Türkmenbaşynyň ýaşaýjylarynyň we Awazada dynç alýanlaryň ençemesiniň bu ýerde aýdymçy Nazir Habibowyň çykyşyna garaşyp, eden tamasy başa barmady. Aýdymçynyň Awazada planlaşdyrylan çykyşy birden ýatyrylypdyr. Bu ýagdaý konserte sabyrsyzlyk bilen garaşan muşdaklarda açyk närazylyk döredipdir. Azatlygyň sebitdäki habarçysy we çeşmeleri bolan ýagdaýlary habar berdi.
"Şenbe güni Türkmenbaşy şäheriniň ýaşaýjylaryndan we myhmanlardan tas 1500-e golaý adam Awazadaky "Ýelken" Ýahta klubunda protest geçirdiler" diýip, ýerli çeşmeleriň biri gürrüň berdi we Nazir Habibowyň konsertine 1600 golaý adamyň öňünden bilet satyn alandygyny belledi.
Bu ýagdaýdan gönüden-göni habarly çeşmeleriň aýtmagyna görä, estrada aýdymçysynyň "Ýelken" ýaht klubynda geçirilmeli konserti iň soňky pursatda ýatyrylyp, onuň sebäbi düşündirilmändir.
"Bu adamlaryň gaty gaharyny getirdi. Klubuň administrasiýasy konsert togtadyldy diýip howpsuzluk we polisiýa wekilleri bilen bilelikde yglan etdi. Halk birden Nazir diýip gygyryp başlady we ellerine ilen zatlary klubyň iş dolandyryjysyna tarap okladylar. Naziri getiriň diýip gygyrdylar" diýip, ýene bir türkmenbaşyly çeşme gürrüň berdi.
Degişli maglumat
Öňki tussag prezidenti we onuň kakasyny öwüp, täze aýdym döretdiHowpsuzlyk aladalary sebäpli anonimlik şertinde gepleşen şaýatlaryň aýtmagyna görä, şol ýerde bolan polisiýa işgärleri we klubyň goragçylary goşulmakdan saklanyp, ençemesi gitmek bilen bolupdyr. Bir sagatdan soň şol ýere güýçlendirilen polisiýa bölümleri ugradylypdyr.
"Şäherden gijikdirilip, sagat agşam 10 golaý konsertiň togtadylmagyna gaharly adamlary dargatmak üçin Türkmenbaşydan polisiýanyň awtobuslarynda ýaragly polisiýanyň ýüzi nikaply 'Bürgüt' topary gelip, adamlary zordan dargatdy" diýip, bu ýagdaýy görenleriň biri gürrüň berdi.
Türkmenbaşyly çeşmeler konsertiň ýatyrylmagy netijesinde baran adamlaryň çeken maddy zyýanyndan başga, transport kynçylyklaryna hem duçar bolandygyny aýtdylar.
"Adamlar gaty kösendiler, gije awtobuslara ýetişmän Awazadan Türkmenbaşa pyýada gaýdanlar hem boldy" diýip, türkmenbaşyly ýaşaýjy aýtdy.
Konsertiň ýatyrylandygy barada maglumatlar sosial mediada hem peýda boldy. Şenbe güni çap bolan we gysga wagtdan soň aýrylan postlarda "Ýelken" ýahta klubynda Habibowyň konsert geçirmegi üçin resmi rugsadyň we ähli resminamalaryň bolandygy aýdyldy we klub resmilerinden şikaýat edilip, prezidentiň adyna wideo ýüzlenmeler edildi.
Konsertiň ýatyrylmagynyň sebäbini häkimiýet wekillerinden anyklap bolmady. Azatlyk Radiosynyň "Ýelken" klubunyň wekillerinden we aýdymçynyň ýakynlaryndan teswir almak boýunça eden synanyşyklary netije bermedi.
Habarçymyzyň sözlerine görä, aýdymçynyň muşdaklary konsertiň ýatyrylmagynda prezidentiň garyndaşynyň eliniň bardygyny çak edip, Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýegenleriniň biriniň Habibow bilen "Ýelken" klubynda birnäçe ýyl mundan öň dawalaşandygyny ýatladylar.
Degişli maglumat
Neşe bilen tutulan Nazir Habibowyň ikinji gezek günä geçişlige düşmegi jemgyýetde “sorag” döretdiAdy belli türkmen estrada aýdymçysy Nazir Habibowyň ady soňky ýyllarda birnäçe gezek köpçüligiň üns merkezine düşüpdi.
Bikanun neşe serişdeleri bilen tussag edilen Nazir Habibow şu ýylyň martynda yglan edilen prezident günä geçişliginde türme tussaglygyndan boşadyldy.
Aýdymçy 2024-nji ýylyň martynda goňşy Eýrandan Türkmenistana dolanýan pursadynda eýran serhetçileri tarapyndan neşe maddalarynyň gaçakçylygy bilen baglylykda saklanypdy. Şonda Azatlygyň çeşmeleri onuň Eýranda sud edilendigini we günäli tapylandygyny habar berdiler.
1988-nji ýylda doglan Habibowa Eýranda näçe ýyl iş kesilendigi we onuň soňky ykbaly boýunça şu ýylyň martyna çenli belli däldi. Bu barada onuň aýaly Margarita Habibowa degişli Instagram hasabynda prezident Serdar Berdimuhamedowyň Gadyr gijesi mynasybetli 336 tussagyň günäsini geçmek baradaky kararyndan soň habar berildi. Bu onuň ikinji tussaglygydy.
Habibow 2016-njy ýylda Türkmenistanda “çekmek üçin yzygiderli neşe satyn almakda” aýyplanyp saklanypdy.
Degişli maglumat
Aýdymçy Nazir Habibow azatlyga goýberildiGadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.