýatyň özüni goragsyz duýmagyna we ulag sürmekden saklanmagyna getirýändigini belleýärler. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 27-nji ýanwarda paýtagtdan maglumat berdi.
“Häzir awtoulag sürüjileri üçin gaty kyn ýagdaý boldy. Heniz bir jerimäni töläp ýetişmänkäň, ‘düzgün bozduň’ diýlip, ýene 3-4 sany jerime gelýär. Hojalyklara ugradylýan bu jerime kagyzlarynda we suratlarynda ‘ikinji liniýada sägindiň’, ‘pyýada geçelgeden geçmekçi bolup duran adama ýol bermediň’, ‘ýokary tizlikde sürdüň’ we şuňa meňzeş düşündirişler bar” diýip, aşgabatly ulag eýesi anonimlik şertinde aýtdy.
Degişli maglumat Türkmenistanda ýol hereketiniň düzgün bozulmalary üçin jerimeler 300%-e çenli ýokarlandyAwtoulag sürüjileriniň ençemesiniň aýtmagyna görä, soňky bir aýdan gowrak wagt bäri olaryň her birine günde üç-dört sany jerime ýazylýar we olaryň her biriniň möçberi takmynan 300 manada barabar bolýar.
"Düşnüksiz we gümürtik"
“Bu wakalar ýurtda köçe-ýol hereketindäki düzgün bozmalar üçin salynýan jerimeleriň birden birnäçe esse ýokarlandyrylmagynyň yz ýany güýçlenip, hat-da paýtagtda we onuň golaýynda ýerleşýän etraplaryň arasyndaky uly ýollardaky gizlin wideo kameralaryň sany hem göz-görtele köpeldi. Käbir ýollarda, takmynan 50 kilometr aralykda göçme ýazgy edýän bu kameralaryň 30-dan gowragyna duş gelse bolýar” diýip, ýagdaýlardan habarly ahally ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.
Türkmenistanda köçe-ýol hereketiniň düzgün bozulmalary üçin salynýan jerimeleriň mukdary geçen dekabr aýynyň başynda 300%-e çenli ýokarlandyryldy we bu çäre resmi taýdan adamlaryň “howpsuzlygyny üpjün etmek zerurlygy” bilen düşündirildi.
Ýöne köp adam bu çäräni energiýa serişdelerini eksport edýän döwletiň gaznasyny “garyp düşen halkyň hasabyna doldurmak synanyşygy” hökmünde häsiýetlendirip gelýär.
Ahally we paýtagtly ýaşaýjylar munuň sebäbini jerimeleriň aglabasynyň ‘düşnüksiz we gümürtikdigi, şeýle-de köçe-ýol hereketine degişli ýol belgileriniň we gözegçilik kameralarynyň sanynyň juda artdyrylandygy we olaryň çenden aşa köp ýerde ýerleşdirilendigi’ bilen düşündirýärler.
Galyberse-de, olar häkimiýetleriň “güýçlendirilen tertipde jerime ýazmak” çäresiniň diňe sürüjilere däl, pyýadalara hem ýaramaz täsir edýändigini aýdýarlar.
“Adamlara ‘pyýada geçelgelerden geçmediň, köçäni hapaladyň, çilim çekdiň, nas atdyň, gije aýdym-saz açyp, ümsümligi bozduň, kimdir birine paýyş söz aýtdyň’ ýaly jerimeleri ýazýarlar. Adamlar näme diýilýänine, nämä jerime ýazylýanyna düşünmän galýarlar. Halkymyz bir jerimä doly düşünip düşünmänkä, halka garşy yzygiderli görnüşde täzeden täze jerimeler düzülýär. Bu raýatlara pul ýazyp, gaznany dolmakdan başga zat däl. Olar şeýdip döwlet işinde işleýänleriň aýlyk haklaryny halkyň hasabyna ýygnaýarlar” diýip, aşgabatly ýene bir ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.
Degişli maglumat Ýokarlanan jerimeler adamlaryň 'iki aýagyny bir gonja sokýar' - Çeşmeler"Köp adam juda göwni çökgün ýagdaýda"
Sürüjileriň we pyýadalaryň ençemesi indi köçede ýöremegiň we ulag sürmegiň howply bolandygyny belläp, bu ýagdaýlaryň özlerini goragsyz duýmagyna sebäp bolýandygyny, köp raýatyň ulag sürmekden saklanmagyna getirýändigini hem aýdýar.
“Hakykatda döwlet, hökümet öz raýatyny gorap, onuň durmuşyny ýeňilleşdirmeli. Ýöne köp adam beýle dowam etse, öz çagalarymyzyň agzyndan kesip, bar gazananyňy döwlete tabşyrmaly boljak diýip, juda göwni çökgün ýagdaýda” diýip, aşgabatly ýaşaýjy belledi.
Azatlyk ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada Ahalyň we Aşgabadyň ýol polisiýasyndan teswir alyp bilmedi.
Halkara hasabatlarda dünýäniň iň bir ýapyk we repressiw ýurtlarynyň biri hasaplanylýan Türkmenistanda häkimiýetler we resmi metbugat ilata salynýan jerimeler, köçe-ýol hadysalary, sürüjileriň ýol berýän düzgün bozmalary barada, hatda adam heläkçiligine alyp gelende hem habar bermeýärler.
Türkmenistanda köçe-ýol hereketiniň düzgün bozulmalary üçin jerimeleriň mukdarynyň 300%-e çenli ýokarlandyrylmagy, ýurtda aýlyklary, pensiýalary we kömek pullaryny her ýylyň başynda 10% ýokarlandyrmak boýunça 20 ýyla golaý wagt bäri amal edilen tejribäniň şu ýyldan başlap bes edilen mahalyna gabat geldi.
Ýerli synçylaryň birnäçesi ýurtda dowam edýän ýiti maliýe-ykdysady kynçylyklaryň, giň ýaýran işsizligiň, azygyň we hyzmatlaryň yzygiderli gymmatlamagynyň arasynda kabul edilen bu çäreleriň öňden hem zordan güzeran ekleýän köp hojalygyň gününi has-da agyrlaşdyrjakdygyny aýdyp gelýär.
“Göz öňüne getirip görüň, ilat 10% köpeldilmedik aýlyklardan 300%-e çenli artdyrylan möçberde jerime tölemeli bolýar” diýip, aşgabatly synçy belledi.
Degişli maglumat Balkanyň häkimiýetleri ilat bilen ýygnaklary geçirip, arz-şikaýatlary bes etmegi talap edýärGadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.