Türkmenistanda pagta ýygymy başlandy, bu ýurtda mejbury zähmetiň ýene bir ýyl saklanyp galýandygyny, bu meselede hiç bir üýtgeşikligiň bolmandygyny görkezjek möwsüm bolar diýip, ýerli çeşme habar berýär. Anonimlik şertinde, aýry-aýrylykda gürleşilen býujet işgärleri pagta ýygymynyň özleri üçin ozaly goşmaça çykdajy çykarmagy, maşgala býujetine bikanun agram salynmagyny aňladýandygyny aýtdylar.
Azyndan birnäçe çeşmäniň tassyklamagyna görä, býujet işgärleri bu ýyl öz edara ýolbaşçylaryna pagta ýygymy üçin 100-200 manat aralygynda pul tabşyrmaly bolarlar. Howpsuzlyk aladalary sebäpli, Azatlyk pagtaçylykdaky mejbury zähmet, bikanun salgyt barada maglumat beren çeşmeleriň ýaşaýan ýerlerini agzamaýar.
Býujet işgärleri pagtaçy 'salgydyndan' käýinýär
“Edil şu günki günde pagta ýygymyna diňe günlükçiler, birki günlük hakyna tutulan ýygymçylar ugradylýar” diýip, adynyň we işleýän ýeriniň aýdylmazlygyny soran býujet işgäri aýtdy.
Degişli maglumat
Balkanda pagtaçylykdaky mejbury zähmet 'ir başlandy', ulag eýeleri 'mugt işleýär'Onuň tassyklamagyna görä, işleýän edarasynda geçirilen ýygnakda pagta ýygymyna ýatymlaýyn ýygymçy ugratmak hakynda hem gürrüň edilipdir.
“Sentýabryň 15-lerine çenli pagta ýygymyna ýatymlaýyn ugradyljak işgärleri hakyna tutmaly. Olar potrat ýerlerine baryp, şol ýerde bolmaly bolar.”
Býujet işgäri bu sözleri edara başlygynyň işgärleri ýygnap geçiren ýygnagynda aýdandygyny belledi.
“Her işgäriň hakyna tutulan bir işgäre 10 günlük ýatymlyk iş hakyny tölemeli boljakdygy duýduryldy. Bu býujet işgäriniň ýatymlaýyn pagta ýygymy üçin 600-1000 manat aralygynda pul tölemeli boljakdygyny aňladýar. Işgärleriň pagta ýygymy üçin zerur bolan serişdeleri sentýabr aýynda aljak aýlygyndan bermelidigi, soralýan puly edara başlyklaryna gijikdirmän tabşyrmalydygy aýdyldy” diýip, habarçy bilen söhbetdeş bolan býujet işgäri aýtdy.
Aýry-aýrylykda gürleşilen býujet işgärleriniň sözlerine görä, ‘çöplenjek pul işgärlere agyr gelýär’.
Gün-güzeran ýagdaýynyň gowy däldigini aýdyp, bikanun salgyda nägilelik bildirjek bolan işgärleri gorkuzýarlar, geplejek adamlary dymdyrmak üçin bahana kän diýip, býujet işgäri aýtdy.
"Biz sizi barlagçylardan goraýarys'
Onuň sözlerine görä, işgärleri ‘sizi bütin ýylyň dowamynda gelýän barlaglardan gorap gelýäris, işiňizde goýberýän kemçilikleriňize gözümizi ýumýarys, siz indi pagta ýygymy wagtynda gürleýärsiňizmi?’ diýip ‘ýuwaşadýarlar’.
Bu aýdylýanlary başga bir býujet edarasynyň işgäri hem tassyk etdi. Onuň sözlerine görä, edara başlygy pul ýygnalmagyna nägile bolýan adamlara ‘gödek daraýar’, “Bar, kime arz etseň edäý, seň şol arz etjek bolýan adamlaryň hem pagta pul ýygnaýarlar” diýip, işgärleri geplemez ýaly edýär.
Dürli ýaşdaky, dürli edaralara işleýän raýatlaryň ynanjyna görä, edara başlyklarynyň köpüsi her ýyl pagta ýygymy döwründe işgärlerden ýygnalan pullaryň belli bir möçberini özüne alyp, wezipesinden hyýanatçylykly peýdalanmak bilen, ýönekeý işgärleriň hasabyna bikanun gazanç edýär. Emma Azatlyk bu aýdylýany açyk derňäp, edara başlyklaryndan resmi düşündiriş alyp bilmeýär.
Degişli maglumat
Gowaça çürtümi üçin pul ýygnalýar, mejbury tölegden 'ýadaýan köpelýär'Azatlygyň habarçysy pagta ýygymy möwsüminde hakyna tutma işgär bolan raýatlaryň hem birnäçesi bilen, aýratynlykda söhbetdeş bolmagy başardy. Olaryň tassyklamagyna görä, hakyna pagta ýygýan işgärlere gündelik tölense 40-50 manat möçberinde pul tölenýär, şondan artyk berilmeýär.
Býujet işgärleri edarada pagta üçin soralýan puluň her bir işgäriň alýan aýlygynyň möçberine görä üýtgäp bilýändigini aýdýarlar.
“Býujet işgärinden 100-200 manat, ýagny işgäriň alýan aýlygyna görä pagta ýygym puly çöplenýär. Her edarada pagta ýygymy üçin 10-15 adam hakyna tutulyp, gowaça meýdanlaryna ugradylýar. Býujet işgärleri, özlerine derek pagta ýygjak adamlar üçin, aýda 2 sapar günlükçi puluny bermeli bolýarlar” diýip, söhbetdeşimiz aýtdy.
‘Işlemek islemeseň, seni saklaýan ýok'
Pagta ýygymy üçin pul ýygnalmagyndan nägile bolýan we arz edýän adamlar hem bar. Emma, aýdylmagyna görä, beýleki ugurlarda bolşy ýaly, kada öwrülen bikanun işlerden nägile bolýanlaryň arzy diňlenmeýär.
“Başlyklar ‘Işlemek islemeseň, seni saklaýan ýok. Arzaňy ýazyp, işden çykyp bilýäň’ diýýärler. Işgärler başlyk bilen dawa etmegiň peýdasyzdygyny, ýokardaky ýolbaşçylaryň olaryň arkasynda durýandygyny gowy bilýärler” diýip, býujet işgäri ‘edara başlyklarynyň sözüniň birwagt kanun bolandygyny’ hem sözüne goşdy.
Türkmenistanda häkimiýetleriň gelen kararlaryndan, şol sanda kazyýetleriň çykaran hökümlerinden nägile bolup, ýokarky edaralara, şol sanda prezidente edilýän şikaýatlaryň köplenç diňlenmeýändigi, daşary ýurtlarda çykýan garaşsyz neşirler bilen söhbetdeş bolup, kanuny haklaryny talap eden raýatlaryň bolsa has hem kyn ýagdaýa düşüp bilýändigi aýdylýar.
Türkmen kanunçylygy ýurtda mejbury zähmetiň ulanylmagyny gadagan edýär. Emma, habarçylarymyzyň yzygiderli ýazmagyna görä, raýatlar diňe pagtaçylykda, beýleki oba hojalyk işlerinde däl, hökümetiň gurnaýan medeni, syýasy çärelerinde hem mejbury zähmete sezewar bolýar.
Türkmen hökümeti hatda çagalary hem medeni çärelerde ulanyp, kyn ýagdaýlara sezewar edýär diýip, ýaşaýjylar aýdýar.
Golaýda Aşgabadyň mekdeplerinde TW üçin ýazgy edilen çärelerde 6 ýaşly çagalaryň birnäçesiniň ‘huşuny ýitirendigi’ habar berildi.
Emma häkimiýetler, şol sanda ýurduň prezidenti bu hili habarlara açyk reaksiýa bildirmeýär.
Azatlyk pagtaçylykdaky mejbury zähmet, şol sanda hakyna ýygymçy tutmak üçin býujet işgärlerinden ýygnalýan pullar barada häkimlikleriň, Oba hojalyk ministrliginiň işgärlerinden resmi düşündiriş alyp bilmeýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.