Maryda howa 'howply derejede' gyzýar, adamlar yssydan nädip goranjagyny bilenok

Duralgadaky adamlar. Arhiw suraty

Mary welaýatynda howanyň gyzgynynyň üç günläp öňkülerinden ýokary boljakdygy aýdylyp, adamlara öýden çykmazlyk, ýangyn howpsuzlygyny berjaý etmek tabşyrylýar diýip, sebitdäki habarçymyz 17-nji iýulda habar berdi.

Lebap welaýatyndaky habarçymyz düýn ýerli ýaşaýjylara salgylanyp, termometrleriň +50 gradusy, käbir açyk ýerlerde bolsa hatda +52 gradusy görkezendigini habar beripdiler.

Gelip gowşan habara görä, häzir Baýramalynyň etrap bazarynda gündizine elektrik togy umumy kesilýär, diňe etrap bazary däl, Mary şäheriniň bazarlary hem gündizlerine elektriksiz, toksuz galýar.

Bazarçylara we dükançylara indiki hepdäniň başyna çenli bazarlardaky azyk harytlaryny satmazlyk, dükanlaryny gulplap goýmak tabşyryldy.

Degişli maglumat

Türkmenistanda howa gyzýar: gün uran hassalar köpelýär, elektrik togy kesilýär


Gök, bakja ekinlerini satýan adamlara hem, howanyň aşa gyzmagy sebäpli zaýalanyp biljek önümleri satmaly däldigi duýdurylýar.

Alyp-satyjylar batýar

“Howa hakykatdan hem gowy däl, meniň satýan garpyzlarymyň daş sypaty gowy, emma kesip görsek, içi düşüp başlapdyr ýa-da ýumşapdyr. Biz bu garpyzlary ekip ýetişdirmedik, satyn alyp, peýda görjek bolup satýarys. Emma häzir günüň aşagynda galan garpyzlaryň ählisi zaýalanypdyr, peýdadan geçen, bergä batdyk, zyýan çekdik” diýip, gök, bakja önümlerini satýan adamlaryň biri aýtdy.

Pomidor satyjylary hem zyýan çekendiklerini aýdýarlar.

“Howanyň gündizlerine aşa gyzmagy satjak pomidorlarymyzy eredip, suwa öwürdi. Eliňi degirseň, barmaklaryň pomidoryň içine girýär. Daşyndan gowy ýaly dur, emma eliňe aljak bolsaň, içinden erän bolup çykýar. 4 tonna pomidorym duran ýerinde tomat bolupdyr” diýip, anonimlik şertinde gürleşen satyjy aýtdy.

Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşen hünärmen sebitiň howanyň beýle derejede gyzmagyna düýpden taýýarlyksyz bolup çykandygyny aýtdy.

“Häzir elektrik togy yzygiderli, ençeme sagatlap öçürilýär. Tok sazlaýjy transformatorlar gyzyp, içindäki ýagy gaýnap, ýangyn dörär, partlama bolup, tok üpjünçiligi hatardan çykar, has uly zyýan çekiler öýdüp gorkýarys” diýip, söhbetdeşimiz aýtdy.

Döwlet elektrik stansiýasy 'howp astynda'

Aýry-aýrylykda gürleşen birnäçe hünärmeniň tassyklamagyna görä, Mary döwlet elektrik stansiýasy häzir “ýadrolaryny sowadyp ýetişmän, howp astynda dur”.

“MaryGresdäki elektrik stansiýasynyň üstünden aýlaýan suwy sowap ýetişenok, howp bar” diýýärler, “häzir tutuş şäheriň, şäherçeleriň, etrap merkezleriniň, obalaryň, edara-kärhanalaryň elektrik toklaryny gezekleşdirip öçürmeli bolýarys, önümçilik edýän telekeçiler we zawodlar işini togtatmaly boldular” diýip, bir hünärmen anyklaşdyrman aýtdy.

Saglyk hünärmeni aşa yssy howanyň ýaşuly adamlar, ýaş çagalar, hususan-da öýünden daşary çykman ýaşaýan näsaglar üçin uly kynçylyk döredendigini aýtdy.

Degişli maglumat

Aşgabatda howanyň gyzmagy rekord derejesine golaýlady, elektrik energiýasynyň üpjünçiligi gowşady


“Saglyk ýagdaýy gowy bolmadyk adamlar, elektrik togy ençeme sagatlap kesilip, sowadyjylardan, kondisionerden peýdalanyp bilmän, gaty kösenýärler. Endamy tenip, gyzyl et bolup, dem alyp bilmän, howam gutardy diýip, ýagdaýlary ýaramazlaşyp, aradan çykýanlar hem bar” diýip, söhbetdeşimiz aýtdy.

Türkmenistan maglumat üçin ýapyk ýurt bolansoň, yssy howa zerarly gyssagly saglyk kömegini alan, öýünde ýa-da hassahanada, hassahana getirilýärkä ýogalan adamlaryň sanyny bilip bolmaýar.

Yssy howa awtoulaglary 'hatardan çykarýar'

Azatlygyň habarçysy birnäçe sürüji bilen hem söhbetdeş boldy.

“Awtoulaglar gaty gyzyp, motor ýagy gaýnap, hatardan çykýar. Öň yssy bolsa-da, howa beýle derejede gyzanokdy” diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran sürüji adamlaryň bu howada nädip goranyp boljagyny bilmeýändigini hem sözüne goşdy.

Onuň sözlerine görä, her kim yssydan özüçe goranmaga çalyşýar. Awtoulaglaryny işikde, baglaryň saýasynda, jaýyň kölegesinde biraz işledip, içindäki sowadyjyny ulanyp, kiçi çagalaryny awtoulaga mündürip saklaýanlar hem bar.

“Şeýdip bir çykalga tapmasak, bu gyzgyn howa janymyza degjek” diýip, awtoulagyny çagalary üçin salkyn ýer edip ulanmaga çalyşýan ýaşaýjy aýtdy.

“Watan habarlarynyň” 16-njy iýuldaky howa maglumatynda Maryda howanyň gyzgynynyň gündizine +41-+46 gradus aralygynda yssy bolandygy habar berildi, emma synçylar döwlet eýeçiligindäki metbugatyň köplenç hakyky ýagdaýy aýtmaýandygyny öňe sürýärler.

Şu aralykda adamlar bir-birine, gyzgyn howaly günler geçip, howanyň howry gowşaýança ýumurtga we et önümlerinden gaça durup, süýt-gatyk, süzme çaly, gök önümler bilen mydar etmegi maslahat berýärler diýip, habarçymyz ýazdy.

Türkmen häkimiýetleri metbugat baradaky kanuny bozup, berk senzurany ulanmak bilen, žurnalistleriň tebigy ýagdaýlar, ilatyň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary barada habar bermeklerine ýol bermezlikde tanalýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.