Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Mary: baýramalyly zenanlar welaýat häkimliginde protest geçirip, tok ýetmezçiligini çözmegi talap etdiler

Mary welaýat häkimligi (arhiw suraty)
Mary welaýat häkimligi (arhiw suraty)

Baýramaly etrap geňeşlikleriniň ýaşaýjylary Mary welaýatynyň häkimligine baryp, öýlerinde elektrik energiýasynyň kesilmegi barada şikaýat etdiler. Azatlygyň ýerli çeşmeleri häkimlikde toplanan ýüzlerçe adamyň protest bildirendigini habar berdiler.

Marynyň welaýat häkimligine baran ýüzlerçe adam, aglaba köpüsi aýallar, häkimligiň öňünde jemlenip, 'tä häkim çykyp biziň arzymyzy diňläp geňeşlikleriň elektrik tok meselesini çözüp berýänçä, biz hiç ýere butnajak däl' diýip aýtdylar diýip habarçymyz 19-njy iýunda habar berdi.

Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşen ýerli çeşmeleriň sözlerine görä, protest 17-nji iýunda geçirilipdir.

Bu ýagdaýy gören maryly ýaşaýjylar häkimlige baran etrap ýaşaýjylarynyň örän aladaly bolup, käbirleriň hatda gaharly gepländigini gürrüň berdi: "Eger-de bu ýerden kowsaňyz, biz häkimiň nirede ýaşaýandygyny bilýäris, biz onuň öýüne çagalarymyzy, garrylarymyzy, syrkawlarymyzy alyp bararys. Goý biz onuň öýünde ýaşaly, olam biziň öýümizde ýaşap görsün diýip gygyryşdylar" diýip, şaýat gürrüň berdi.

Şu günler howanyň gyzgynlygy örän ýokarlandy. Hususan-da, Maryda kölegede howanyň gyzgynlygy 45 gradusa ýetýär diýip, habarçylarymyz şu hepdäniň başyndan bäri habar berip gelýär. Bu yssyda elektrik energiýasy kesilýär, adamlar yssyda toksuz hem galýar.

Häkimiýetler şeýle kynçylyklary häkimlik wekillerine habar bermek üçin çarşenbe güni baran etrap ýaşaýjylary kowmaga synanyşypdyr.

Habarçymyz ilki başda 4 sany polisiýa ulagy gelip arz-şikaýatlaryny aýtmaga baran adamlary kowjak boldy diýip, gürrüň berdi: "Çalt welaýat häkimliginiň öňünden gaçyň, gidiň, bolmasa häzir sizi polisiýa bölümine ýygnarys" diýdiler diýip, habarçy polisiýa işgärlerini sitirledi.

Arzyny aýtmaga baran ýüzlerçe adam hiç ýere gitmejegini aýdypdyr."Biz hiç ýere gitjek däl, biz entägem bir bölek bolup gaýtdyk, häzir yzymyzda galanlara jaň aýlap gel diýsek, bu ýere 2 müňden gowrak adam ýygnanar" diýip, habarçymyz protestçileri sitirledi.

Onuň sözlerine görä, protestçiler dargamansoň, häkimligiň ýolbaşçysy we işgärleri çykypdyr.

"Öňde galkan hökmünde welaýat häkimliginiň işgärlerini we polisiýa işgärlerini tutup, özi olaryň yzlarynda durup, 'men häkim, näme arzyňyz bar' diýip biri gygyrdy" diýip, bu ýagdaýy görenleriň biri gürrüň berdi.

'Elektrik togumyz kesilýär, düzedip beriň'

Welaýat häkimligine üýşen adamlar geňeşliklerinde elektrik togunyň ýokdugyny, transformatorlaryň könedigini we şu sebäpden sandan çykýandygyny habar beripdir.

"Howa gyzsa gaýnaýar, hatardan çykýar, ot alyp ýanýar, gyş pasly yzygiderli elektrik togumyz kesilýär, düzedip bilmeseň, prezidente aýdyp bilmeýän bolsaň, onda bizi otagyňa sal-da göni ýaýlymda bizi prezident bilen çat. Biz başymyzdan her gün geçirýän kynçylyklarymyzy aýdyp bereli" diýip, habarçymyz protestçileri sitirledi.

Onuň sözlerine görä, welaýat häkimi "indiki hepdäniň 1-nji gününe çenli meseläni çözjekdigini" aýdypdyr, emma adamlar "ýok häzir, şu güni çöz diýip, gygyryşanlaryndan soň "bolýa şu altynjy-bazar günlerine çenli maňa wagt beriň, meseläni çözüp aradan aýyrjak" diýip söz beripdir we şondan soň adamlar dargapdyr.

Azatlyk Radiosy Marynyň welaýat häkimliginden tesir alyp bilmedi. Eden telefon jaňlarymyza jogap berilmedi.

'Transformatory çalyşarys diýdiler'

Emma Baýramalynyň etrap ýaşaýjylarynyň sözlerine görä, gysga wagtdan soň Baýramaly etrap geňeşlikleriniň başlyklary we arçynlary ýerli ýaşaýjylara habar ýetirip, etrapda täze transformatorlaryň oturdyljakdygyny mälim edipdir.

"Şu güni ýa-da ertir umumy tok öçer, gorkmaň we aljyrap ýaramaz hereket edäýmäň, biziň etrabymyza täze transformator gelýär. Öňki güýji pes transformatorlary aýyryp, täze has güýçlüsini oturdarys" diýip, ýerli ýaşajylaryň biri häkimiýetleriň aýdanlary barada gürrüň berdi.

Baýramalynyň ýaşaýjyarynyň sözlerine görä, elektrik togunyň üpjünçiligi ýyllarboýy gowşaklygyna galýar, yssyda tok has köp kesilýär. Tok bolan wagtynda-da onuň güýçji iňňän pes bolup, hatda hojalyk gurallaryny işledip bolmaýar.

"Biziň etrabymyzda elektrik togunyň güýji 110 wolt ol jaý sowadyjysyny, hlodinigi, kondisionery, suw nasosy işledip bilmeýär, zordan wentilýator işleýär" diýip, ýaşaýjy gürrüň berdi.

Türkmenistanda, şol sanda paýtagtda şu günler howanyň güýçli gyzmagynyň arasynda elektrik energiýasynyň sarp edilişi artýar, ýaşaýjylar öýlerinde sowadyjylary işledip, yssydan goranmaga synanyşýar. Köne transformatorlarda ýangyn döreýär. Hassahana ýüz tutýanlaryň sany artýar, köçelerde huşuny ýitirýän köpelýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG