Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Mary: polisiýa obalarda motosikl sürüjilerine garşy reýd geçirýär


Illýustrasiýa suraty.
Illýustrasiýa suraty.

Şu günler Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynda Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugy motosikl sürüjilerine garşy reýd geçirýär. Bu barada Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysy 21-nji ýanwarda habar berdi.

Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň işgärleri tarapyndan geçirilýän reýdlere ýerli polisiýa işgärleri hem gatnaşýar. Polisiýa edaralary güýçlendirilen gözegçiligiň sebäplerini aýtmaýar.

Azatlygyň habarçysy Ýolöten etrabynda esasan maldarçylyk we ekerançylyk bilen meşgullanýan adamlaryň öz çopan goşlaryna hem-de ekin meýdanlaryna motorda gatnaýandyklaryny habar berýär. Iki tigirli ulaglar olar üçin amatly transport serişdesi bolup hyzmat edýär.

Etrap ýaşaýjylary 21-nji ýanwarda tas uzakly günüň dowamynda gara ýollarda we oba ýerlerindäki beýleki ýollarda polisiýa işgärleriniň motosikl sürüjilerini saklap, olaryň dokumentlerini barlaýandyklaryny aýdýarlar. Polisiýa motosikl sürüjilerinden ulagyň dokumendini we özleriniň sürüjilik şahadatnamalaryny görkezmegi talap edýär.

“Köp motoryň dokumendi ýok. Köp adam çöle gitmek üçin sürüjilik şahadatnamasy bar hem bolsa, ony öz ýany bilen alyp gitmeýär. Öýlerinde goýup gidýär” diýip, Ýolöten etrabynyň Agzybirlik daýhan birleşiginiň ýaşaýjysy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, polisiýa tarapyndan motosikl sürüjilerine garşy geçirilýän reýdler 21-nji ýanwar güni Agzybirlik daýhan birleşiginde hem-de oňa ýanaşyk başga-da birnäçe obada geçirilipdir.

“Şu gün biziň obamyzda we goňşy beýleki obalarda köp motosikl sürüjisi tutuldy. Olaryň ulaglary polisiýa bölümine alnyp gidildi. Polisiýa işgärleri näme sebäpden özleriniň reýd geçirýändiklerini düşündirmeýärler” diýip, ýerli ýaşaýjy aýtdy.

Azatlygyň habarçysyna görä, polisiýanyň güýçlendirýän gözegçiligi käbir oba ýaşaýjylarynda “eýsem, niredir bir ýerlerde bir motosikl sürüjisi jenaýat edip, gaçyp gidipdirmi, şonuň üçin reýd geçirilýärmi” diýen soraglaryň döremegine getirýär.

Türkmenistanyň döwlet media serişdeleri Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň Agzybirlik daýhan birleşiginde hem-de oňa ýanaşyk beýleki obalarda iki tigirli, hereketlendirijisi bolan ulaglaryň sürüjilerine garşy güýçlendirilen gözegçilik barada habar bermeýärler. Motosikl sürüjileri barlag bahanasy bilen häkimiýetler tarapyndan özlerinden pul soralýandygyny aýdýarlar.

Polisiýa bölümine eltilen bir ulagyň sürüjisi ol ýere başga-da köp sanly dokumentsiz motosikliň eltilendigini gürrüň berdi.

“Polisiýa bölümine dokumentsiz tutulyp eltilen motor kän. Men özümiziň çöl meýdandaky çopan goşumyza çörek, çaý we beýleki zerur harytlary eltmeli boldum. Öz obamyň içinde meni polisiýa saklady. Men gaçmadym. Ulagymy sakladym. Menden motoryň dokumendini we sürüjilik şahadatnamamy soradylar. Men “dokument ýok” diýip, jogap berdim. “Asla, öýde-de ýok” diýdim” diýip, çopan ýigit Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Soňra ýaş ýigit saklanan motosikli kakasynyň tanyş üsti bilen polisiýadan yzyna gaýtaryp alandygyny gürrüň berdi.

“Polisiýa müdirliginde işleýän bir tanşy barty. Şonuň ýanyna baryp, bir salymdan motorymy yzyna alyp berdi” diýip, Agzybirlik daýhan birleşiginiň ýaşaýjysy aýtdy.

Onuň sözlerine görä, polisiýa iki tigirli ulagy yzyna bermek üçin “para hökmünde” 200 manat pul sorapdyr. Ýöne taraplar pula derek, iki guzy bilen ylalaşypdyrlar.

“Kiçi awtoulaglary ‘gara detal’ üçin ýygnap dyndylar. Indi gara detally awtoulag galmansoň, motora geçdiler” diýip, ýerli ýaşaýjy aýtdy.

Türkmenistanda häkimiýetler gara we goýy reňkli awtoulaglaryň ak reňke boýalmagyny talap edýärler.

Dokumentsiz motosiklini iki guzy berip, polisiýadan yzyna gaýtaryp alan ýerli ýaşaýjy özüniň ýüzbe-ýüz bolan tejribesinden şikaýat etdi.

“Häzir çopanlaryň hem ýagdaýy öwerlik däl. Öri meýdan gurak. Ot-çöp ýok. Baryndan mydar edip, mallary bir ýerden beýleki ýere sürüp, çölüň içinde ygyp ýörüs... Nähili boldy, meniň aklyma syganok!” diýip, ýolötenli ýaşaýjy aýtdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG