Pol Kapur Aşgabatda Gurbanguly Berdimuhamedow we Raşit Meredow bilen gepleşik geçirdi

ABŞ-nyň döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa işleri boýunça kömekçisi S. Pol Kapur (çepde) we Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşit Meredow. Aşgabat, 3-nji noýabr, 2026 ý.

ABŞ-nyň döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa işleri boýunça kömekçisi S. Pol Kapur 3-nji noýabrda Aşgabatda Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşdy. Şol gün Kapur Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşit Meredow bilen bilelikde ýyllyk türkmen-amerikan syýasy geňeşmelerine ýolbaşçylyk etdi.

ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň Günorta we Merkezi Aziýa işleri boýunça býurosynyň X hasabynda çap edilen beýanatynda, Kapur Samarkantdaky “C5+1” ministrler duşuşygynyň garaýyşlaryndan ugur alyp, söwda, maýa goýumlary, Hazarüsti arabaglanyşyk, bilim we medeni alyş-çalyş hem-de beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy has-da çuňlaşdyrmak meseleleriniň ara alyp maslahatlaşylandygyny aýtdy. Kapur 2025-2026-njy ýyllarda "C5+1" Sekretariatynyň egindeş başlygy hökmünde görkezen liderligi üçin Türkmenistana minnetdarlyk bildirdi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň (DIM) maglumatyna görä, ministrligiň binasynda geçirilen geňeşmelerde energetika we ulag ugurlaryndaky hyzmatdaşlyk, şeýle-de iki ýurduň işewürleriniň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmek barada-da pikir alşyldy.

DIM-niň 4-nji noýabrda çap eden aýratyn habaryna görä, Gurbanguly Berdimuhamedow Kapur bilen duşuşygynda energetika we ulag ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçilikleri barada aýtdy. Ol Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň taslamasyna ABŞ-nyň berýän goldawyna ýokary baha berdi.

Samarkantdaky “C5+1” duşuşygy 19-njy oktýabrda ABŞ-nyň döwlet sekretary Marko Rubionyň we Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunyň daşary işler ministrleriniň gatnaşmagynda geçirilipdi. Şol gün Rubio bilen Meredow aýratyn duşuşyp, öňde boljak syýasy geňeşmeleriň tertibini kesgitläpdi.

Degişli maglumat

Meredow Samarkantda Rubio bilen duşuşdy. ABŞ Merkezi Aziýa bilen hyzmatdaşlygyny giňeltmäge çalyşýar

ABŞ-Türkmenistan Işewürler geňeşi amerikan işewürler toparynyň Aşgabada saparyny 4-5-nji noýabra meýilleşdirdi. Geňeşiň maglumatyna görä, bu sapar ABŞ-nyň Döwlet departamenti bilen utgaşdyrylyp guralýar.