Türkmenistanyň Ýaragly güýçlerinde we beýleki ugurdaş gurluşlarda ýitileşýän esger, harby gullukçy ýetmezçiligi hökümet üçin iň aladaly meseleleriň birine öwrüldi diýip, güýç gurluşlaryndaky çeşmeler habar berýär. Bu habar Serhetabatda, Owganystan bilen araçäkde gulluk edýän esgerleriň şu aýyň başynda ýarag ýetmezçiligi, serhet goragynyň ‘ýaramazlygy’ barada bildiren aladalarynyň yz ýanyndan geldi.
Azatlygyň habarçysy maý aýynda şu ýyl okuwyny tamamlaýan uçurymlaryň arasynda 18 ýaşy dolan ýigitlerden gutardyş ekzamenlerden öň, gyssagly goşun gullugyna çagyrylýandygyny habar berdi.
Azatlygyň Lebap welaýatyndaky habarçysy bu gyssanmaçlyk barada ilkinji gezek 2024-nji ýylyň maýynda habar beripdi.
Oglanlary esgerlige okuw jaýlaryndan alyp gidýärler
“Aşgabatdaky ÝOJ-larda, orta hünär mekdeplerinde okaýan we häzir soňky ders synaglaryny tabşyrýan ýigitler, hökmany harby borçlulyk kanunyna laýyklykda, okuw jaýyndan harby gulluga alnyp gidilýär” diýip, bu ýagdaýa şaýat bolan ýaşaýjy aýtdy.
Onuň sözlerine görä, Aşgabadyň we welaýat harby wekillikleriniň işgärleri paýtagtyň ýokary we orta hünär mekdepleriniň binasyna ulagly gelip, synag otaglarynyň gapysynda garaşyp durýarlar.
“Soňky synagyny tabşyryp, gapydan çykan wagty, haýyny-maýyny bermän, ýigitleri göni ulaglara mündürip, harby bölümlere ugradýarlar” diýip, bu ýagdaýy ikinji çeşme hem tassyk etdi.
Türkmen häkimiýetleri ýurtda dowam edýän ykdysady çökgünlik, işsizlik we migrasiýa meýilleri, demografiýa meseleleri barada anyk gürrüň etmekden saklanýarlar.
“Gulluk ýaşyna ýeten we orta mekdebi tamamlaýan ýigitleriň sanynyň dowamly azalmagy türkmenistanyň Ýaragly güýçleriniň hatarynda, serhet gullugynda, Içeri işler ministrliginiň düzüminde gulluk etmeli harby gullukçylary jemlemek çözmesi kyn mesele boldy” diýip, ýagdaýdan habarly çeşme aýtdy.
Onuň tassyklamagyna görä, bu ýagdaý orta mekdepleri, ÝOJ-lary we ýörite hünär mekdeplerini tamamlaýan talyplary, döwlet synaglaryndan geçen badyna, haýal etmän harby bölümlere ibermek buýrugynyň berilmegine sebäp boldy.
Harby wekillikleriň işgärleri, özlerine berlen buýrugy ýerine ýetirmek üçin, häzir özlerine degişli mekdepleriň we okuw jaýlarynyň binasynda berk nobatçylyk çekýärler.
“Oglanlary daşarda garaşyp duran hossarlary bilen hoşlaşmaga hem goýmaýarlar, derrew ulaga mündürip, ulagy gaty sürüp, alyp gidýärler. Näme üçin beýle gyssanmaçlyk edýärler, ýa oglanlar ulagdan düşüp, gaçar öýdýärmikäler? Esger ýetmezçiligi şeýle uly meselä öwrüldimikä?” diýip, bir ene aýtdy.
Azatlyk bu meselede döreýän soraglara resmi düşündiriş alyp bilmeýär.
Anonimlik şertinde gürleşen öňki harby gullukçynyň tassyklamagyna görä, harby bölümlerdäki esger ýetmezçiligi ýitileşýär we ýagdaý ýaramazlaşýar, okuwyny tamamlaýan oglanlary gyssagly ýygnamak onlarça ýylyň dowamynda dörän meseläni çözmeýär.
Hökümet demografiýa meselelerini aýdyňlaşdyrmaýar
Ýerli synçylaryň we hünärmenleriň tassyklamagyna görä, ýurduň umumy ilat sany barada berilýän maglumatlar o diýen hakykata laýyk gelmeýär we, agyr durmuş şertleri sebäpli, ýurtda iki-üçden artyk çaga edinmek isleýän ene-atalaryň sany ýyl-ýyldan azalýar.
Bu aýdylýanlary “Ene mähri” diýen hormatly ady alýan eneleriň sanynyň düýpli azalmagy hem tassyklaýar.
Döwlet eýeçiligindäki metbugatyň mart aýynda beren habarynda şu ýyl anyk aýdylman, 200-den gowrak enä, sekiz we ondan köp çaga dograndygy üçin, hormatly adyň dakylandygy aýdyldy.
Geçen ýyl bu ada 253 enäniň mynasyp bolandygy aýdylypdy. Azatlyk döwlet metbugatynda berilýän habarlary garaşsyz ýagdaýda barlap bilmeýär.
Hökümet tankytçylary, ýurtdaky agyr durmuş şertleriniň, işsizligiň we soňy görünmeýän zähmet migrasiýasynyň arasynda, Türkmenistanyň barha ulalýan demografiýa aladalary bilen ýüzbe-ýüz bolýandygyny öňe sürýärler.
Dünýäniň maglumat üçin iň ýapyk ýurtlarynyň birinde işleýändikleri üçin, türkmen resmilerinden bu ýagdaý barada hiç bir düşündiriş alyp bolmaýar.
Azatlygyň habarçylarynyň, beýleki garaşsyz neşirleriň maglumatlaryna görä, türkmen goşunynda diňe egerler däl, serkerdeler hem ýetmezçilik edýär.
Türkmen goşunynda tertip-düzgün, azyk meseleleri gowy däl we, aýlyk, jaý ýagdaýy, iş şertleri bilen baglylykda, goşun serkerdeleriniň arasynda işden çykmaga we daşary ýurtlara, zähmet migrasiýasyna gitmäge çalyşýanlaryň sany köpelýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum