Lebap welaýatyndaky bankomatlarda nagt puluň ýeter-ýetmezçiligi dowam edýän mahaly, ýaşaýjylar şäheriň döwlet we hususy eýeçilikdäki dermanhanalarynyň aglabasynda bank kartlary arkaly tölegleriň kabul edilmeýändigini aýdýarlar.
Dermanhana işgärleri munuň sebäbini töleg terminallarynyň işlemezligi ýa-da olaryň täzelenendigi we raýatlaryň bank kartlaryny kabul etmeýändigi bilen düşündirýärler. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 8-nji aprelde sebitden maglumat berdi.
“Türkmenabat şäherindäki welaýat köpugurly hassahanasynda hem-de şäheriň dürli ýerlerinde ýerleşýän birnäçe dermanhanada müşderilerden diňe nagt görnüşinde töleg talap edilýär” diýip, ýakynda şäher dermanhanalaryna aýlanyp gören türkmenabatly ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.
Degişli maglumat
Pul nagtlaşdyrmak 'uly mesele', bankomatlar döwlete işgärlerden 'has gymmat düşýär'Bu ýagdaýy tassyklaýan Çärjew etrabynyň ýaşaýjysy hem şäherde kart arkaly töleg kabul edýän dermanhanalaryň sanynyň juda çäkliligini aýtdy.
“Diňe ‘Ýüpek egrijiler’ etrapçasyndaky dermanhanada we Birinji döwlet dermanhanasynda kart arkaly töleg edip bolýar. Emma bu dermanhanalarda hem dermanlary tapmak kyn, köp dermanyň ýokdugyny aýdýarlar” diýip, çärjewli ýaşaýjy belleýär.
Ýaşaýjylaryň aýtmagyna görä, dermanhana işgärleri nagt tölemegi talap etmekleriniň sebäbini töleg terminallarynyň işlemezligi ýa-da olaryň täzelenendigi we raýatlaryň bank kartlaryny kabul etmeýändigi bilen düşündirýärler.
"Kartlary kabul etmeýän terminaly näme üçin alýarlar?"
“Welaýat hassahanasynyň içindäki dermanhanadan sanjym üçin ampulalary satyn almakçy bolanymda, satyjy kart arkaly tölegi kabul etmekden ýüz öwürdi. Ol ‘terminalymyz täze görnüşli, siziň kartyňyzy kabul etmeýär, şonuň üçin nagt töläň’ diýip, başga düşündiriş bermedi. Raýatlaryň elindäki kartlary kabul etmeýän terminaly näme üçin alýarlar?” diýip, türkmenabatly ýaşaýjy aýdýar.
Ýaşaýjylaryň ençemesi bu ýagdaýlar barada Saglyk müdirligine we Döwlet salgyt gullugynyň ýerli edarasyna edýän şikaýatlarynyň hem oňyn netije bermeýändigini aýdýar.
Olar nagt däl tölegleri amal etmekdäki bökdençligiň arasynda, sebitiň bankomatlarynda nagt tapmagyň juda kyndygyny aýdyp, öz bank kartlaryndaky pullary nagtlaşdyrmak prosesiniň hem “görgi” bolmagynda galýandygyny aýdýarlar.
“Häzirki wagtda bankomatdan gününe iň köp 1000 manat alyp bolýar. Mundan başga-da, nagtlaşdyrmak üçin 0.86% töleg saklanylýar. Iň kyn tarapy bolsa, içinde pul bar bolan bankomat tapmak üçin wagt sarp etmeli bolýar. Sebäbi haýsy bankomada barsaň, içinde puluň gutarandygy barada ýazgy çykýar” diýip, türkmenabatly ýaşaýjy aýdýar.
Türkmenistanda bankomatlar raýatlaryň aýlyklaryny, pensiýalaryny we döwlet kömek pullaryny nagtlaşdyrmagynyň ýeke-täk usuly bolmagynda galýar. Indi 10 ýyldan gowrak wagt bäri raýatlar öz bank kartlaryna geçirilen pullardan diňe bankomatlarda nagtlaşdyrmak ýa-da töleg terminallaryndan töleg geçirmek arkaly peýdalanyp bilýärler.
Degişli maglumat
Marynyň bankomatlarynda nagt ýetmezçiligi ýitileşýär, töleg terminallary işlemeýärAzatlygyň ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada sebitiň degişli häkimiýetlerinden, şol sanda maliýe we saglygy goraýyş müdirliklerinden, şeýle-de agzalan dermanhanalardan resmi teswir almak boýunça eden synanyşyklary oňyn netije bermedi.
Ýygy-ýygydan gaýtalanýan bökdençlikler...
Türkmenistanda ykdysady kynçylyklaryň ýitileşmeginiň arasynda, hususan-da, soňky 10 ýyla golaý wagtyň dowamynda bankomatlarda nagt pul ýetmezçiligi ýygy-ýygydan ýüze çykýar. Munuň bilen bir wagtda, ýurtda nagt bolmadyk tölegleri amal etmek üçin zerur bolan töleg terminallary hem köplenç işlemeýär ýa-da işlemeýandigi aýdylýar.
Bu ýagdaýlar, raýatlaryň bank kartlaryna geçirilen aýlyklaryndan, pensiýalaryndan, döwlet kömek pullaryndan ençeme hepdeläp peýdalanyp bilmezligine, gündelik azyk we hatda derman zerurlyklaryny satyn alyp bilmezligine getirýär.
Bankomatlarda nagt ýeter-ýetmezçliginiň we töleg terminallarynyň kadaly işlemezliginiň ýitileşmegi bilen bagly ýagdaýlar Aşgabat şäherinde we Balkan welaýatynda hem ýüze çykdy. Şuňa meňzeş ýagdaýlar mart aýynyň birinji ongünlüginde Mary welaýatynda hem ýüze çykypdy.
Ýurduň maliýe pudagyndaky sanly ulgamyň kämilleşdirilýändigini ýygy-ýygydan tekrarlaýan türkmen häkimiýetleri we metbugat serişdeleri aýdan-aýa diýen ýaly gaýtalanýan bu ýagdaýlar barada düşündiriş ýa-da maglumat bermeýärler.
Türkmenistanyň Merkezi bankynyň maglumatyna görä, 1-nji ýanwardaky ýagdaýlara laýyklykda ýurtda jemi 36 müň 830 sany POS terminaly we 2 müň 137 sany bankomat bar. Lebabyň söwda nokatlarynda 5 müň 990 sany POS terminaly we 432 sany bankomat ornaşdyrylandyr.
Degişli maglumat
Serhetabatlylar pul nagtlaşdyrmak üçin, 300 km töweregi ýol aşyp, Mary şäherine gatnamaly bolýarlarGadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.