Türkmenistanda tomusky dynç alyş möwsüminiň başlanmagy bilen, Lebap welaýatynda içerki uçar biletleriniň ýeter-ýetmezçiligi ýene ýitileşip, olary satyn almakda ýene-de kynçylyklar emele geldi. Ýolagçylar biletleriň resmi kassalarda we onlaýn ulgamlarda tapdyrmaýandygyny, emma goşmaça pul, para tölenen halatynda, olaryň ýörite “araçylarda” peýda bolýandygyny aýdýarlar. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 24-nji iýunda maglumat berdi.
“Türkmenabat halkara howa menzilinde ýerli uçuşlar üçin bilet tapyp bilmeýän adamlaryň uly nobatlary döredi. Howa menziliniň içinde we kassa penjiresiniň öňünde adamlaryň arasynda basa-baslyk, nägilelik we dawa-jenjeller hem ýüze çykýar” diýip, bu ýagdaýlara şaýat bolýan türkmenabatly ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.
Uçar petekleriniň gytçylygy geçen hepdäniň ahyrynda ýitileşip başlap, welaýat ýaşaýjylarynyň ençemesi esasan Aşgabat ugry boýunça bilet almak üçin howa menzilinde gije-gündizläp garaşmaga mejbur bolýanklaryny aýdýar.
Degişli maglumat
Lebapda otly we uçar petekleriniň gytçylygy korrupsiýany ‘möwjedýär’“Ne resmi web sahypada, ne-de ‘Saraý’ mobil programmasynda bilet bar. Kassadaky işgärler bolsa: ‘Oflaýn satylmaly biletleriň sany gutardy, onlaýn satyn alyň’ diýip, bizi yzyna gaýtarýarlar. Onlaýn hem hiç zat ýok. Adam näme etmeli?” diýip, Dänew etrabynyň bir ýaşaýjysy indi ençeme gün bäri uçar petegini satyn almaga çalyşýandygyny anonimlik şertinde gürrüň berdi.
"Özüňizi bir süri mal ýaly alyp barmaň"
Onuň sözlerine görä, howa menzilinde bäş kassadan diňe biri işleýär. Beýleki kassalaryň näme sebäpden işlemeýändigi barada aeroport resmileri tarapyndan aç-açan düşündiriş berilmeýär.
“Bu hem ýolagçylaryň sanynyň artmagyna we howa menzilinde uzyn nobatlaryň döremegine getirýär” diýip, lebaply ýene bir ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.
Şol bir wagtyň özünde, howa menzilinde işleýän polisiýa işgärleriniň nobatda duran adamlara gödek daraşýan ýagdaýlary hem ýygy-ýygydan ýüze çykýar.
Bilet satyn almaga synanyşýan ýolagçylaryň aýtmagyna görä, polisiýa işgärleri adamlara gygyrýar, olary kemsidýär we ýörite güýçleri çagyrmak bilen haýbat atýar.
“Kassanyň öňünden aýrylyň. Özüňizi bir süri mal ýaly alyp barmaň. Kassanyň öňünde duranyňyz bilen bilet öz-özünden döremeýär. Gaharymy getirseňiz, OMON-y çagyraryn” diýip, lebaply ýaşaýjy polisiýa işgärleriniň biriniň nobatda duran adamlara aýdan sözlerini sitirledi.
Bu aralykda, ýolagçylar ençeme günläp kassalarda we onlaýn tapdyrmaýan petekleri ýörite araçylardan satyn alsa bolýandygyny aýdýar. Ýöne munuň üçin ýolagçylar petegiň döwlet bahasynyň üstüne 1000 manada çenli para bermeli bolýarlar.
“Bilet ýetmezçiligi howa menziliniň administrasiýasy we käbir jogapkär işgärler tarapyndan emeli döredilýäne meňzeýär. Sebäbi araçy hyzmatyny ýerine ýetirýänn girelgede duran polisiýa işgärine ýa-da reýsiň jogapkärlerine resmi nyrhdan birnäçe esse köp pul berseň, bilet tapyp berýärler. Şonuň üçin adamlar biletleriň bardygyny bilýär we kassanyň öňünde dawa edýär. Köp adam bolsa ‘dosadka’ garaşýar” diýip, nobatda duran ýaşaýjylaryň biri bilet üçin soralýan paranyň möçberiniň hem kesgitli däldigini aýtdy.
Bu aralykda, ýolagçylaryň birnäçesi käte maýyplyk derejesi bolan raýatlaryň howa menziliniň ýolbaşçylaryna arza ýazmak arkaly bilet alyp bilýändigini aýdýar.
Degişli maglumat
Türkmenabatda uçar biletleri gytaldy, ýolagçylar howa menzilinde gije-gündiz nobata durýar"Dünýäde iň köp izolirlenen awiakompaniýalaryň biri”
“Hawa, bilet bilen problema bar. Men Aşgabatdan Türkmenabada gelmek üçin howa menziliniň başlygynyň adyna arza ýazdym. Arzada näme sebäpden gyssagly bilet gerekdigini düşündirmeli boldum. Maňa bir sagadyň içinde bilet tapyp berdiler” diýip, Mary welaýatyndan gelen mümkinçiligi çäkli ýolagçy anonimlik şertinde aýtdy.
Azatlygyň ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada Türkmenabadyň howa menzilinden telefon arkaly teswir almak synanyşyklary oňyn netije bermedi.
Şeýle-de, redaksiýamyz ýurtda türkmenistanlylary içerki uçar gatnawlary bilen üpjün edýän ýeke-täk kärhana bolan “Türkmenistan” howa ýollary kompaniýasyndan hem teswir almaga synanyşdy. Ýöne 24-nji iýunda kompaniýanyň resmi web sahypasynda görkezilen telefon belgisine edilen jaňlara hiç kim jogap bermedi.
Türkmen häkimiýetleri ýurduň transport pudagynyň kämilleşdirilýändigini ýygy-ýygydan tekrarlap, wagtal-wagtal “ösüş sanlaryny” mälim edýärler. Muňa garamazdan, Türkmenistanda ilat otly, uçar we awtobus petekleriniň ýeter-ýetmezçiligi bilen ýyllarboýy ýüzbe-ýüz bolýar.
“Türkmenistan” howa ýollary kompaniýasynyň web sahypasyndan onlaýn petek satyn alyp bolmaýandygy baradaky mesele diňe türkmenistanlylar tarapyndan däl, eýse daşary ýurtly syýahatçylar tarapyndan hem wagtal-wagtal gozgalýar.
Dünýäniň dürli awiakompaniýalarynda syýahat edip, başdan geçirýän tejribelerini öz YouTube sahypalarynda paýlaşýan tanymal bloggerleriň birnäçesi “Türkmenistan” howa ýollarynyň web sahypasyndan uçar biletlerini onlaýn satyn alyp bolmaýandygyny aýdyp, ony “dünýäde biletlerini iň kyn bronlap bolýan we iň köp izolirlenen awiakompaniýalaryň biri” atlandyrýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.