Maryda ýetginjekleriň toparlanyşyp ogurlyk etmek wakalary köpeldi, häkimiýetler polisiýa gözegçiligini artdyrdy

Ýetginjek oglanlar (Arhiwden alnan illýustrasiýa suraty)

Мary welaýatynda ýetginjekleriň toparlanyşyp ogurlyk, talaňçylyk etmegi ýaly wakalar göz-görtele köpeldi. Olar esasanam mekdep okuwçylarynyň ýoluny baglap, olaryň pullaryny, telefonlaryny we beýleki zatlaryny alýarlar.

Ýerli häkimiýetler bu ýagdaýlar barada aç-açan beýanat ýaýratmaýan mahaly, bilim resmileri ene-atalardan çagalaryny mekdebe getirip we alyp gitmegi soraýarlar. Mundan başga-da, mekdepleriň töweregindäki polisiýa işgärleriniň sany artdyryldy. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 24-nji sentýabrda sebitden maglumat berdi.

“Maryda ýetginjekleriň we ýaşlaryň ogurlyk edýän ýörite topary döräp, olar ýanlary bilen pyçak, çakgy ýaly ýaraglary göterip, barly hojalyklaryň çagalarynyň, esasanam ýaş okuwçylaryň öňünden çykyp, olary gorkuzýarlar we pullaryny, telefonlaryny ýa-da beýleki gymmatbaha zatlaryny alýarlar” diýip, maryly mugallym anonimlik şertinde aýtdy.

Maryly ene-atalaryň ençemesi 1-nji sentýabrda täze 2026-2027-nji okuw ýyly başlanaly bäri şeýle wakalaryň 10-a golaýynyň bolandygyny, bularyň käbirinde çagalaryň ýaralanandygyny hem aýtdy.

Degişli maglumat

Mugallymlar: Ýüzlerçe okuwçy mekdebe barman, sapak döwri dürli işlerde işleýär

“Häzir ene-atalar ‘dik aýak üstünde dur’ diýsek ýalňyşmarys. Sebäbi bu toparyň çagalary talamak bilen çäklenmän, tutulaýjak bolan wagtynda, olaryň elindäki ýaragy çaga sokup gaçyp gitmegi ýaly wakalar hem boldy. Bagtymyza, çagalar agyr ýaralanmandyr” diýip, maryly ene anonimlik şertinde aýtdy.

“Häzire çenli alty sanysy saklandy”

Marynyň polisiýa bölümleriniň birindäki çeşmämiz toparlanyşyp ogurlyk, talaňçylyk edýän ýetginjeklerden häzire çenli alty sanysynyň saklanandygyny aýtdy.

“Bu topardaky ýaşlar mekdebi ýaňy tamamlan ýa-da mekdebe barmaýan 9-njy synpdan ýokary klas okuwçylardyr. Olaryň arasynda gyzlar hem bar. Tutulanlaryň biri öz toparlarynyň uludygyny we Türkmenistanyň ähli künjeginden agzalarynyň bardygyny aýtdy” diýip, çeşmämiz aýtdy.

Çeşmämiz bu toparyň diňe mekdep okuwçylaryny talamak bilen çäklenmän, eýsem ýolda duran awtoulaglary hem açyp, olaryň içinden satyp bolaýjak zatlary ogurlaýandygyny hem belledi.

“Olar kamera bar ýerlerde ýüzlerini maska, kepka bilen ýapyp, özlerini tanatmaýarlar. Häzirki wagtda polisiýa işgärleri şol ýetginjeklerden düzülen topary, hususan-da ony döreden we oňa eýeçilik edýänleri anyklajak bolýarlar” diýip, çeşmämiz aýtdy.

Ýerli häkimiýetler dymýar, ýöne...

Ýerli häkimiýetler bu ýagdaýlar barada aç-açan gürrüň gozgap, beýanat ýaýratmaýarlar. Bu barada Mary welaýat häkimliginiň we Içeri işler ministrliginiň web sahypalarynda hem hiç bir maglumat göze ilmeýär.

Ýöne bu maglumatlaryň fonunda Mary şäherindäki mekdepleriň aglabasynda bilim resmileri esasan kiçi synplarda okaýan okuwçylaryň ene-atalary bilen duşuşyk geçirip, olardan çagalaryny mekdebe getirip we alyp gitmegi soraýarlar.

“Mugallymlar ogrular topary doly saklanyp, tussag edilýänçä, çagalaryň howpsuzlygy üçin munuň möhümdigini aýtdylar. Uly klaslaryň okuwçylaryna bolsa, öýlerine gaýdanlarynda köçelerde ýeke ýöremezlik maslahat berildi” diýip, maryly ýene bir ene anonimlik şertinde aýtdy.

Degişli maglumat

Balkanda sadaka baran onlarça adam palaw üstünde ýakalaşdy

Mundan başga-da, ýerli häkimiýetler Mary şäheriniň köçelerindäki, hususan-da, mekdepleriň töweregindäki polisiýa işgärleriniň sanyny artdyrdylar.

“Polisiýa işgärleri ikiläp nobatçylyk çekýärler”

“Esasanam mekdepleriň golaýyndaky kamera ýok köçelerde polisiýa işgärleri ikiläp diýen ýaly nobatçylyk çekýärler. “Dmitr” atlandyrylýan obada bolsa, polisiýa işgärleri awtoulagly hem aýlanýarlar. Sebäbi bu obada ogurlyk wakalarynyň has köp bolandygy aýdylýar” diýip, şäher ýaşaýjysy anonimlik şertinde aýtdy.

Azatlyk bu ýagdaýlar barada degişli häkimiýetler, şol sanda Mary welaýat Polisiýa we Bilim müdirlikleri bilen telefon arkaly habarlaşyp, teswir almaga synanyşdy. Ýöne redaksiýamyzyň 24-nji sentýabrda bu edaralaryň web sahypalarynda görkezilen telefon belgilerine eden jaňlaryna hiç kim jogap bermedi.

Türkmenistanda soňky ýyllarda ýaşlaryň, ýetginjekleriň gatnaşmagyndaky ogurlyk we talaňçylyk wakalarynyň köpelýändigi barada Azatlygyň habarçylary wagtal-wagtal maglumat berýärler.

Türkmenistanyň häkimiýetleri, şol sanda ýurduň Içeri işler we Bilim ministrlikleri bu ýagdaýlar we munuň sebäpleri barada aç-açan gürrüň gozgamaýarlar. Içeri işler ministrligi şeýle wakalaryň sany baradaky statistikany hem köpçülige ýetirmeýär. Bu ýagdaýlar barada resmi metbugatda hem habar berilmeýär.

Ýöne ýerli synçylaryň, bilim resmileriniň, polisiýa işgärleriniň we ene-atalaryň ençemesi bu wakalaryň köpelmegine, ýurtda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň, giň ýaýran işsizligiň we azyk gymmatçylygynyň arasynda, maşgalalardaky ýeter-ýetmezçiligiň we köp ene-atanyň çagalaryndan uzakda, daşary ýurtlarda zähmet migrasiýasynda bolmagynyň sebäp bolýandygyny aýdýar.

Degişli maglumat

Aşgabatda dükanlardan 'azyk ogurlap tutulýan ýaşlar köpelýär'

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.