Mekdeplerde okuw kitaplary ýygnalýar, mugallymlar prezidentiň suratynyň 'abatlygyny' barlaýarlar

Türkmenistanda häzirki we ozalky prezidentleriň suratlary çapdan çykýan kitaplaryň tas ählisinde ýerleşdirilýär.

Okuw ýylynyň soňlanmagy bilen mekdeplerde okuwçylardan kitaplar ýygnalýar. Mekdep mugallymlary çagalaryň tabşyrýan okuw kitaplarynda prezidentiň suraty ýerleşýän sahypany ünsli barlaýarlar. Bu sahypanyň zaýalanan halatynda mugallym güýç edaralaryna hasabat bermäge borçly edilýär.

Türkmenistanyň prezidentiniň suraty dürli dersler boýunça okuw kitaplarynyň birinji sahypasynda ýerleşýär, suratyň ýanynda döwlet baştutany aýtdy diýlip, şol ders bilen bagly sözleri hem sitirlenýär. Hut şu sahypa tabşyrylýan kitaplarda düýpli barlanýar.

"Sebäbi mekdep okuwçylary kitaplarda Serdar Berdimuhamedowyň suratynyň üstüne galam bilen atanak çekmek, murt, sakgal goýmak ýa-da gulagyna gulakhalka dakylanyny şekillendirýän suratlary çekýärler" diýip, paýtagtly mekdep mugallymy gürrüň berdi. "Şol sebäpden mugallymlar kitaby kabul eden mahaly kitapda prezidentiň suratly sahypalaryny açyp, barlap kabul edýärler" diýip, ol sözüne goşdy.

Degişli maglumat

Tejende ilkinji gezek mekdebe barýan körpelerden okuw kitaplaryny satyn almak talap edildi

Okuw möwsüminiň aýagynda tabşyrylýan okuw kitaplarynyň ençemesinde bu suratly sahypa zaýalanan bolup çykýar.

"Köp kitaplarda prezidentiň suraty çyzylan bolýar" diýip, ýene bir bilim işgäri mugallymlaryň şeýle hadysalar barada öz ýolbaşçylaryny we güýç edaralaryny habarly etmäge borçludygyny belledi. Emma onuň sözlerine görä, köp halatlarda hem mugallymlar, hem-de ene-atalar ýagdaýy ýaşyrmagy makul bilýärler.

"Mugallymlar bu ýagdaý barada degişli gulluklary habarly etmeli. Emma olar özleriniň öz garamagyndaky okuwçylary terbiýeläp bilmezlikde we wezipesine hötde gelmezlikde aýyplanmakdan gaça durýarlar. Olar okuwçylardan çyzylan kitabyň deregine täze kitap satyn almagy talap edilýär" diýip, aşgabatly bilim işgäri gürrüň berdi.

Mekdep okuwçylarynyň ene-atalary hem okuwçylaryň hossarlarynyň wakanyň mekdebiň daşyna çykmagyndan howatyrlanýandygyny we goşmaça çykdajylara garamazdan, täze kitap satyn almaga kaýyl bolýandygyny gürrüň berdiler.

"Her okuw möwsüminiň soňunda ýüze çykýan şeýle ýagdaýlar maşgala býujetine goşmaça çykdajy bolýar" diýip, aşgabatly ýaşaýjy aýtdy.

Ol ýurt ýolbaşçy suratlarynyň okuw kitaplarynda ýerleşdirmeginiň sowet döwründen bäri dowam etdirilýändigini belläp, okuwçylaryň olary mydama zaýalap gelendigini ýatlady.

"Okuw kitaplarynda ozal sowetler döwletiniň düýbüni tutujy Wladimir Leniniň sözleri we suratlary bolardy, soň onuň ýerine Saparmyrat Nyýazowyň suraty peýda boldy, ondan soň Gurbanguly Berdimuhamedowyň häzir Serdar Berdimuhamedowyň suratlary ýerleşdirilýär. Çagalaryň we uly adamlaryň tele we radio ýaýlymlarda irden agşama çenli her haçan görýäni prezidenti mahabatlandyrmak syýasaty" diýip, aşgabatly ýaşaýjy aýtdy.

Azatlyk Radiosy bilen gepleşen aşgabatly bilim işgärleri we ene-atalar howpsuzlyk aladalary sebäpli anonimlik şertinde söhbetdeş boldular.

Degişli maglumat

Mugallymlardan sapaklarda prezidentiň syýasatyny wasp etmek talap edildi

Türkmenistanda häzirki we öňki prezidentleriň suratlary jemgyýetçilik ýerlerinde, edara-kärhanalarynda, okuw jaýlarynda, çapdan çykýan neşirlerde, şol sanda okuw kitaplarynda uly möçberde çap edilýär. Mekdeplerde ýerleşdirilýän portretler möwsümleýin görnüşde täzelenip durýar. Munuň üçin işgärlerden we okuwçylardan her ýyl azyndan iki gezek pul ýygnalýar.

Ýurt häkimiýetleri ilatyň, şol sanda mekdep okuwçylarynyň pul töläp mejbury abuna ýazylýan gazet-žurnallary hojalyk zerurlyklary üçin ulanmazlygyna hem gözegçilik edýär. Muňa Bedimuhamedowlaryň metbugat sahypalaryndaky suratlary sebäp bolýar.

Geçen ýyl Balkan welaýatynyň howpsuzlyk gulluklary býujet işgärlerinden abuna ýazylan gazet-žurnallarynda prezidentiň we onuň kakasynyň suratlary bolan sahypalary hojalyk maksatlary üçin ulanmajagy hakda dilhaty almak boýunça guramaçylykly çäre geçiripdi.

Degişli maglumat

Aşgabatly okuwçylardan täze prezidentiň suratlaryny satyn almak we mekdebi abatlamak üçin pul toplanýar

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.