Lebap welaýatynyň administratiw merkezi Türkmenabat şäherinde ýerleşýän “Gök” bazarynda söwda edýän telekeçiler sanitariýa-gigiýena gullugynyň işgärleriniň basyşynyň dowam edýändigini aýdýarlar. Azatlygyň ýerli çeşmeleriniň maglumatlaryna görä, mart aýynyň soňundan bäri gözegçilik has-da güýçlenipdir.
Türkmenabadyň “Gök” bazarynda azyk önümlerini satýan telekeçiler sanitariýa işgärleriniň yzygiderli paç talap edýändigini, emma olaryň bu hereketleri üçin kanuny esas görkezmeýändigini belleýärler. Satyjylaryň sözlerine görä, barlagçylar dürli bahana bilen olaryň harytlaryny alyp gidýärler ýa-da pul talap edýär.
“Mart aýynyň ahyrynda bazara gelen barlagçy ‘iri şahly mallaryň arasynda ýokanç kesel ýaýraýar’ diýip, hiç hili resminama görkezmän 5 kilogram etimi alyp gitdi. Munuň üçin pul tölenmedi. Şeýle ýagdaýlar aprel aýynyň ilkinji günlerinde-de dowam etdi” diýip, adyny agzamazlygy soran et satyjysy gürrüň berdi.
Degişli maglumat
Türkmenabatly telekeçiler barlagçylaryň 'paç' talap etmeginden nägileSoňky hepdelerde Lebap welaýatynda iri şahly mallaryň arasynda keseliň ýaýrandygyny we mallaryň haram ölmegine sebäp bolýandygyny ýerli çeşmeler habar beripdi.
Emma telekeçiler degişli döwlet edaralaryň käbir işgärleri mal keselini bahanalap, bu ýagdaýdan öz bähbidi üçin peýdalanmaga synanyşýarlar diýip, pikir edýärler.
“Bu, keseliň öňüni almak boýunça çäre bilen bagly däl. Olar diňe bazara gelip, adamlary gorkuzýarlar. Pul ýa-da haryt bermeseň, ertesi gün gelip, ‘sanitariýa talaplaryna laýyk däl’ diýip söwdaňy ýapdyrýarlar” diýip, süýt önümlerini satýan telekeçi aýdýar.
Azatlygyň çeşmeleri mart aýynyň soňky çarşenbesinde bazarda geçirilen nobatdaky “sanitariýa güni” diýip atlandyrylýan çäreleriň dowamynda hem söwdagärleriň köpüsine basyş edilendigini aýdýarlar. Resmi taýdan bu günler bazaryň arassalanmagy we barlaglaryň geçirilmegi üçin niýetlenen bolsa-da, satyjylar onuň diňe gorkuzmak we paç ýygnamak maksady bilen geçirilýändigini aýdýarlar.
“Et, ýag, süýt önümleri, ýumurtga ýa-da un ýaly önümleri satýanlaryň hemmesi diýen ýaly her aý [gözegçilere] azyndan 1 kilogram haryt ýa-da pul bermäge mejbur bolýar. Aprel aýynyň başynda bu talap has-da güýçlendi. Tölemeseň, söwda stoluňy ýapýarlar ýa-da harydyňy zaýalaýarlar” diýip, başga bir satyjy gürrüň berdi.
Çeşmeleriň maglumatlaryna görä, häzirki wagtda “Gök” bazarynda iki dürli sanitariýa gurluşy hereket edýär — bazaryň öz içindäki gözegçilik bölümi we şäheriň resmi sanitariýa-gigiýena gullugy. Telekeçiler bu iki gurluşyň işgärleriniň biri-birinden garaşsyz ýagdaýda paç talap edýändigini aýdýarlar.
“Öň diňe bazaryň içindäki işgärlere biraz haryt berýärdik. Indi bolsa şäherden gelýänler hem aýratyn paç talap edýär. Mart aýynyň ahyryndan başlap, iki tarapa hem aýratynlykda bermeli bolduk. Bu ýagdaý biziň üçin has uly kynçylyk döredýär” diýip, et satýan telekeçi gürrüň berdi.
Degişli maglumat
Iri şahly mallaryň haram ölmegi bilen bagly ýagdaýlar Lebapda hem köpeldiMaglumata görä pajyn möçberi her satyjy üçin dürli bolýar.
Satyjylar özleriniň ýokary instansiýalara ýüz tutmakdan gorkýandygyny gizlemeýärler. Olar şeýle ýagdaýlary aç-açan aýdýan adamlaryň soňundan dürli bahanalar bilen jogapkärçilige çekilýändigini belleýärler.
“Eger arz etseň, soňra gelip başga bahana tapýarlar — ýa ‘düzgüni bozduň’ diýýärler, ýa-da ‘döwlete garşy çykyş edýärsiň’ diýip basyş edýärler” diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli anonimlik şertinde söhbetdeş bolan çeşmeleriň biri gürrüň berdi.
Telekeçiler özlerinden yzly-yzyna mugtuna haryt alynmagynyň we resmi bolmadyk görnüşde paç talap edilmeginiň girdejileriniň azalmagyna sebäp bolýandygyny we harytlaryň gymmatlamagyna alyp barýandygyny belleýärler.
Degişli maglumat
Türkmenabat polisiýasy bazarlardaky et bahalaryna 'berk gözegçilik' edýär"Bu azyk önümleriniň söwdasyny edýän kiçi telekeçileriň ýagdaýyna ýaramaz täsir edýär. Bahalaryň ýokarlanmagy, ilatyň satyn alyş ukybynyň peselmegi we goşmaça bikanun tölegleriň artmagy olaryň işini has-da kynlaşdyrýar" diýip, lebaply telekeçi aýtdy.
Azatlyk Radiosy "Gök bazaryň" administrasiýasyndan we Türkmenabadyň sanitariýa-gigiýena gullugyndan resmi teswir alyp bilmedi.
Sanitariýa-gigiýena kadalarynyň we gigiýena düzgünleriniň berjaý edilmegini barlamak wezipesini ýerine ýetirýän sebit edarasy Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň düzümine girýär. Saglyk ministrliginiň websaýtynda görkezilen telefon nomerlere jaň edilende jogap bolmady.
Degişli maglumat
Gyrgyzystanyň parlament komiteti epizootik ýagdaýy maslahatlaşýarGadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.