Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda howanyň gyzmagy rekord derejesine golaýlady, elektrik energiýasynyň üpjünçiligi gowşady

Güneşli Türkmenistanda tomus aýlarynda howanyň temperaturasy soňky ýyllarda öňküsinden hem has ýokarlanýar. Aşgabat (arhiw suraty).
Güneşli Türkmenistanda tomus aýlarynda howanyň temperaturasy soňky ýyllarda öňküsinden hem has ýokarlanýar. Aşgabat (arhiw suraty).

Paýtagtda adaty bolmadyk derejede howa gyzýar. Howa maglumatlarynda şu günler howanyň 40-gradusdan esli aşýandygy aýdylýarka, ýerli ýaşaýjylar yssydan goranmagyň kyndygyny, elektrik üpjünçiliginiň ýaramazlaşandygyny sebäpli hatda sowadyjy enjamlaryny ulanmagyň kyndygyny gürrüň berýärler.

"Paýtagtyň ýaşaýjylary yssydan ýaňa janlaryna teselli tapmak üçin gijelerine egin eşiklerini sowuk suwa ezip, soňra sykyp, çygly eşigi geýip, uklajak bolýarlar" diýip, aşgabatly ýaşaýjy 14-nji iýulda gürrüň berdi.

Ol howlyly jaýlarda ýaşaýan hojalyklar "howlusyny suwlap, daşarda, peşehana gurnap gün görýärler" diýip, gürrüň berdi.

Beýleki bir ýaşaýjy ýelpewaç enjamy bar bolsa, adamlaryň şonuň öňünde oturyp ýa-da ýatyp, oňşuk edýändigini, emma toguň kuwwatynyň pesligi sebäpli, elektrik energiýasy bilen işleýän enjamlary, şol sanda sowadyjylary işledip peýdalanmak mümkinçiliginiň köpçülikde ýokdugyny belledi.

14-nji iýulda Aşgabatda howa güneşli 41-den 44 gradusa çenli diýlip, howa maglumatlarynda görkezilýär, onuň 46 gradus derejesinde duýulmagynyň mümkindigi hem bellenýär.

Mary welaýatyndaky habarçymyz şu günlerdäki gyzgyn howada adamlaryň ysgyndan düşýändigini, çaşýanlaryň hem bardygyny aýtdy we lukmanlaryň çagalara we uly ýaşly adamlara daşary çykmaklykdan saklanmagy maslahat berýändigini belledi.

Çagalar, hassalar, sürüjiler, satyjylar, mallar yssydan kösenýär

"Ir sagat 8:00-den soň has beter gyzyp başlaýar we gyzgynlyk agşama çenli dowam edýär" diýip, habarçy Marydaky ýagdaýy suratlandyrdy. Onuň sözlerine görä, Marynyň bazarlarynda günortan elektrik togy öçürilýär, satyjylar bazarlardaky dükanlarynda söwda edip bilmeýärler we köpüsi dükanlaryny ýapyp gitmeli bolýarlar.

"Käbirleri daş-töweregini suwlap salkynlatjak bolýarlar" diýip, habarçy "howanyň tempraturasy +50 gradusdan aşýar" diýip, 14-nji iýulda aýtdy.

Ýerli sürüjiler yssy howada awtoulag sürmegiň örän kyndygyny we hatda ýollaryň örtüginiň hem yssa çydamaýandygyny aýdýarlar.

"Sürüjiler bu gyzgyndan özlerini goramak üçin matalary ölläp kellelerine ýapyp, awtoulaglaryny dolandyrýarlar. Käbirleri bolsa ýol gyralarynda bagyň kölegesinde oturyp, kellelerini suw bilen ölläp 'ýaňy tasdan huşumy ýitirýärdim' diýip aýdýarlar. Häzir ýollar hem gowy däl, gara ýollar bu gyzgyna ereýär we zaýalanyp tolkun atýar" diýip, maryly sürüji aýdýar.

Howpsuzlyk aladalary sebäpli adyny agzamazlyk şerti bilen gepleşen türkmenistanlylaryň Azatlyga aýtmagyna görä, howanyň aşa gyzmagy oba hojalygyna we maldarçylyga hem ýaramaz täsir ýetirýär.

"Iri şahly mallaryň temperaturasy ýokarlanýar, meýdanda otlap ýören mallar içinden gyzgyn geçipmi, nämemi ýaraman ysgyndan gaçýar.

Maryda hem elektrik energiýasy yzgiderli öçýär. "Çagalar bagyndaky körpeler günortanlyk dynç alyşlarynda yssydan ýaňa uklap bilmeýärler. Terbiýeçiler olaryň üstünden yzgiderli suw akdyrmaly bolýarlar" diýip, habarçymyz hassahanalarda hem toguň öçüp durýandygyny, diňe reanimasiýalarda generatoryň işledilýändigini habar berdi.

'Yssyda toguň kesilmegi häsam köseýär'

Aşgabatly çeşmeleriň sözlerine görä, şu günler howanyň juda gyzan wagtynda öýlerde sowadyjylary ulanmak köpler üçin esasy çykalga bolýar.

"Hojalyklar öýlerinde, jaýlarynda oturdan sowadyjy enjamlaryny gije-gündiz işledip jokrama yssydan halas bolýarlar" diýip, paýtagt ýaşaýjysy 14-nji iýulda gürrüň berdi.

Emma paýtagtda sowadyjy enjamlary işletmek şu günler hemmä elýeterli däl. Paýtagtyň käbir etraplarynda elektrik togunyň güýji aşa peselip, hojalyk enjamlaryny ulanyp bolmaýar.

Howpsuzlyk aladalary sebäpli adyny agzamakdan saklanan ýene bir paýtagtly Azatlyk Radiosyna şeýle gürrüň berdi: "Paýtagtyň köp etrapçalarynda we ýaşaýyş toplumlarynda toguň kuwwaty sowadyjy enjamlary işletmäge ýeterlik däl. Şu sebäpli, hojalyklar sowady enjamlary işledip bilmezden, öýüň äpişgelerini we gapylaryny açyk goýup, şemal çekdirmäge, oňşuk etmäge synanyşýarlar".

Paýtagtyň çetindäki ýaşaýyş toplumlarynda ýagdaý has-da kyn.

Herrikgala ýaşaýyş toplumynyň, Gökje ýaşaýyş toplumynyň, Büzmeýin ýaşaýyş toplumynyň, Ýasman salyk ýaşaýyş toplumynyň, Ahal welaýatynyň Gämi ýaşaýyş toplumynyň, Ak bugdaý ýaşaýyş toplumynyň ýaşaýjylary öz öýlerinde elektrik energiýasynyň kuwwatynyň örän gowşakdygyny aýdýarlar.

Ýerli ýaşaýjylar problemanyň yzygiderli dowam edip, häkimiýetler tarapyndan çözülmeýändigini aýdýarlar. Şu sebäpden ýerli olar özbaşdak çäre görmäge mejbur bolýarlar.

Tok öndürýän enjamlara isleg artýar

"Hojalyklar toguň kuwwatynyň pesligi sebäpli, togy sazlaýjy enjamyny satyn almaga mejbur bolýarlar" diýip aşgabatly ýaşaýjylaryň biri generator satyn almak kararyny düşündirýär: "Tok ýetmezçiligi çuňlaşmasa, çözülmeýär".

Aşgabatly çeşmeleriň sözlerine görä, togy sazlaýjy enjamlar 2 müň we 20 müň manat aralygynda satylýar. Bu resmi kurs boýunça 571,4 we 5714,2 müň amerikan dollary aralygynda.

Emma enjamyň gymmatlygy hojalyklary tok sazlaýjy enjamyny satyn almakdan saklamaýar.

Paýtagtly ýaşaýjylaryň ýene biri häkimiýetlere ýüz tutanlara elektrik üpjünçiliginiň ýakyn wagtda sazlanmajagynyň aýdylandygyny gürrüň berdi:

"Aşgabat energiýa kärhanasynyň we Ahal energiýa üpjünçiligi kärhanasynyň ýolbaşçylary, tomus möwsüminiň dowamynda ýeterlik energiýa üpjünçiliginiň bolmajaklygyny dilden ýaşaýjylara duýdurdylar". Çeşme häkimiýet wekilleriniň munuň sebäbini düşündirmändigini aýtdy.

Azatlyk Radiosynyň paýtagty energiýa bilen üpjün edýän edaralardan we Energiýa ministrliginden resmi teswir almak synanyşygy netije bermedi.

Ilatly ýerleriň elektrik energiýasy bilen üpjünçiligi we toguň ýetmezçiligi bilen bagly meseleler tomsuň başyndan bäri ýurduň dürli ýerlerinde ýüze çykýar.

Käbir häkimiýet wekilleri köpçülikleýin sowadyjy enjamlaryň aşa köp işledilmeginiň tok ýetmezçiliginiň ýitileşmegine getirýändigini dilden aýtsalar-da, elektrik hünärmenleri munuň sebäbini toguň aşa köp ulanylmagynda görmän, elektrik üpjünçiliginiň infrastrukturasynyň kadaly däldigine we wagtynda bejerilmeýändigine ünsi çekýärler.

"Howanyň aşa gyzmagy netijesinde elektrik sütünlerinden geçýän geçirijiler gyzýar we simleriň geçirijilik garşylygy sebäpli, geçirijiniň aşa gyzmagyna, eremegine getirýär" diýip, aşgabatly hünärmen aýdýar.

Bu aralykda paýtagtdaky kaşaň binalarda, köşklerde, myhmanhanalarda we döwlet edara jaýlarynda elektrik üpjünçiligi işleýär.

Aşgabatly çeşme energiýa üpjünçilik kärhanalarynyň ýolbaşçylaryna salgylanyp, paýtagtyň merkezini ýeterlikli tok bilen üpjün etmegiň edaranyň esasy wezipesi bolup durýanlygyny" gürrüň berdi.

"Bize paýtagtyň merkezinde ýerleşýän prezident köşgi, döwlet edara-kärhanalarynyň ministrlikleriň binalary döwlet derejesinde wajypdyr" diýip, çeşme aýtdy.

Şu aýyň başynda Maryda we Balkanda uly şäherlerde we obalarda ýaşaýjylar her gün ençeme sagatlap toksuz galýar. Habarçylar energiýa infrastrukturasynyň, şol sanda transformatorlaryň sandan çykmagy bilen bagly ýagdaýlaryň yssyda has hem köpelendigini aýtdylar.

Şu günler yssy howa sebäpli Lebapda awtobus gatnawy selçeňledi. Ýerli häkimiýetler munuň sebäbini düşündirmeýärler, emma sürüjiler asfaltyň aşa gyzmagy sebäpli, ulaglaryň has köp sandan çykýandygyny, hususan-da tekerleriň ereýändigini aýdýarlar.

Howanyň has gyzmagyna garaşylýar

Graşasyz neşir "Türkmenistanyň Hronikasy" şu aýyň başyndan bäri paýtagtyň otellerindäki basseýnleriň işlemeýändigini habar berýär. Neşir Aşgabadyň "Ýyldyz", "Arçabil", "Diwan" we "Oguzkent" ýaly birnäçe uly myhmanhanalarynyň mehur howuzlarynyň tomus möwsüminiň iň gyzgyn döwründe ýapylmagynyň sebäpleri resmi taýdan yglan edilmedi diýip, belleýär. Maglumata görä, "Ýyldyz" myhmanhanasynyň işgäri howuzyň ýapylandygyny neşire tassyklapdyr, emma onuň haçan täzeden açyljakdygyny anyklap bilmändir.

Türkmenistanyň giňişliginde howanyň has hem gyzmagyna we şu hepdäniň ikinji ýarymynda ýokary temperatura rekordlaryny täzelemegine garaşylýar.

"Meteožurnal" neşiriniň maglumatyna görä, 17-18-nji iýulda käbir ýerlerde howa gözegçiliginiň tutuş döwri boýunça iýulyň iň ýokary temperatura rekordlary täzelenip, +49°C gradusa ýetip biler. Munuň ilkinji nobatda Lebap we Mary welaýatlaryna degişli boljagy aýdylýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG