Maryda ýetginjegiň ýitmegi çaga ogurlygy bilen bagly aladalary güýçlendirdi

Haryt bazary. Türkmenistan (illýustrasiýa suraty)

Mary welaýatynda hem çagalaryň ýitirim bolmagy bilen wakalar ýüze çykýar diýip, Azatlygyň ýerli çeşmeleri bir hepdäniň dowamynda üç çaganyň ýitendigini 9-njy oktýabrda habar berdiler. Sebitde şu hepde ýüze çykan ýagdaýlaryň biri gowulyk bilen tamamlanypdyr. Bu ýagdaý Balkan welaýatynda çagalaryň ýitirim bolmagy bilen bagly ýagdaýlar ýüze çykyp, sebitiň orta mekdeplerinde ýygnaklaryň geçirilmeginiň yz ýanyna gabat geldi.

Welaýatda şu hepdäniň içinde eýýäm üç çaga ýitdi diýip, sebitdäki habarçymyz aýdýar. Ol Maryda ýiten bir çaganyň hossarlarynyň onuň suratyny ellerine alyp, köpçülik ýerlerini aýlanyp ýörendigini görüpdir.

Ýene bir ýagdaý Baýramaly şäherinde ýüze çykypdyr. 14-nji mekdebiň ýanynda bir gyzjagazyň ýitendigini ýerli çeşmeler habar berdi. "Bu çaga henize çenli tapylmady" diýip, çeşme 9-njy oktýabrda aýtdy.

Maryda şu hepdede ýiten ýene bir çagany tapmak boýunça geçirilen uly agtaryş işleriniň netijesinde ýetginjek ýaşyndaky oglan tapylypdyr.

Degişli maglumat

Türkmenistanda ýiten çagalar barada habar köpelýär

Azatlyk bilen anonimlik şertinde söhbetdeş bolan çeşmeleriň biri şeýle gürrüň berdi: "7- nji oktýabrda günortandan öň takmynan irden 10:00 töwereginde il içinde "Galkynyş bazar" diýlip bilinýän bazarda gök-bakja önümini satýan bir aýal maşgalanyň ýetginjek ogly ýitdi" diýip, bu ýagdaýdan habarly çeşme gürrüň berdi.

Ol çarşenbe güni duýdansyz ýiten oglany tutuş bazar satyjylarynyň we alyjylaryň ejesi bilen bilelikde gözläp başlandygyny gürrüň berdi. "Çaga tä garaňky düşýänçä tapylmady" diýip çeşme belledi.

Ýetginjegi gören çeşmeler onuň ýaşyny "göräýmäge 13-15 ýaş aralygynda" diýip çakladylar.

'Çaga tapyldy'

Bu ýagdaýdan habarly çeşmeleriň biri kanun goraýjy edaralaryň agtaryş işlerine goşulmagyndan soň çaganyň tapylandygyny aýtdy, emma anyk maglumat bermedi. Gözleglere ähli polisiýa işgärleri, şol sanda dynç alyşdaky işgärler hem çekilipdir.

"Kanun goraýjylaryň ählisi, hatda öýlerinde dynç alyş rugsadyndaky kanun goraýjylar hem iş ýerine çagyrylyp, ol çaganyň gözlegine çykdylar. Häzir ol çaga tapyldy, jany sag" diýip, çeşme aýtdy.

Bu ýagdaýy çeşmeleriň ýene biri tassyklady.

"Häzir bizdenem maglumat gizlenip, hiç zat aýdylmaýar" diýip, sebitiň kanun goraýjy edaralarynyň biriniň işgäri anonimlik şertinde aýtdy. Ol "soňky günlerde çaga köp ýitýär" diýip, sözüne goşdy.

Habar berilmeýär, emma habardar bolmak tabşyrylýar

Marydaky çeşmeleriň sözlerine görä, bu ýagdaýlaryň arasynda çagalar baglaryna gatnaýan körpeleriň we mekdep okuwçylarynyň ene-atalary bilen "uly ýygnaklar geçirilýär.

"Olara habardar bolmak, çagalaryny ýeke bir özlerini hiç ýere goýbermezlik, çagalardan gitjek ýerini aýdyp gitmeklerini talap etmek ýaly tabşyryk berilýär" diýip, çeşmeleriň biri gürrüň berdi.

Ýerli polisiýa agtaryş işlerini, häkimiýetler ene-atalar üçin ýygnaklary geçirýärkä, çagalaryň ýitmegi barada resmi teswirler ýa-da media maglumatlary göze ilmeýär. Tersine, ýerli çeşmeleriň sözlerine görä, häkimiýetler şeýle habarlaryň ýaýramagynyň öňüni almaga synanyşýarlar.

"Bizde bu maglumaty gizlemekçi bolýarlar. Häzir bir ýiten çagany tapdylar, emma tapmadyklaram bar. Resmi habar berilmeýärkä, halk içinde 'çaganyň böwregini, derisini we beýleki organlaryny satýandyrlar' diýen gürrüňler ýaýraýar. Häkimiýetler halka bolýan ýagdaýlary gönüden-göni açyk aýtmaly" diýip, maryly ýaşaýjy öz pikirini beýan etdi.

Howpsuzlyk aladalary sebäpli anonimlik şertinde gepleşen ýene bir çeşme sosial ulgamlaryň käbir ulanyjylaryna çagalaryň ýitirim bolmagyna degişli maglumatlar sebäpli basyş edilýändigini habar berdi: "Bu bolýan wakalary ýapmak üçin organ işgärleri Tik-Tok ulgamynda blogerlere basyş edýärler. Ýöne gynansak-da çagalar ýitýär. Ene-atalar öz çagalaryny daşaryk goýbermekden gorkýarlar".

Azatlyk Radiosynyň Mary welaýatynyň häkimliginden we Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginden teswir almak boýunça eden synanyşyklary oňyn netije bermedi.

Şu aýyň başyndan bäri Balkan welaýatynyň mekdeplerinde hem kiçi ýaşly okuwçylaryň howpsuzlygyna üns artdy.

Degişli maglumat

Türkmenistanda çagalar ýitirim bolýar we zorluga sezewar edilýär. Häkimiýetler ýazga alýarlar, ýöne düşündiriş bermeýärler

Günbatar sebitiň orta mekdeplerinde ene atalar bilen geçirilen ýygnaklarda olaryň öz çaglaryny hut özleriniň mekdeplere gatnatmalydygy tabşyryldy.

Balkanly bilim işgärleri ene atalary hüşgärlige çagyrmak boýunça çäreleriň Türkmenistanda çaga ogrularynyň köpelendigi sebäpli geçirilýändigini Azatlyk Radiosyna aýtdy. "Çagalary ýanynda uly adam bolmazdan, köçä çykarmazlyk tabşyryldy" diýip, balkanly çeşme 1-nji oktýabrda aýtdy.

Şeýle-de, balkanly çeşmeler, hususan-da, Balkanabat şäherinde her bir mekdebiň daşynda azyndan bir polisiýa ofiseriniň nobatçylyk çekýändigini habar berdiler.

Mundan ozal sosial media platformalarynda we messenjerlerde, şol sanda IMO-da çagalaryň ýitirim bolmagy baradaky habarlaryň we bildirişleriň arasynda türkmen polisiýasynyň bildirişleri hem paýlaşylypdy. Türkmenistanda polisiýanyň bildirişleri, şol sanda dereksiz ýiten çagalar baradaky habarlary adatça kanun goraýjy edaralaryň öňünde we ýaşaýyş jaýlaryň girelgelerinde ýerleşdirilýär.

Dereksiz ýiten we öz maşgalalaryna gaýdyp gowuşmadyk çagalar problemasy halkara meselesidir. Çagalary ogurlanmakdan, howp astyna düşmekden we bikanun ekspluatasiýadan goramak meselesine köpçüligiň ünsüni çekmek maksady bilen dünýäde her ýyl 25-nji maýda Ýitirim bolan çagalaryň halkara güni bellenýär.

Degişli maglumat

Balkanyň mekdeplerinde kiçi ýaşly okuwçylaryň howpsuzlygyna üns artdy, 'çaga ogurlygy' sebäpli diýilýär

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.