Halk maslahatynyň nobatdaky mejlisine taýýarlanýan Türkmenistanda azyk meseleleri ýitileşýär, et önümleriniň bahalarynyň dowamly ýokarlanmagynyň arasynda, garbanyşhanalardaky naharlaryň bahalary 100-130% gymmatlady diýip, ýerli çeşmeler habar berýär.
Balkanabatda köp adamyň alýan, bahasy 5 manat bolan iň arzan somsalaryň her biriniň bahasy 12 we 15 manat aralygynda ýokarlandy, etli pirožki 4 manatdan 10 manat, Gubadag fitçisi 12 manat bolanlygyndan 25 manada çenli gymmatlady diýip, habarçymyz 3-nji sentýabrda ýazdy.
'Ozal 35 manat bolan manta indi 80 manat tölemeli'
“Çaýhanalarda, kafelerde bişirilýän lüle kebap 25 manat bolanlygyndan 50 manada çenli gymmatlady. Adaty pilmen (börek), manty ozal bir adamlygy 35 manat bolan bolsa, indi 80 manat. Häzir iň arzan nahar palaw bolup, eti az, 500 gram palaw 45, 55 manat aralygynda bahalanýar. Mundan 6 aý ozal eti bol palaw 25 manatdan satylýardy” diýip, çeşme aýtdy we bularyň aşakdaky gatlagyň adamlaryna hödürlenýän tagamlaryň nyrhlarydygyny hem sözüne goşdy.
Degişli maglumat
Maryda satuwa çykarylan arzan etiň “eşek etidigi” aýdylyp, sekiz adam saklandyOnuň sözlerine görä, ýokarda agzalan tagamlaryň restoranlardaky bahalary 4-6 esse gymmat.
“350, 400 gram çemesindäki bir adamlyk steýk ribaý ozal 220 manatdy, häzir 550 manat, goýun etinden edilen 200 gram kebap 120 manat, Isgender kebabyň 250 gramy 150 manat, guzy gapyrgasyndan bişirilen batyrma 2 adamlyk tabakda 400 manat bahalanýar. Gowurdak we beýleki etli tagamlaryň ählisi iki esse töwereginde gymmatlady” diýip, çeşme aýtdy.
Restoran resmileri bahalaryň gymmatlamagyny et bahasynyň gymmatlamagy, bir kilogram etiň bahasynyň 200 manatdan hem geçendigi bilen düşündirýärler.
“Nahar bahalary işgärleriň zähmet haklaryny, salgytlary, jemagat hojalygy töleglerini hem öz içine alýar. Restoranlarda tas adam ýok, müşderi az, özüni oňarýan diýilýänler hem indi restorana pikirlenip gelmeli boldy. Käbir çinownikler restoranymyza dostlary bilen gelip, 5-10 müň manatlyk naharlanyp, pulunam tölemän çykyp gidýärler. Olara çykan çykdajylary hem halkyň hasabyna, hyzmatlary gymmatladyp gazanmaly bolýarys” diýip, anonimlik şertinde gürleşen restoran işgäri aýtdy.
Onuň tassyklamagyna görä, restoranda 1 kilogramlyk palaw 200 manat bahalanýar, adamlar diňe ýerli mallaryň etinden bişirilen naharlara köp isleg bildirýärler.
“Ýerli mallaryň etinden bişirilen tagamlaryň, gymmat bolsa-da, hyrydary bolýar. Nämäniň etinden edilendigi näbelli arzan somsalar, kebaplar hem bar. Olar eşek ýa-da haram ölen malyň etinden edilen bolmasyn diýip, adamlar howatyr edýär” diýip, Azatlygyň söhbetdeşi aýtdy.
'Obalarda ot-iým gymmat, mal bakmak has kynlaşýar'
Habarçymyz obalarda mal bakýan, bazara satlyk et çykarýan adamlaryň hem birnäçesi bilen gürrüňdeş boldy. Olar Türkmenistanyň şertlerinde, gurak howaly ýurtda, ot-iýmiň dowamly ýetmezçiliginde mal saklamagyň, et-ýag öndürmegiň hiç wagt aňsat bolmaýandygyny, hemişe agyr we töwekgelçilikli zähmeti talap edýändigini öňe sürdüler.
Degişli maglumat
Balkanda sygyrlar 'näbelli' keselden ölýär, et gytalýar“Obalarda mal ýetişdirmek şertleri agyr, ot-iým gymmat. Üstesine dürli keselçilikler köpelýär. Weterinar hyzmatlarynyň tölegi, derman bahalary gymmat düşýär. Şeýlelikde, kähalatda bir maly ýetişdirip, 500 kilogram et öndürmek üçin 800 kilogram etiň puluny çykdajy etmeli bolýar” diýip, anonimlik şertinde gürleşen maldar aýtdy.
Onuň sözlerine görä, Türkmenistanda kilogramy 220 manat bolan etiň bahasy 350 manat bolan ýagdaýynda, diňe şonda sygyr bakyp satýan çarwadar öz peýdasyna işlän bolup çykýar.
“Häzir maldar mal saklap, ot-iým berip, wagtyny ýitirip, öz zyýanyna et satýar. Inflýasiýa oba adamlary, maldarlar günäkär däl ahyry” diýip, oba ýaşaýjysy aýtdy.
Türkmenistanda walýutanyň resmi hem resmi däl, gara bazar kurslary bolup, manadyň hümmetiniň uzak ýyllar bäri durnuksyz galýandygy aýdylýar. Emma häkimiýetler bu meselede hiç bir düşündiriş bermeýärler.
Şu aralykda, “Türkmenistanyň Hronikasy” neşiriniň ýazmagyna görä, Türkmenistanda amerikan dollarynyň gara bazar nyrhy birneme aşak düşdi we onuň sebäbi belli bolman galýar.
Öňki ýyllarda inflýasiýany gytaklaýyn boýun alyp, aýlyklary we pensiýalary, beýleki kömek pullaryny 10% ýokarlandyran Türkmenistan bu ýyl, ilatyň durmuş derejesiniň has gowulanandygyny öňe sürüp, aýlyklary köpeltmedi.
Degişli maglumat
Maryda hususy dükanlardan eti arzan satmak talap edilýärSynçylar, hünärmenler we we beýleki adamlar Türkmenistanda çylşyrymlaşýan et-ýag, azyk meseleleriniň çözülmeginiň emeli ýagdaýda gijikdirilýändigini, oba adamlarynyň, telekeçileriň hakyky bazar kanunlary esasynda işlemegine ýol bermän, olary garaşly saklaýan emeldarlaryň korrupsiýa bähbitleriniň prezident, parlament derejesinde sessiz goldaw tapýandygyny öňe sürýärler.
Azatlyk bu aýdylýanlar barada resmi düşündiriş alyp bilmedi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.