Maryda mekdep okuwçylary ýüpek gurçugyny arassalamak işlerine köpçülikleýin çekilýär

Ýüpek gurçuklary (Illýustrasiýa suraty)

Türkmenistanda ýüpek gurçugyna ideg edip, pile öndürmek möwsümi dowam edýän mahaly, Mary welaýatynyň orta mekdepleriniň ençemesinde mekdep okuwçylary ýüpek gurçugyny arassalamak işlerine köpçülikleýin çekilýärler.

Çaga we mejbury zähmeti gadagan edýän Türkmenistanda maryly bilim işgärleri munuň “ýokardan berlen tabşyrykdygyny” aýdýan mahaly, ene-atalar bu ýagdaýa alada bildirýärler. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 11-nji maýda sebitden maglumat berdi.

“Bu ýyl welaýatda ýerli hökümet ýüpek gurçugyny saýlamaga we arassalamaga mekdep okuwçylaryny çekýärler. 13-nji aprelden bäri mekdep okuwçylary okuw wagtynda dersleri özleşdirmegiň, öwrenmegiň ýerine, sport zalynda pile gurçugyny arassalamaly bolýarlar” diýip, ýagdaýlardan habarly maryly mugallym anonimlik şertinde aýtdy.

Degişli maglumat

Türkmen pileçileri el kömegine mätäç bolup, 'okuwçylara ýüz tutdy'

Türkmenistanda ýüpek gurçuklaryna ideg etmegi, şol sanda sarym etmegi we köpeltmegi öz içine alýan pile öndürmek möwsümine resmi derejede şu aýyň başynda girişildi.

27-nji aprelde geçirilen hökümet maslahatynda prezident Serdar Berdimuhamedowa hasabat beren Mary welaýatynyň häkimi Döwranberdi Annaberdiýew ýüpek gurçuklaryna ideg etmek işlerinde pileçi kärendeçilere “degişli ýardamlaryň berilýändigini” aýtdy, ýöne munuň jikme-jikliklerini aýdyňlaşdyrmady.

"Bahalar gurçuk arassalamakda görkezilýän netijä bagly bolýar"

Azatlyk Radiosynyň redaksiýasyna gelip gowşan suratlarda 4-5-nji synplarda okaýan çagalardan başlap, 11-12-nji synplarda okaýan çagalara çenli onlarça mekdep okuwçysynyň sport zalynda, ýerde oturyp, ýüpek gurçugyny arassalaýandygyny görse bolýar.

Redaksiýamyz söhbetdeşlerimiziň howpsuzlyk aladalary sebäpli bu suratlary çap etmekden, olaryň haýsy mekdeplerde düşürilendigini ilat köpçüligine mälim etmekden saklanýar.

“Birinji we ikinji sapaklarda 8-nji synpyň okuwçylaryna gurçuk saýladylýan bolsa, üçünji we dördünji sapaklarda 9- njy ýa-da 10-njy synpyň okuwçylary işe çekilýär. Şeýdip, olary gezekleşdirýärler we bu ýagdaý maý aýynyň ahyryna çenli dowam eder” diýip, maryly ýene bir mugallym anonimlik şertinde aýtdy.

Onuň sözlerine görä, derslerde okuwçylara mugallymlar tarapyndan goýulýan bahalar, çagalaryň gurçuk arassalamakda görkezýän netijesine bagly bolýar.

“Gurçuk näçe köp we ýokary hilli arassalanan bolsa, okuwçynyň bahasy şonça ýokary bolýar” diýip, maryly mugallym belledi.

Bu ýagdaýa nägilelik bildirýän ene-atalaryň ençemesi mekdep ýolbaşçylaryna eden şikaýatlarynyň oňyn netije bilen tamamlanmandygyny aýdýar.

“Mekdep ýolbaşçylary ‘bizden hem edilýän talap şu, ýokardan şeýle tabşyryk geldi’ diýip gatyrgandylar. Ene-atalar çagalaryna basyş görkezilmeginden alada edip, sesini çykarmadylar. Şu ýyl mekdebi tamamlaýan okuwçylaryň ene-atalaryna bolsa, mekdebiň ýolbaşçylary, orunbasarlary we synp ýolbaşçylary gowy bahalar we oňat häsiýetnama beriljekdigini aýtdylar” diýip, maryly bir ene anonimlik şertinde aýtdy.

"Halk bilen döwletiň arzuwlary çapraz gelýär"

Ol ene-atalar çagalarynyň bilim almagyny isleýän mahaly, hökümetiň çagalaryň işläp, döwlete hyzmat etmegini ileri tutýandygyny hem belleýär.

Degişli maglumat

Täze buýruga garamazdan, Lebapda mekdep okuwçylary pagta ýygymyna çekilýär

“Halk bilen döwletiň arzuwlary çapraz gelýär. bu ýagdaýlara halka bolup, ýokardan gelýändigi zerarly şikaýat edere ýer hem ýok” diýip, maryly ýene bir ene anonimlik şertinde aýtdy.

Azatlyk ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada sebitiň degişli häkimiýetlerinden, şol sanda Bilim müdirliginden, şeýle-de ýurduň Zähmet we ilaty sosial taýdan goramak ministrliginiň ýerli edarasyndan resmi teswir almaga synanyşdy. Ýöne redaksiýamyzyň 11-nji maýda bu edaralaryň resmi web sahypasynda görkezilen telefon belgilerine eden jaňlaryna hiç kim jogap bermedi.

Türkmenistan çaga zähmetiniň ulanylmagyny, ýagny iş berijileriň, eýeçiligiň görnüşine garamazdan, kämillik ýaşyna ýetmedik işçileri kyn iş şertlerinde, zyýanly ýa-da howply… işlerde ulanmagyny 2005-nji ýylda gadagan etdi.

Şeýle-de, 2024-nji ýylyň 12-nji iýulynda ýurtda 18 ýaşyna ýetmedik raýatlaryň pagta ýygymyna çekilmegini gadagan edýän buýruk hem güýje girdi. Emma muňa garamazdan, Türkmenistanda çaga zähmetinden peýdalanmak we mejbury zähmet tejribesi dowam edýär.

Türkmenistanda pileçilik işlerine çagalaryň hem köpçülikleýin çekilýändigi barada Azatlygyň habarçylary geçen ýylyň maý aýynda hem maglumat beripdiler. Şonda habarçylarymyz söhbetdeş bolan maryly mugallymlar bu hili ýagdaýlaryň gurçuklar saryma duranda hemişe-de edilýändigini gürrüň berdiler.

Türkmen häkimiýetleri we metbugat serişdeleri bu ýagdaýlar barada aç-açan gürrüň gozgamaýarlar.

Degişli maglumat

Býujet işgärleri ýene mejbury ýüpekçilige çekilýär, 'çykalga çäkli'

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.