Şu günler Mary welaýatynyň Türkmengala we Ýolöten etraplarynda Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň (PÝGG) işgärleri motosikl sürüjilerine garşy reýd geçirýärler. PÝGG işgärleri bu reýdleri “ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek tagallalary” bilen düşündirse, sürüjiler muny “ilatdan para almak” çäreleri atlandyrýarlar. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 13-nji awgustda sebitden maglumat berdi.
“Häzir ýol polisiýasynyň işgärleri öz ulaglary bilen motosikl sürüp barýan adamlary, hamala jenaýatçyny tutuşlary ýaly, gabawa alýarlar we olardan motosikliň resminamasyny hem-de özleriniň sürüjiçilik şahadatnamasyny soraýarlar. Bu resminamalary ýanynda bolmadyk sürüjileriň motosiklleri ellerinden alynýar” diýip, bu ýagdaýlara şaýat bolan türkmengalaly ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.
Habarçymyz bu etraplarda esasan maldarçylyk we ekerançylyk bilen meşgullanýan adamlaryň öz çopan goşlaryna hem-de ekin meýdanlaryna motorda gatnaýandyklaryny aýdýar. Iki tigirli ulaglar olar üçin amatly transport serişdesi bolup hyzmat edýär.
Degişli maglumat
Maryda motosikl ogurlygy köpelýärŞol bir wagtda, ol oba ýaşaýjylarynyň köpüsiniň motosiklleri sürmegi öz-özünden ýa-da dogan-garyndaşlaryndan öwrenýändigini belläp, olaryň köpüsinde sürüjilik şahadatnamasynyň ýokdugyny hem aýdýar.
“Hatda oýlanmaga wagt” hem berýärler
Ol munuň sebäbini sürüjilik şahadatnamalaryny edinmek üçin çykdajylaryň müňlerçe manada barabardygy we köp oba ýaşaýjysynyň muny tölemäge maddy mümkinçiliginiň ýokdugy bilen düşündirýär.
“Şeýlelik-de, şu günler PÝGG işgärleri tarapyndan saklanýar we motosiklleri ellerinden alynýan oba ýaşaýjylarynyň sany onlarçadyr diýsek ýalňyşmarys” diýip, ýagdaýlardan habarly ýerli ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.
PÝGG işgärleri bu reýdleri “ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek tagallalary” bilen düşündirýärler. Şol bir wagtda, oba ýaşaýjylarynyň ençemesi muny ilatdan nobatdaky gezek “para almak” çäreleri atlandyrýar.
“Polisiýa işgärleri sürüjilik şahadatnamasy bolmazdan motosikl sürýän sürüjilerden 500 manatdan 1 müň manada çenli para soraýarlar. Parany berip bilmejekdigini aýdýan sürüjilerden bolsa, owlak-guzy, çebiş bermegi soraýarlar” diýip, ýagdaýlardan habarly ýolötenli ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.
Onuň sözlerine görä, polisiýa işgärleri bularyň hiç birini bermäge ýagdaýynyň ýokdugyny aýdýan sürüjilere “hatda oýlanmaga wagt” hem berýärler.
“Olar ‘biz häzir seniň motosikliňi polisiýa bölüminiň duralgasyna alyp gitmeris, 5-6 gün garaşarys, eger şol wagta çenli şu telefon belgisine jaň edip, teklip edilen zatlardan birini bermäge razy bolsaň, onda motosikliňi alarsyň we sürmegi dowam etdirersiň’ diýýärler” diýip, bu ýagdaýlar bilen ýüzbe-ýüz bolan türkmengalaly motosikl sürüjisi aýtdy.
Degişli maglumat
Lebapda saklanan motosikletler 'boşadylmaýar'“Bularyň hiç birini edip bilmän...”
Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakyndaky kodeksiniň 228-nji maddasyna laýyklykda, sürüjilik hukugy bolmadyk adamyň ulag dolandyrmagy binýatlyk mukdaryň bäşisinden sekizisine çenli möçberde jerime salynmagyna ýa-da on bäş gije-gündize çenli möhlete administratiw taýdan tussag edilmegine eltýär.
Häzirki wagtda Türkmenistanda bir binýatlyk mukdary 100 manada barabardyr.
“Käbir adamlar döwlet jerimesini tölemäge çalyşsa, käbirleri ahyr-soňy para, owlak-guzy bermäge razy bolýar. Käbir adamlar bolsa, tanyş-bilişleri arkaly motosikllerini yzyna alýarlar. Ýöne bularyň hiç birini edip bilmän, motosikllerini yzyna alyp bilmeýän oba ýaşaýjylary hem köp” diýip, türkmengalaly ýaşaýjy aýtdy.
Azatlyk ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada degişli ýerli häkimiýetlerden, şol sanda etrap polisiýa bölümlerinden we PÝGG-den resmi teswir alyp bilmedi. Türkmenistanyň döwlet media serişdeleri hem, Türkmengalada we Ýolötende motosiklleriň sürüjilerine garşy güýçlendirilen gözegçilik barada habar bermeýär.
Türkmenistanda motosikl dolandyrýan sürüjilere garşy wagtal-wagtal reýd geçirilip, olaryň resminamalary barlanýar. Ýöne motosikl sürüjileriniň ençemesi häkimiýet wekilleriniň barlag bahanasy bilen özlerinden pul ýa-da owlak-guzy soraýandygyny ençeme gezek habar berdi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.