MHM-niň ‘işi köpeldi’; raýatlara sosial torlardan daş durmak tabşyrylýar

Bezeg suraty

Internetde çykyş edip, Türkmenistanda çözülmedik meselelerine çözgüt gözleýän, ýurt içinde ýüz tutup, degerli jogap alyp bolmaýan ýolbaşçylara daşary ýurtlardan, sosial ulgamlar arkaly ýüzlenýän raýatlar Aşgabat üçin ‘uly mesele öwrülýär’. Synçylar türkmen häkimiýetleriniň haýbat, gorkuzmak ‘gurallarynyň’ il içindäki nägileligi ‘basyp saklap bilmeýändigini’ aýdýarlar.

Türkmenabatda saglyk, bilim işgärlerine VPN ulanmazlyk, TikTok, YouTube we Instagram ýaly sosial torlara girmezlik barada duýduryş berildi, hökümeti tankytlaýan kanallara ýazylmagyň we olaryň maglumatlaryna “laýk” basmagyň raýatlary “derde salyp biljekdigi” aýdyldy diýip, Lebapdaky habarçymyz ýazýar. Şäher polisiýasyndaky çeşme we IT hünärmenleri bolsa, VPN ulanmazlyk baradaky duýduryşlaryň fonunda MHM işgärleriniň käbiriniň VPN satyp, gazanç edýändigini öňe sürýärler.

Bu habar Azatlygyň bilim pudagynda işleýän synçynyň onlaýn ýüzlenmeleri we türkmen raýatlarynyň öz ýüzbe-ýüz bolýan adalatsyzlyklaryna gözleýän çäreleri barada ýazan synyny çap eden wagtynyň yz ýanyna gabat geldi.

Degişli maglumat

Ýerli synçy: Onlaýn ýüzlenmeler raýatlaryň ýerlerde adalat tapmak kynçylygyny görkezýär

Hökümetden 'ýüz tapmadyklar' internete ýüzlenýär

Azatlygyň ençeme söhbetdeşleriniň tassyklamagyna görä, dünýäniň iň ýapyk we repressiw ýurtlarynyň biri bolan Türkmenistanda soňky döwürde ‘barara gapy tapman, öz sesini internet arkaly eşitdirmäge synanyşýan adam barha köpelýär we sosial media ilatyň tas soňky umydyna öwrülýär.

Türkmenabat şäheriniň 2-nji we 3-nji saglyk öýleriniň işgärleri, 15-nji we 28-nji mekdepleriň mugallymlary habarçymyz bilen aýry-aýrylykda gürleşip, 9-njy oktýabrda geçirilen ýygnaklarda işgärlere sosial torlardaky hereketleri bilen baglylykda haýbat atylandygyny aýtdylar.

Çeşmeleriň tassyklamagyna görä, saglyk öýleriniň birindäki ýygnaga gatnaşan resmi işgärleriň telefonlarynyň hem barlanyp bilinjekdigini duýdurypdyr.

Saglyk işgärleri ýygnaklaryň edaralaryň mejlisler zallarynda geçirilendigini, oňa raýat eşiklerini geýen, ýöne Milli howpsuzlyk ministrliginiň (MHM) işgärleridir öýdülýän resmileriň gatnaşandygyny aýdýarlar.

“Esasan raýat eşigindäki bir erkek adam gürledi. Ol özüni Aman diýip tanatdy, teke şiwesinde gepleýärdi. ‘Ýurdumyzy garalaýan TikTok kanallaryna ýazylmaň, olara laýk basmaň. Özüňizi derde salmaň, bize-de iş bolup ýörmäň’ diýdi” diýip, anonimlik şertinde maglumat beren saglyk işgäri aýtdy.

Onuň sözlerine görä, Aman atasynyň adyny, işleýän ýerini, wezipesini aýtmady. Onuň çykyşyndan soň edara ýolbaşçysy watançylyk barada gürrüň etjek boldy, ýöne iş wagty tamamlanan işgärler ýygnagyň uzaga çekmeginden nägilelik bildirdiler.

“Zalda oturanlar: ‘Biz onsuzam patriot, bu zatlara düşünýäris. Iş wagty gutardy, tizräk öýe baraly’ diýşip, ýygnagy tamamlamagy haýyş etdiler” diýip, çeşme aýtdy.

Şäheriň 2-nji saglyk öýündäki ýygnaga gelen resmi bu edaranyň adynyň daşary ýurtlarda açylan internet sahypalarynda kän agzalýandygyny aýdypdyr, ýöne sözüni anyklaşdyrmandyr.

'Bizi telefonlaryňyzy barlamaga mejbur etmäň’

“Ýygnak geçirmäge gelen adam ‘Amerikan dollaryna Watanymyzy satyp ýörenleriň internet sahypalarynda siziň saglyk öýüňiziň ady kän tutulýar. Gaýrat edip, özüňizi derde sokmaň, bizi hem ähliňiziň telefonlaryňyzy barlamaga mejbur etmäň’ diýip, haýbatly gürrüň etdi” diýip, Türkmenabat şäheriniň 2-nji saglyk öýündäki çeşme aýtdy.

Onuň tassyklamagyna görä, bu edarada işleýänleriň aglabasy pensiýa ýaşyndaky adamlar bolup, ýaş işgärleriň sany örän az.

Degişli maglumat

Güýç gulluklary býujet işgärleriniň arasynda VPN ulanýanlary gözleýär


“Kän saklamadylar, ýarym sagadyň içinde goýberdiler” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Bilim işgärleri bilen geçirilen ýygnagyň biraz başgaça guralandygy aýdylýar.

Türkmenabadyň 15-nji we 28-nji mekdeplerindäki çeşmeler welaýat Baş bilim müdirligine her mekdepden birnäçe mugallymyň çagyrylandygyny aýtdylar. Esasy mesele internetden we sosial torlardan daşrak bolmak barada boldy diýip, çeşme aýtdy.

Aýry-aýrylykda gürleşen mugallymlar ýygnakda edilen gürrüňleriň özlerine 2020-nji ýylda, daşary ýurtlardaky türkmenistanlylaryň protest hereketleriniň güýçlenen döwründe geçirilen ýygnaklary ýatladandygyny aýtdylar.

“2020-nji ýylyň ýazynda we tomsunda Dursoltan Taganowanyň, başga-da birnäçe aktiwistiň suratlaryny görkezip, olary Watan dönükliginde aýyplapdylar. Şonda bize-de haýbat atypdylar” diýip, bir mugallym aýtdy.

Ol häzirki ýygnaklary ABŞ-da we Ýewropada ýaşaýan türkmen aktiwistleriniň TikTok arkaly barha kän göni ýaýlym gurnamagy, ýurt içindäki adamlaryň öz meseleleri barada has açyk gürläp başlamagy bilen baglanyşdyrýar.

“Adamlar öz dertlerini aç-açan aýdyp başladylar, hatda häkimiýetleri açyk tankytlaýan adamlar hem bar. Hökümetiň ýene şeýle ýygnaklary geçirmeginiň sebäbi hem şudur öýdýäris. Biz bu haýbatlary kän eşitdik. Onsuzam ýurtda ýaşaýyş galmady…” diýip, çeşme öz nägileligini bildirdi.

Türkmenabat şäher polisiýasyndaky çeşme we birnäçe IT hünärmeni habarçymyz bilen aýry-aýrylykda gürleşip, VPN ulanmazlyk baradaky duýduryşlaryň fonunda, MHM işgärleriniň käbiriniň aşaklykdan VPN satýandygyny öňe sürdi.

Olar muny “ikiýüzlülik” diýip häsiýetlendirýärler: bir tarapdan işgärlere VPN sebäpli haýbat atylýar, beýleki tarapdan bolsa, olaryň aýtmagyna görä, howpsuzlyk işgärleri ýurtda dörän agyr ýagdaýy bikanun pul gazanmak üçin ulanýar.

Azatlyk bu aýdylýanlary resmi taýdan tassykladyp ýa inkär etdirip bilmeýär.

Saglyk hünärmenleriniň biri ýolbaşçylaryň pudakdaky meseleleri çözjek bolmagyň ýerine lukmanlary internetden daşlaşdyrjak, gorkuzyp saklajak bolýandygyny, adamlaryň sosial torlara ‘keýpine çykmaýandygyny’ aýtdy.

“Saglyk pudagy çöküp, çüýräp barýar. Welaýatdaky saglyk edaralarynda esasan pensiýa ýaşyndaky adamlar işleýär. Köp adam Türkiýe, Orsýete, Rumyniýa, Polşa ýaly ýurtlara gitdi. Hökümet şu problemalara seretmän, bolar-bolgusyz zatlar barada gürrüň edýär.”

Degişli maglumat

Sosial ulgamlarda prezidente ýüzlenýän türkmenistanlylar köpelýär, MHM ‘mylakatly’ düşündiriş işlerini geçirýärler


Azatlygyň çeşmeleri sosial ulgamlarda prezidente ýüzlenýän türkmenistanlylaryň köpelmeginiň häkimiýetleri barha kän alada goýýandygyny mundan öň hem habar beripdiler. Ýöne, iki ýyl mundan öň berlen habarlaryň birinde MHM-niň bu ugurdaky tagallalarynyň ‘mylakatly’ düşündiriş işlerine meňzeýändigi bellenipdi.

Şu aralykda, “Türkmen.news” neşiriniň ýazmagyna görä, özüne we 11 ýaşly gyzyna jynsy zorluk edilendigini aýdyp, sosial torlar arkaly adalaty talap eden türkmen raýaty Jeren Altyýewa güýç gurluşlarynyň işgärleri tarapyndan tussag edilip, öýünden alnyp gidildi.

Azatlyk bu maglumaty resmi taýdan tassykladyp ýa inkär etdirip bilmeýär. Türkmen häkimiýetleri sosial torlarda açyk, öz ady bilen çykyş edip, öz işleriniň adalatly çözülmegini talap eden raýatlaryň meseleleri barada adatça hiç hili resmi düşündiriş bermeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.