Neşe bilen tutulan Nazir Habibowyň ikinji gezek günä geçişlige düşmegi jemgyýetde “sorag” döretdi

Nazir Habibow (arhiw suraty)

Bikanun neşe serişdeleri bilen tussag edilen belli türkmen estrada aýdymçysy Nazir Habibowyň mundan on gün töweregi ozal prezidentiň yglan eden günä geçişligi netijesinde azatlyga çykmagy türkmen jemgyýetinde, hususanda sosial ulgamlarda dürli pikir garaýyşlary döretdi.

Ulanyjylaryň bir bölegi neşe serişdeleri bilen baglylykda iki gezek höküm edilen aýdymçynyň nobatdaky gezek amnistiýa düşmegini gutlasalar, ýene bir bölegi meňzeş maddalar esasynda tussaglyga höküm edilen ýakynlarynyň ençeme ýyl bäri günäsi geçilenleriň sanawyna goşulmaýandygyny, ýutdaky adalat ulgamynyň hem “adam saýlap, deňsiz çemeleşýändigini” aýtdylar.

“Häzir dört adamyň başy birikse, Nazir Habibowyň neşe serişdeleri bilen höküm edileninden iki ýyly geçirip, nädip azatlyga çykandygy we dessine ýurduň başyndaky Berdimuhamedowlary taryplap aýdym çykarandygy barada gürrüň edilýär. Onuň neşe bilen ikinji gezek tutulandan soň hem amnistiýa düşüp bilmegi köplerde ýurtdaky adalatyň işleşýi barada sorag döredýär” diýip, balkanabatly bir bilim işgäri 22-nji martda sebitdäki habarçymyza gürrüň berdi.

Habibow 2024-nji ýylyň martynda goňşy Eýrandan Türkmenistana dolanýan pursady, eýran serhetçileri tarapyndan neşe maddalarynyň gaçakçylygy bilen baglylykda saklanypdy. Şol pursat, Azatlygyň çeşmeleri onuň Eýranda sud edilendigini we günäli tapylandygyny aýdypdylar.

1988-nji ýylda doglan Habibowa Eýranda näçe ýyl tussaglyk berlendigi we onuň soňky ykbaly boýunça şu ýylyň martyna çenli, ýagny prezident Serdar Berdimuhamedowyň Gadyr gijesi mynasybetli 336 tussagyň günäsini geçmek baradaky kararyndan soň, aýaly Margarita Habibowanyň degişli instagram postuna çenli aýdyň däldi.

“Men tüýs ýüregimden häkimiýetlere, paýhasly Arkadagyma we çuňňur hormatlanýan we söýgüli prezidentime minnterdarlyk bildirmek isleýärin” diýip, Habibowa adamsynyň azatlyga çykmagy bilen baglylykdaky postunda ýazdy.

Görnüşinden, soňy bilen Habibow eýran türmesinden Türkmenistana geçirilipdir, emma haçan we haýsy şertler esasynda munuň amal edilendigi takyklaşdyrylmaýar.

Türkmenistanda häkimiýetleri, hususanda kakaly-ogul Berdimuhamedowlary öwüp, taryplap wideo çykarýan, Nazarita ady bilen tanalýan belli blogger mundan öň, ýagny 2024-nji ýylyň 24-nji awgustynda Eýrana edýän syýahatyndan pursatlaryny hem sosial ulgamlarda paýlaşypdy.

Ozalky tussaglyk

Estrada aýdymçysy 2016-njy ýylda hem, Türkmenistanyň özünde “çekmek üçin yzygiderli neşe satyn almakda” aýyplanyp saklanypdy. Şol ýylyň 4-nji oktýabrynda türkmen telewideniýesiniň “Watan” habarlar gepleşiginde “neşe serişdelerini bikanun ýurda getirendigi ýa-da ony satyn alandygy” aýdylýan ondan gowrak adam görkezildi. Olar efirde öz-özlerini ýazgaryp çykyş etdiler hem “etdi” diýilýän jenaýatlary boýun alyp, baş goşan işine ökünýändiklerini aýtdylar.

Şol pursat, “Jenaýatçy” ýa-da “haram işe baş goşan” diýlip atlandyrylyp, türkmen telewideniýesinde çykyş etdirilen 12 raýatyň biri hem Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy, tanymal aýdymçy Nazir Habibow bolupdy. Ol “çekmek üçin neşe serişdeleri bolan tirýegi yzygiderli satyn alandygyny aýtdy, we “şeýle biderek hereketleri” bilen öz “ene-atasynyň, maşgalasynyň we çagalarynyň ýüzüni ýere salandygyny” nygtady.

Degişli maglumat Günäsi geçilen öňki tussaglar türkmen türmelerindäki parahorlukdan habar berýärler

Ol 15 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi we alty ýyldan soň, 2022-nji ýylda Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli yglan edilen günä geçişlikde azatlyga çykdy. Mundan 1,5 ýyl çemesi soň, ol ýene-de bikanun neşe serişdeleri bilen türkmen-eýran serhedinde saklandy.

Türkmenistan 2015-nji ýyldan başlap neşe serişdeleriniň dolanyşygy bilen bagly jenaýatlary etmekde günäli bilnen adamlaryň günäsini geçmezlik we rehim etme ulanmazlyk syýasatyny ýöredýärdi. Emma 2022-nji ýylda Jenaýat kodeksine täze kabul edilen we 2023-nji ýylda güýje giren üýtgetmeler we goşmaçalar bilen, ýurtda neşe serişdeleriniň, psihotrop maddalaryň, prekursorlaryň bikanun dolanyşygy, galyberse-de korrupsiýa bilen bagly jenaýatlarda iş kesilen adamlaryň günäsiniň geçilmegine ýol açyldy. Ýagny, ýurduň Jenaýat kodeksinden ozalky degişli bent dolulygyna aýryldy.

“Meniň inim ýanyndan 4 tabletka tramadol we 0,5 gram tirýek çykany üçin 16 ýyl türmä höküm edildi. Ol amnistiýa düşürilmedi we onuň şu ýylyň awgustynda doly möhleti tamamlananda, azatlyga goýberiljekdigi aýdyldy. Emma para berseň, ‘açylmaýan gapy ýok’. Puly ýok garyplar doly oturmaly; baýlar bolsa, iki ýyldan soň azatlyga çykmaly. Tanşyň we puluň bar ýerinde kanun aglaýar. Ýurtda kanun hemmä deň bolmaly” diýip, balkanly anonim söhbetdeşimiz belledi.

Mundan öň, Azatlygyň habarçylary we çeşmeleri ýurtda uly baýramçylyklarda yglan edilýän günä geçişleriň sanawyna düşmek üçin, tussaglaryň ýakynlaryndan ençeme aý öňünden para pul soralýandygy barada ençeme gezek habar beripdiler.

Degişli maglumat Prezident amnistiýasy kanun goraýjylar üçin 'girdejili biznese öwrüldi'

Söhbeteşlerimiziň ýene biri aýdymçynyň, hususan-da onuň blogger aýalynyň dünýäniň iň bir ýapyk we repressiw ýurtlarynyň birindäki Berdimuhamedowlaryň dolandyryşyny taryplap edýän sosial mediadaky işjeňliginiň hem, adamsynyň boşadylmagynda ‘uly rol’ oýnan bolmagynyň mümkindigini belledi.

Nazir Habibow her gezek amnistiýa düşüp azatlyga çykanyndan soňky gysga wagtyň içinde, prezidenti we onuň kakasyny öwüp aýdymlary çykardy. Margarita Habibowa hem öz sahypalarynda Türkmenistandaky hukuk bozulamalar, aýal-gyzlaryň haklarynyň çäklendirilmegi ýaly beýleki habar serişdelerinde çykýan maglumatlary inkär edip, hökümeti taryplap dowamly wideolary çykarýar, aýdym aýdýar.

Ozalky awtoritar prezident Saparmyrat Nyýazowyň ýurdy dolandyran döwründe, Türkmenistan neşe söwdasy we ony ulanmak bilen bagly agyr ýagdaýa düşdi. 2007-nji ýylda Gurbanguly Berdimuhamedow häkimiýet başyna gelenden soň, häkimiýetler neşe serişdelerine garşy göreşe başladylar.

Emma soňky ýyllarda ýagdaý ýene-de ýitileşip başlady. Ýaşlaryň arasynda, dermanhanalarda tapdyrýan güýçli psihotrop neşe serişdeleriniň ulanylmagy giňden ýaýraýar.

Azatlyk bilen söhbetdeş bolan hünärmenleriň aýtmaklaryna görä, "farmakologiki neşekeşlik" diýilýäni ýurtda sosial-ykdysady kynçylyklaryň agyrlaşmagy bilen hem baglanyşyklydyr.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.