Maryly ene-atalaryň onlarçasy 2-nji iýulda Aşgabada baryp, ýurduň Bilim we Adalat ministrliklerindäki häkimiýetlerden çagalarynyň daşary ýurtlardaky okuw töleglerini geçirmegine degişli täze çäklendirmäni çözüp bermegi talap etdi.
Ýöne resmiler olary kabul etmän, ene-atalara ýerli häkimiýetlere ýüzlenmegi tabşyrdylar. Bu barada ýagdaýlardan ýakyndan habarly maryly we aşgabatly ýaşaýjylaryň ençemesi anonimlik şertinde Azatlyk Radiosynyň habarçylaryna gürrüň berdi.
“Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan tassyklanan dört reýting sanawynda ilkinji 1000 uniwersitete däl-de, beýleki daşary ýurt ýokary okuw jaýlaryna okuwa giren talyplaryň azyndan 25 sanysynyň ene-atasy 2-nji iýulda Aşgabada, Bilim we Adalat ministrliklerine arz-şikaýata bardy” diýip, ýagdaýlardan ýakyndan habarly maryly ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.
Degişli maglumat
Türkmen talyplarynyň daşary ýurtlardaky okuw töleglerini geçirmegine degişli täze çäklendirme girizildiMaryly we aşgabatly söhbetdeşlerimiziň aýtmagyna görä, agzalýan iki edara hem ene-atalary kabul etmedi. Olaryň arzlary diňlenmedi.
“Ene-atalar çagalarynyň eýýäm bir ýyl daşary ýurt ÝOJ-ynda “podkurs” [ÝOJ-a taýýarlyk kursy] okap, indi sentýabrdan birinji kursa başlamalydygyny aýdyp, bank arkaly okuw teöleglerini geçirmek ýeňilliginiň öz çagalary üçin-de saklanyp galmagyny soradylar. Ýöne iki ministrligiň hem gapydaky wekilleri olara öz ýerli häkimliklerine we Bilim ministrliginiň welaýatdaky şahamçasyna barmagy maslahat berdiler we olary içeri almadylar” diýip, aşgabatly ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.
Ýatlatsak, geçen aýyň üçünji ongünlüginiň başynda türkmenistanlylar daşary ýurtlaryň ýokary okuw jaýlarynda okamaga taýýarlanýan türkmen ýaşlaryna degişli täze çäklendirme barada bilip galdylar.
"Eden azaplarymyz, çykdajylarymyz puç boldy"
Hökümete tarapdar neşirleriň sosial ulgamlardaky sahypalarynda çap edilen maglumatyna görä, indi diňe Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan tassyklanylan uniwersitetleriň dört sanawyndaky ilkinji 1000 ÝOJ-a kabul edilen türkmen talyplaryna ýerli banklar arkaly okuw töleglerini resmi kurs esasynda geçirmäge rugsat berler.
Bu çäklendirmäni daşary ýurt ÝOJ-laryna okuwa girmäge kömek edýän ýarym-resmi ýerli agenstwalar hem tassyklap, olar ene-atalar beren maglumatlarynda galan daşary ýurt ÝOJ-larynyň ählisine bank arkaly töleg geçirmek mümkinçiliginiň ýatyrylýandygyny aýtdylar.
Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar
Daşary ýurtlarda okamak kynlaşýar: Türkmenistanda täze düzgünler
Häzire çenli daşary ýurt uniwersitetlerinde okaýan türkmenistanlylar ýurduň banklary arkaly dollaryň resmi kursy boýunça okuw töleglerini geçirip bilýärdiler. Bu düzgün häkimiýetleriň 2015-nji ýylyň başynda walýutanyň söwdasyny berk çäklendirmeginiň yz ýanynda güýje giripdi.
Türkmenistanyň Merkezi banky indi 11 ýyldan gowrak wagt bäri dollaryň resmi alyş-çalyş bahasyny 3,5 manat töwereginde saklaýar. Bu aralykda, ýurtda walýutanyň gara bazary emele gelip, 1 dollar 20 manat töwereginde bahalanýar.
Söhbetdeşlerimiziň sözlerine görä, Aşgabada giden ene-atalar çagalary sentýabrdan birinji kursa başlamaly bolup durka, sanawyň daşyndaky uniwersitetler üçin bank arkaly tölegler ýatyrylany sebäpli bar eden azaplarynyň, çykdajylarynyň puç boljakdygyny aýdýarlar.
“Baýramalyly, türkmengalaly, murgaply ene-atalar geçen ýyl çagalarynyň “podkurs” üçin pullaryny elden töländiklerini, ýöne her kursuna $3000-$6000 aralygynda bolan ýyllyk okuw töleglerini döwlet banklary arkaly resmi kursdan geçirmegi umyt edendiklerini aýdýarlar. Ýöne olar häzir gara bazardan dollar satyn alyp, tölegleri geçirmäge mümkinçilikleriniň ýokdugyny, mesele çözülmese, çagalarynyň öýlerine gaýtmaly boljakdygyny aýdýarlar” diýip, ýagdaýlardan habarly ýene bir maryly ýaşaýjy aýtdy.
Paýtagta giden ene-atalaryň arasynda Mara, öýlerine gaýdanlar hem bar, ýöne heniz Aşgabatda galyp, Bilim ministrligine we beýleki döwlet edaralaryna ýene bir gezek baryp görmek isleýänler hem bar.
Degişli maglumat
Türkmen talyplarynyň daşary ýurtlardaky okuw töleglerini geçirmegine degişli täze çäklendirme girizildi"Prezident köşgüniň öňünde durup..."
“Olaryň arasynda prezident köşgüniň öňünde durup, öz çagasynyň hakyny talap etjekdigini aýdýan ene-atalar hem bar” diýip, ýagdaýlardan habarly aşgabatly ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.
Azatlyga bu ýagdaýlar barada ýurduň Bilim we Adalat ministrliklerinden telefon arkaly teswir almak başartmady. Redaksiýamyzyň 3-nji iýulda ministrlikleriň web sahypalarynda görkezilen telefon belgilerine eden jaňlaryna hiç kim jogap bermedi.
Türkmen häkimiýetleri bu çäklendirme we onuň sebäpleri barada aç-açan düşündiriş bermeýän mahaly, ene-atalar muny daşary ýurtlara gidýän ýaşlaryň sanyny çäklendirmek üçin edilýän çäreler atlandyrýarlar.
Ýerli synçylaryň birnäçesi hem soňky ýyllarda ýurduň goşunynda esger ýetmezçiliginiň ýitileşýändigine ünsi çekip, ene-atalaryň aýdanlary bilen ylalaşýandygyny belleýär.
Soňky ýyllarda türkmen goşunyndaky esger ýetmezçiliginiň saglyk ýagdaýy sebäpli harby gulluk borjuny berjaý edip bilmeýän raýatlaryň hem gulluga alynmagyna getirendigi barada habarçylarymyz, harby çeşmelerimiz maglumat berip gelýärler.
Türkmen ýaşlarynyň müňlerçesi daşary ýurtlarda, şol sanda Russiýanyň we Türkiýäniň ÝOJ-larynda bilim alýar. Ýurtda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň arasynda, olaryň köpüsi daşary ýurtlarda okaýan döwri işläp, gazanç hem edýär. Olaryň arasynda okuwy tamamlap, şol ýurtda köp ýyllaryň dowamynda galyp, zähmet çekýänler hem bar.
Soňky ýyllarda türkmen häkimiýetleri daşary ýurtlarda okaýan türkmenistanlylaryň okuw tölegini geçirmek meselesine tapgyrlaýyn esasda çäklendirmeleri girizip gelýär.
Degişli maglumat
Ene-atalar: Çagalarymyzyň okuw tölegini geçirmek üçin $3400-e çenli para bermäge razy bolýarysGadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.