Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Balkanda pagtaçylykdaky mejbury zähmet 'ir başlandy', ulag eýeleri 'mugt işleýär'

Türkmen pagtaçylary. Bezeg suraty
Türkmen pagtaçylary. Bezeg suraty

Çeşmeler Balkan welaýatynda pagtaçylykda ulanylýan mejbury zähmetiň eýýäm, 16-njy awgustda başlanandygyny habar berýärler. Bereket, Magtymguly we Gyzylarbat etraplaryndaky hünärmenler, kärendeçiler, sürüjiler Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşip, uzak ýyllar bäri gaýtalanýan ‘pagta horlugynyň’ bu ýylam köp adamy öz işinden aýryp, gowaça meýdanlaryna çykarýandygyny, häkimiýetleriň bu praktikadan el çekjege meňzemeýändigini öňe sürdüler.

Döwlet edara-kärhanalarynyň, bilim, saglygy goraýyş pudagynyň, awtotransport kärhanalarynyň işgärleriniň pagta ýygymyna mejbury ýagdaýda çekilmegi bu ýylam öňki tertibinde galypdyr diýip, habarçymyz ýazýar.

Köpçülikleýin, näresmi ýagdaýda başlanan pagta ýygymy barada döwlet eýeçiligindäki metbugatda hiç zat aýdylmaýar.

Mejbury zähmet ýangyç gytçylygy bilen utgaşdy

Çeşmeler pagtaçylykdaky mejbury zähmetiň barha ýitileşýän ýangyç gytçylygy bilen utgaşyp, sebit resmilerini hem kyn ýagdaýa salandygyny habar berýärler.

“Ýurda dizel gytçylygy dowam edýär, bu hiç kim üçin syr däl” diýip, anonimlik şertinde gürleşen oba hojalyk hünärmeni aýtdy.


Onuň sözlerine görä, döwlet häzir oba hojalyk pudagyna 1 gram dizel ýangyjyny hem bermeýär.

Türkmenistanyň oba hojalygynda oanlarça ýyl bäri dowam edýän netijesiz dolandyryş hususy ulaglary bolan we güzeranyny adam, ýük daşamak bilen aýlaýan adamlary hem ‘sylap goýmaýar’.

“Balkan häkimliginiň wekilleri hususy mikroawtobus eýelerini pagta ýygymyna çekilýän býujetçileri ir sagat 7:30-da gowaça meýdanlaryna alyp gitmäge we agşam 19:50-de etrap merkezlerine, öýlerine getirmäge mejbur edýärler” diýip, Azatlygyň söhbetdeşi aýtdy.

Azatlygyň habarçysy öz hususy ulaglarynda eklenç etmek zerurlyklary bilen bagly, çäresiz ýagdaýda, öz agyr we az gazançly işleriniň gapdalyndan mejbury zähmetiň hem ‘pidasy bolýan’ raýatlaryň birnäçesi bilen söhbetdeş bolmagy başardy.

“Men Bereket, Gyzylarbat aralygynda 15 adamlyk awtoulagymda adam gatnadyp, güzeran edýän. 15-nji awgustda meni ýol polisiýasyna çagyryp, Bereket etrabynyň çäginde her gün ýygymçylary alyp gitmek we getirmek işini boýnuma ýüklediler” diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran sürüji aýtdy.

"Bu siziň döwlete salgyt töledigiňiz bolar"

Aýry-aýrylykda gürleşilen sürüjileriň sözlerine görä, polisiýada olara ‘Uly awtobuslara dizel ýok, siz ne salgyt töleýäňiz, ne-de patentiňiz bar. Siziň hem watan harmanyna peýdaňyz degsin. Biz size benzin ýa beýleki zatlary bermeris. Bu siziň döwlete salgyt töledigiňiz bolar, ir bilen 45 minut, agşam 45 minut pagtaçylara kömek edip, başga wagt kireýiňizi ediberiň’ diýipdirler.

Mejbury pagtaçylary gatnadýan hususy ulag sürüjilerine ‘2 etrap arasynda ýekeje gaýi hem ala taýak galdyrmaz’ diýen wada berlipdir.

“Hem haýbat, hem goldaw sözleri bilen, mugtuna adam daşamagy boýnumyza dakdylar” diýip, bu aýdylýanlary öz minibusunda kireý edýän bereketli sürüji hem tassyklady. 50 ýaşlaryndaky sürüjiniň ady redaksiýada bar we howpsuzlyk aladalary sebäpli aýdylmaýar.

Ol hususy ulaglaryň sürüjileriniň bu hili mejburlygynyň her ýyl gaýtalanýandygyny, emma bu ýyl awgust aýynyň ortasynda, has ir başlanandygyny hem sözüne goşdy.


“Hususy ulag eýeleri mejbury pagtaçylary işe gatnatmak işine geçen ýyl sentýabr aýynyň ahyrynda çekilipdi” diýip, söhbetdeşimiz aýtdy.

Türkmen pagtaçylygynda mejbury zähmetiň uzak taryhy bolup, halkara adam hukuklary toparlary, şol sanda Halkara zähmet guramasy resmi Aşgabady bu praktikadan el çekmäge çagyrýar.

Türkmenistanyň oba hojalygynda döwletiň esasy girdeji pudaklarynyň biri hasaplanylýan pagtaçylyk, zähmetiň dogry we netijeli guralmazlygy sebäpli, bir tarapdan ýurtda uly suw, ýer zaýaçylygyna sebäp bolsa, ikinji tarapdan oba adamlarynyň durmuş, ýaşaýyş şertleriniň gowulanmazlygyna, býujet edaralarynyň işgärlerini hem çekmek bilen, tas bolmaly zada öwrülen mejbury zähmetiň uzak wagt saklanyp galmagyna sebäp bolýar diýip synçylar aýdýar.

Özgertmeler 'gelmeýär', adamlar daşary ýurda gidýär

Emma muňa garamazdan, türkmen häkimiýetleri ýurtda garaşylan ýer, suw reformalaryny geçirmän, daýhanlary doly hökümete garaşly ýagdaýda saklap, olary ýokardan berlen görkezmeler esasynda işlemäge, ek diýlen wagty ekmäge, hasyl ýygna diýen wagty ýygnamaga mejbur edýär.

Ýokardaky häkimiýetleri gowaçalaryň ekilen wagty, edilen bejergi, tutulan suw, berlen dökün gyzyklandyrmaýar, olar diňe beren görkezmeleriniň ýerine ýetirilmegi bilen gyzyklanýar diýip, bir daýhan aýtdy.

“Gozalar açylyp başlady, ir ekilen gowaçalar, ylaýta-da Magtymguly etrabynda, Sumbar ýakalaryndaky meýdanlarda ekilen gowaçalar has oňat açylypdyr. Subtropik klimat, gowaça meýdanlaryna wagtynda suw tutulmagy öz netijesini görkezipdir. Emma Bereket we Gyzylarbat etraplarynda ekilen gowaçalaryň boýy bir garyş bolup, käýerde pagtalar açylyp otyr” diýip, kärendeçi aýtdy we bu hili ýagdaýda öz erkine pagta ýygyp, gazanç etmäge synanyşjak adamyň az boljakdygyny hem sözüne goşdy.

“Obalarda indi pagta ýygjak adam tas galmandyr. Ýygymçylar diňe mejbury bolmasa, başga ýagdaýda ýok. Magtymgulynyň Garakel, Uzyntokaý, Näre we Sakgar pagta meýdanlarynda ýygymçy ýok, diňe mejbury ýagdaýda getirilen býujet işgärleri bar. Gyzlarbatda Arkaç, Ýaşlyk, Zaw, Garabogaz daýhan birleşikleriniň gowaça meýdanlarynyň hem diňe býujet işgärlerine güni galdy diýsek, ýalňyş bolmaz. Ol meýdanlarda başga ýygymçy ýok” diýip, Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşen ýaşaýjy aýtdy.


Bu habar “Turkmen.news” neşiriniň Türkmenistanda ýitileşýän kadr ýetmezçiligi zerarly indi adamlaryň parasyz hem işe kabul edilýändigi, ýöne berilýän aýlyklar gaty az bolansoň, täze işe giren raýatlaryň hem uzak işlemeýändigi barada çap eden makalasyna gabat geldi.

“Obalarda diňe garrylar we çagalar galdy..."

Habarçylarymyz daýhanlaryň, oba adamlarynyň elleriniň oba hojalyk işlerinden bireýýäm sowandygyny, olaryň barha ýerlerini taşlap, daşary ýurtlara zähmet migrasiýa gidýändiklerini habar berýärler.

“Obalarda diňe garrylar we çagalar galdy diýen ýaly, ýaş, işe ýarjak nesil tas ýok bolup barýar” diýip, balkanly hünärmen aýtdy.

Türkmen häkimiýetleri ýurtdaky işsizlik, aýlyk gazançlary we gymmatlaýan durmuş barada aýdylýan zatlara reaksiýa bildirmeýär, döwlet eýeçilgindäki metbugat bolsa, garaşsyzlygyň 35 ýylynda gazanylandygy aýdylýan uly üstünlikleri gaýtalap, ilatyň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary, tas boşap galandygy aýdylýan obalara baradaky habarlary ne tassyklaýar, ne-de ret edýär.

Sowet ýyllarynda esasan Orsýetdäki egirme-dokma fabriklerini çig mal bilen üpjün eden, goranyş ähmiýetli ugur bolan pagtaçylyk garaşsyzlyk ýyllarynda ýurtda gurlan fabrikleri üpjün etmäge, eksport önümlerini artdyrmaga gönükdirildi we, 17-nji awgustda çykan resmi maglumata görä, geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda jemi bahasy ABŞ-nyň 2 million 247 müň dollaryna deň oba hojalyk önümi satyldy.

“Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Serbiýanyň, Azerbaýjanyň, Gyrgyzystanyň işewür toparlarynyň wekilleri trikotaž önümlerini, wafel matany, nah ýüplügi, pagta lintini, arassalanan pagta galyndylaryny, buýan köküniň ekstraktyny, buýan köküni we kök baldagyny satyn aldylar” diýip, habarda ýurt içindäki işewürleriň hem, içerki bazar üçin, bahasy 260 müň manada deň bolan nah matany satyn alandygy bellenýär.

Azatlyk belli bir derejede altyn pul ýasaýandygy aýdylýan pagtaçylygyň daýhanlary, ýygymçylary näme üçin özüne çekmeýändigi, mejbury zähmetiň saklanyp galmagynyň sebäpleri barada resmi düşündiriş alyp bilmeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG