Marynyň häkimi Annaberdiýew bir ýyldan soň ýene wezipesinden aýryldy

2023-nji ýylda "gidiberiň" diýlen Annaberdiýewiň hökümet mejlisini terk edýän pursaty

Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow Mary welaýatynyň häkimi Döwranberdi Annaberdiýewi bu wezipä ikinji gezek bellenmeginden bir ýyl soň ýene wezipesinden boşatdy.

Resmi habarda onuň “başga işe geçmegi sebäpli” işden aýrylandygy aýdylýar, ýöne Annaberdiýewiň haýsy täze wezipä geçjekdigi görkezilmedi. Onuň ýerine Oba hojalyk ministrliginiň Ylmy-barlag ekerançylyk institutynyň direktory bolup işlän Batyr Orazgylyjow bellenildi.

Kadr üýtgeşmeleri 10-njy iýulda geçirilen Ministrler kabinetiniň giňişleýin mejlisinde yglan edildi. Mejlisde 2026-njy ýylyň ilkinji alty aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişi we ýolbaşçylary wezipä bellemek hem-de wezipeden boşatmak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Resmi habara görä, Annaberdiýew prezidentiň karary yglan edilmezinden öň Mary welaýatynda ýylyň birinji ýarymynda, hususanda oba-hojalyk pudagynda ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.

Şondan soň Berdimuhamedow Annaberdiýewi häkim wezipesinden boşatmak we onuň ýerine Orazgylyjowy bellemek kararyna gelendigini aýtdy.

Bu Annaberdiýewiň Mary welaýatynyň häkimi wezipesinden ikinji gezek aýrylmagydyr.

Ol ilkinji gezek Mary welaýatyna birnäçe ýyl ýolbaşçylyk edip, 2023-nji ýylyň iýulynda “işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin” wezipesinden boşadylypdy. Şol wagt onuň ýerine Begençmyrat Orazow bellenipdi.

Azatlygyň çeşmeleri we garaşsyz neşirler Annaberdiýewiň şol pursat tussag edilip, 25 ýyl azatlykdan mahrum edilendigini, onuň geleňsizlik we döwlet emlägini talamak bilen bagly aýyplamalar esasynda günäli tapylandygyny aýdypdylar.

Degişli maglumat

Marynyň öňki häkimi tussag edildi. Sebitde giň gerimli barlag geçirilýär

Türkmenistanyň resmi habar serişdeleri Annaberdiýewiň tussag edilendigi, kazyýet işi ýa-da oňa çykarylan höküm barada maglumat bermediler. Azatlygyň şol wagt resmi edaralardan, şol sanda prokuraturadan, häkimlikden kommentariýa almak synanyşyklary hem netije bermedi.

Çeşmeler Annaberdiýewiň 2023-nji ýylyň sentýabrynda öýüne dolanandygyny bellediler. Onuň nähili esasda azatlyga çykarylandygy hem resmi taýdan düşündirilmedi.

2025-nji ýylyň iýulynda, ilkinji gezek wezipesinden aýrylmagyndan iki ýyl soň, Serdar Berdimuhamedow Annaberdiýewi gaýtadan Mary welaýatynyň häkimi wezipesine belledi. Şonda ol Begençmyrat Orazowy çalşypdy.

Şeýlelikde, uzak möhletli türme jezasyna höküm edilen Annaberdiýew azatlyga çykarylandan soň öňki wezipesine dolandy, ýöne aradan bir ýyl geçensoň ýene häkimlikden aýryldy.

Resmi maglumatlarda onuň öňki kazyýet işi barada hiç zat aýdylmaýar. 10-njy iýulda ýaýradylan permanyň tekstinde diňe onuň “başga işe geçmegi sebäpli” wezipesinden boşadylýandygy bellenilýär.

Ýene 2 häkim çalşyldy

Hökümet mejlisinde Mary welaýatyndan başga-da, Lebap we Balkan welaýatlarynyň ýolbaşçylary hem çalşyldy.

Durdy Genjiýew Lebap welaýatynyň häkimi wezipesinden boşadyldy. Ol bu wezipäni Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň başlygy wezipesi bilen bir wagtda alyp barýardy.

Genjiýew 2025-nji ýylyň iýulynda Lebap welaýatynyň häkimi wezipesine bellenipdi. 10-njy iýuldaky kararda onuň diňe welaýat häkimi wezipesinden boşadylandygy aýdyldy. Onuň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň başlygy wezipesindäki ýagdaýy barada täze karar yglan edilmedi.

Lebap welaýatynyň täze häkimi wezipesine şol wagta çenli Balkan welaýatyna ýolbaşçylyk eden Hojamyrat Aşyrmyradow bellenildi. Balkanyň häkimi wezipesine Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň häkimi bolup işlän Röwşen Jumaýew bellenildi.

Ak bugdaý etrabynyň häkimi wezipesine bolsa öň şol etrabyň häkiminiň orunbasary bolup işlän Ezizgeldi Aşyrow geçirildi.

Beýleki ulgamlaraky kadr üýtgeşmeleri

Prezident Gurbangeldi Garlyýewi “başga işe geçmegi sebäpli” “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň başlygy wezipesinden boşatdy. Onuň täze iş ýeri resmi habarlarda görkezilmedi.

Garlyýew “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasyna üç ýyla golaý wagt ýolbaşçylyk etdi. Bu korporasiýa ýurduň ýerasty baýlyklaryny gözlemek we geologiýa-barlag işlerini alyp barmak üçin jogapkär esasy döwlet düzümleriniň biridir.

Onuň ýerine “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary bolup işlän Berdimyrat Amanow bellenildi. Prezidentiň permanyna laýyklykda, Amanow “Türkmengeologiýanyň” başlygy wezipesine bellenmegi bilen “Türkmengazdaky” öňki wezipesinden boşadyldy.

Mundan başga-da, prezident Atageldi Şamyradowy “işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin” medeniýet ministri wezipesinden boşatdy. Resmi habar serişdelerinde bu “düýpli kemçilikleriň” nämeden ybaratdygy aýdyňlaşdyrylmady. Şamyradow Medeniýet ministrligine dokuz ýyla golaý ýolbaşçylyk edipdi.

Täze medeniýet ministri wezipesine öň ministriň orunbasary bolup işlän Gurbanmyrat Myradalyýew alty aý synag möhleti bilen bellenildi.

Şeýle-de Berdimuhamedow “Nesil” gazetiniň baş redaktory Artykguly Hojaberdiýewi “işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin” wezipesinden boşatdy. Resmi habarda baş redaktoryň haýsy kemçilikler sebäpli işden aýrylandygy barada goşmaça maglumat berilmedi.

Neşiriň täze baş redaktory wezipesine Hallygözel Şanazarowa bellenildi. Ol hem bu wezipä alty aý synag möhleti bilen getirildi.

10-njy iýuldaky giňişleýin mejlisde prezident hökümet agzalarynyň we beýleki ýolbaşçylaryň 1-nji awgustdan 1-nji sentýabra çenli zähmet rugsadyna çykmagyna rugsat berdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.