Lebap welaýatynda ähli polisiýa ofiserleri bilen gyssagly ýygnak geçirilip, olaryň arasynda gomoseksual gatnaşyklar barada gürrüň edilipdir. Azatlyk Radiosynyň Türkmenistanda LGBTQ adamlaryň ýagdaýy barada 1-nji oktýabrda maglumat çap edilmeginiň yz ýany şol günüň özünde giç agşam geçirilen bu ýygnak barada sebitiň polisiýa edaralarynda işleýän çeşmeler Azatlyga habar berdiler.
Ýygnakda polisiýa ýolbaşçysy işgärlere ýüzlenip, paýyş sözleri ulanypdyr we olara haýbat atypdyr.
"Içeri işler ministrliginiň Lebap welaýatyndaky müdirliginiň ýolbaşçysy işgärlere araňyzda geýleriň hem barlygy açyldy diýip ýüzlendi" diýip, çeşmeleriň biri ýolbaşçynyň geý adamlary kemsidýän paýyş sözleri ulanandygyny we soň, "kelläňiz alnar” diýip haýbat atandygyny gürrüň berdi.
Çeşmeleriň sözlerine görä, ýolbaşçynyň gaharyny getiren esasy zat polisiýanyň öz içinde erkekler bilen jynsy gatnaşykda bolýan işgärleriň bardygy däl-de, bu baradaky maglumatlaryň köpçülige çykmagy bolupdyr.
"Ýolbaşçy muny polisiýany masgaralaýan, onuň öz şahsy pikirine, 'türkmençilik' baradaky düşünjesine laýyk gelmeýän ýagdaý hökmünde kabul edipdir" diýip, beýleki çeşme aýtdy.
Degişli maglumat
Türkmenistanda LGBTQ azlyklaryny ýetginjekleriň arasynda anyklamak boýunça çäre geçirilýärTürkmenistanda gomoseksuallyk kanun taýdan gadagan edilýär. Jenaýat kodeksiniň 135-nji maddasy gomoseksual gatnaşyklar üçin iki ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasyny göz öňünde tutýar.
Howpsuzlyk aladalary sebäpli anonimlik şertinde söhbetdeş bolan polisiýa işgärleri ýygnaga Azatlyk Radiosynyň çap eden maglumaty sebäp boldy diýip, aýdýarlar.
1-nji oktýabrda çap edilen makalada türkmenistanly Arslan öz başdan geçirenlerini Azatlyk Radiosy bilen paýlaşdy.
Türkmenistandaky jyns azlyklaryndan birnäçe adamyň Azatlyk Radiosyna beren öňki maglumatlarynda polisiýa işgärleriniň arasynda hem gomoseksual gatnaşyklaryň däldigi, şeýle kanun goraýjylaryň hem jyns azlyklarynyň wekillerini ýüze çykarmak we yzarlamak işlerine gatnaşýandygyny habar beripdi. Arslanyň başdan geçirenleri barada beren gürrüňi hem muny ýene bir gezek tassyklaýar.
Türkmenistanda gomoseksual gatnaşyklar sebäpli türme tussaglygyny we psihiatrik hassahanalary başdan geçiren 30 ýaşly Arslan polisiýa işgärleriniň arasynda gomoseksual gatnaşyklary saklaýanlaryň bardygyny gürrüň berdi. Şeýle-de, ol kanun goraýjylaryň LGBTQ wekillerini, şol sanda ýetginjekleri özleri üçin ulanandygyny we olary polisiýa bilen işlemäge mejbur edýändigini, şol sanda baý adamlary biabraý etmek we olardan pul talap etmek ýaly maksady bilen peýdalanýandygyny gürrüň berdi.
"Ol ýerdäki ýagdaý gaty erbet. Ýetginjekleri — ýagny 18 ýaşyna ýetmedikleri — özleri üçin işlemäge mejbur edýän polisiýa işgärleri bar. Eger ýaş ýigit gelşikli we zenan häsiýetli bolsa, polisiýa ony öz tarapyna çekýär we işlemäge mejbur edýär; olar ony baý erkekler bilen tanyşdyrýarlar. Oňa biriniň habarlaşmak üçin maglumatyny berip, şeýle diýýärler: 'Onuň bilen gatnaşyk gur, jynsy gatnaşyga gir we şol iş bolandan soň bize habar ber; şonda biz ony tutup, puluny alarys' diýýärler".
Gomoseksual adamlar Türkmenistanda rehimsiz yzarlanýar - tussag edilýär, urulýar we zorluga sezewar bolýar. Şeýle-de olar dereksiz ýitirim bolýar. Diňe käbirleri ýurtdan gaçmagy we ýaşamak üçin täze mümkinçilik tapmagy başarýarlar.
'Bu zatlaryň barlygy bilinýär'
Türkmenabatda polisiýa işgärleri üçin geçirilen soňky ýygnaklar barada habar beren çeşmelere görä, kanun goraýjylaryň arasynda gomoseksual gatnaşykly adamlaryň bardygy hiç kime syr bolman, polisiýa işgärleri kärdeşleriniň arasyndaky şeýle gatnaşyklardan öňden habarly.
"Bu zatlaryň barlygy bilinýär" diýip, polisiýa işgäri gürrüň berýär.
“Işgärler öz aralarynda duşmançylyk ýüze çykan ýagdaýynda bu maglumatlaryň özlerine garşy ulanylmagyndan çekinýärler we özüne garşy kompromat bolmazlygy üçin, bu işlerini gizlin edýärler” diýip, çeşme aýdýar.
Emma onuň sözlerine görä, bu gatnaşyklaryň gizlenmegi olar barada howpsuzlyk edaralarynyň hem hiç zat bilmeýändigini aňlatmaýar. Çeşme käbir polisiýa işgärleriniň jynsy gatnaşyklaryny görkezýän suratlaryň we wideolaryň Milli howpsuzlyk ministrliginiň elinde bardygyny aýtdy.
"Bu barada MHM-daky tanşym gürrüň berdi" diýip, kanun goraýjy edaralaryndaky ýagdaýdan habarly lebaply çeşme aýdýar.
Azatlyk Radiosy polisiýadaky soňky ýygnak barada Lebap welaýatynyň polisiýa ýolbaşçylaryndan we Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginden resmi görnüşde teswir alyp bilmedi. Ýazan hatymyza jogap bolmady.
Lukmanlar-da, ýetginjekler-de häkimiýetiň ünsüni çekipdi
Mundan öň Azatlyk Radiosynyň Türkmenistanda LGBTQ+ adamlaryň ykbaly barada beren ozalky habarlaryndan soň lukmanlaryň arasynda barlag geçirilip, olaryň arasynda adaty bolmadyk jynsy gatnaşykdaky adamlar gözlenipdi. Şeýle-de, türkmen polisiýasy gomoseksual adamlary ýetginjekleriň arasynda tapmak üçin gözleg işlerini geçiripdi.
Degişli maglumat
Jynsy azlyklaryň wekilleri ýurtda özlerine ýowuz daraşylýandygyny aýdýar, Hajyýew 'beýle däl' diýýärÝaňy-ýakynda Arslanyň we ondan öň türkmen türmelerinde oturyp çykan öňki bendileriň birnäçesiniň beren gürrüňlerinden kanun goraýjy edaralaryň dürli gurluşlarynda, şol sanda türme işgärleriniň arasynda hem gomoseksual gatnaşyklary edýänleriň az däldigi mälim bolýar.
Emma türkmenistanly Arslanyň hekaýaty ýurtda diňe bir LGBTQ+ adamlarynyň sezewar edilýän yzarlamalary we rehimsizlikleri barada däl, eýsem jemgyýetdäki giňişleýin ýagdaýy, häkimiýetiň eden-etdiligini hem-de höküm sürýän kanunsyzlygyň gerimini we häsiýetini açyp görkezýär.
Sosial stigma - jemgyýet tarapyndan ýazgarylmak hem möhüm mesele bolup durýar. Türkmen jemgyýetinde gomoseksual adamlara garşy garaýyşlar örän güýçli bolup, bu ýagdaý adaty bolmadyk jynsy gatnaşykdaky adamlara garşy çydamsyzlyk we rehimsizlik atmosferasyny güýçlendirýär.
Syýasy-sosial durmuşy we maglumatlary berk gözegçilikde saklaýan hem-de raýatlary belli bir sosial kadalara mejbur edýän Türkmenistanyň hökümeti dünýäde iň repressiw hökümetleriň biri hasaplanýar; ol başga pikire-de, jemgyýetçilik tankydyna-da, söz azatlygyna-da ýol bermeýär.
Degişli maglumat
'Men başgalara kömek etmekden güýç alýaryn'. Arslan Türkmenistanda LGBTQ adamlaryň ýagdaýyna ünsi çekýärGadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.