Mary welaýatynyñ Türkmengala etrabynda ilatyň ýaşaýyş jaýlaryny sarygarynja basýar. Jaýlaryň agaçlaryny gemirýän sarygarynja zerarly käbir binalaryň üçekleri opurylýar. Jaýlaryny gorap bilmeýän, häkimiýetlerden hem goldaw tapyp bilmeýändiklerini aýdýan köp oba ýaşaýjysy ýaşap oturan jaýlaryny satlyga çykarýar. Ýöne olar alyjy tapmakda kynçylyk çekýärler. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 5-nji noýabrda sebitden maglumat berdi.
“Häzir jaýymyň üçegini sarygarynja iýip, gutaryp barýar. Jaýymyň üçeklerini saklaýan agaçlary iýip, inçeldip gutaran ýerleri hem bar. Bu bolsa, jaýymyň üçeginiň bir böleginiň opurylmagyna getirdi” diýip, türkmengalaly ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.
Azatlyk söhbetdeşlerimiziň adyny we ýaşaýan obalaryny howpsuzlyk aladalary sebäpli aýtmakdan saklanýar. Ýöne bu ýagdaýlary etrabyň birnäçe obasynda synlasa bolýar.
Degişli maglumat
Garyp düşen hojalyklar jaýlaryny sarygarynjalardan gorap bilmän kösenýärObalardaky her üç-dört hojalykdan biri sarygarynja hüjümine garşy göreşýär. Oba ýaşaýjylarynyň ençemesi sarygarynja garşy dürli himiki serişdeleri ulanýandyklaryny, ýöne tas hiç hili netije bermeýändigini aýdýar.
“Olar ýene köpelýär”
“Himiki serişdelerden soň, sarygarynjanyň möçberi birneme azalsa-da, ýene birnäçe sagat ýa-da bir gün geçip-geçmänkä, olar ýene köpelýär. Olary düýpli ýok etjek serişde tapyp bilmän kösenýäris. Sebitde bu ýagdaý indi üç ýyla golaý wagt bäri dowam edýär” diýip, türkmengalaly oba ýaşaýjysy anonimlik şertinde aýtdy.
Oba ilaty özleriniň ilkibada ýerli häkimiýetlerden, soňra-da etrap ýolbaşçylaryndan kömek sorandygyny, käbir adamlaryň etrap häkimligine çenli baryp haraý gözländigini, ýöne netije bermeýändigini hem aýdýar.
“Häkimlik wekilleri sarygarynja belasy meselesiniň özlerine degişli däldigini, beýleki edaralardan kömek soramagy maslahat berýärler. Ýöne anyk haýsy edara baryp, arz etmelidigimizi düşündirmeýärler” diýip, türkmengalaly ýene bir oba ýaşaýjysy anonimlik şertinde aýtdy.
Häzirki wagtda köp hojalyk sarygarynjaly jaýlarda ýatyp-turmaly bolýar. Köp adam gije ýatan wagty, jaýyň üçeginiň üstlerine ýykylmagyndan alada edip, jaýlaryny satlyga çykarýar, ýöne hyrydar tapdyrmaýar.
Degişli maglumat
Obalar çolarýar, sary garynjalar adamlaryň ýaşap oturan jaýlaryna howp abandyrýar – ýerli ýaşaýjylar“Aý, bu jaýy garynja iýip dynypdyr”
“Gelen adamlaryň hemmesi ‘aý, bu jaýy garynja iýip dynypdyr’ diýip, satyn almakdan ýüz öwürýär ýa-da juda arzana soraýar” diýip, türkmengalaly ýaşaýjy aýtdy.
Azatlygyň ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada degişli ýerli häkimiýetlerden, şol sanda Türkmengala etrap häkimliginden resmi teswir almak synanyşyklary oňyn netije bermedi.
Azatlyk ýurtda uly alada döredýän, oba adamlarynyň iň esasy we zerur emlägi bolan jaýlaryna wehim salýan sarygarynja meselesine şu ýylyň mart aýynda, geçen ýylyň aprelinde, 2024-nji ýylyň iýunynda, 2023-nji ýylyň oktýabrynda hem ünsi çekipdi.
Howanyň üýtgemegi bilen bagly global aladalaryň arasynda, hususan-da, soňky ýyllarda Türkmenistanyň dürli sebitlerinde sarygarynjalaryň, mundan başga-da, zyýankeşleriň, şol sanda çekirtgeleriň we beýleki mör-möjekleriň köpelmegi bilen bagly habarlar has-da ýygjamlaşýar. Bu ýagdaý hususan-da oba ilatynyň durmuşyny bökdeýär.
Türkmen häkimiýetleri şeýle habarlaryň fonunda bu ugurda görülýän çäreler barada hiç hili hasabat bilen çykyş etmeýärler. Ýurduň metbugat serişdelerinde hem, bu ýagdaýlar, mümkin sebäpleri we ilata ýetirýän täsirleri barada gürrüň gozgalyp, habar berilmeýär.
Degişli maglumat
Daşoguz sebitine 'soňky elli ýylda görülmedik çekirtge çozdy'Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.