Prezident Serdar Berdimuhamedowyň golaýda ýazan we 6-njy sentýabrda, kakasynyň jylawyndan tutup duran atynyň üstünde oturan suraty bilen çap edilen “Türkmeniň buýsanjy” goşgusy býujet edaralarynyň işgärleri üçin goşmaça çykdajy bolup, ilat arasyndaky ‘ruhy argynlygyň artmagyna getirýär’ diýip, çeşmeler habar berýär.
Portret, plakat mejburlygynyň 'pidasy bolandygyny' aýdan hasapçy 'portret biznesiniň depesinde oturan adamlaryň der dökmän, ummasyz pul ýasaýandygyny' öňe sürýär.
Balkandaky habarçymyzyň 15-nji sentýabrda beren habaryna görä, sebitiň edara-kärhanalarynda prezidentiň goşgusynyň 120 × 50 sm ölçeginde, owadan nagyşlar bilen bezelip çap edilen plakatlary peýda boldy.
Prezidentiň goşgusy köp adama 'gymmat düşýär'
“Prezidentiň goşgusynyň plakatynyň kabinetleriň tas ählisinde, iş otaglarynda bolmagyny üpjün etmek hem-de prezidentiň täzelenen portretini satyn almaklary üçin býujet edaralarynyň işgärlerinden pul toplanýar” diýip, anonimlik şertinde gürleşen balkanly aýtdy.
Degişli maglumat
Türkmen ýolbaşçylarynyň suratlary, gaznasy üçin ilatdan pul ýygnamak 'möwsümi' başlandyPul ýygnamak çäreleri “Altyn Asyr” öýjükli aragatnaşyk ulgamynyň kärhanalarynda, Türkmen Telekom edaralarynda, Türkmen poçta, saglyk we bilim edaralarynda, nebit we gaz, tok üpjünçiligi, polisýa edralarynda, muzeýlerde, kitaphanalarda, agyz suwy, ulag ýollary kärhanalarynda, deňiz portunda... geçirilýär diýip, habarçymyz ýazýar.
Şeýle-de, çeşmeler plakat we portret söwdasyndaky mejburlygyň bank we maliýe pudaklaryny, beýleki edara-kärhanalary hem ‘sylap goýmajakdygyny’ aýdýarlar.
Anonimlik şertinde gürleşen çeşme täze plakatyň we portretleriň Garaşsyzlyk gününe çenli tas ähli kabinetde, mejlis zallarynda, synp otaglarynda bolmadygyny aýtdy.
“Orta hünär mekdeplerinde, ýokary okuw jaýlarynda hem bu plakatlar we portretler ähli göze görünýän ýerlerde, 2 metr ýokardan asylan görnüşde, bellenen standartlaryna görä ýerleşdirilmeli, ýekeje sm gyşyk bolmaly däl, barlagçylar kemçilik tapmaly däl” diýip, çeşme aýtdy.
Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşen ýaşaýjylar soňky ýyllarda prezident portreti, prezident goşgusy ýa-da kitaplary bilen bagly ‘propaganda medeniýetiniň adamlary ýadadandygyny’ aýtdylar we ‘Türkmenistanda, beýleki awtokrat döwletlere garanda, bu ýagdaýyň ilata has agyr düşändigini’ öňe sürdüler.
Prezident portreti Hytaýdaky budda heýkeli bilen ‘ýaryşýarmy'?
“Türkmenistandaky prezident portreti Hytaýdaky budda heýkeli bilen ‘ýaryşýana meňzeýär’, ol portret her gün 2 sapar tämizlenip, arassa saklanmaly, onuň asylgy durýan ýerinde ýörite ölçeg standartlary kesgitlenen, eger portretde tozan ýa-da hapa bolsa, ol edaranyň ýolbaşçysy öz işine ökde, başarjaň ýolbaşçy bolsa-da, wezipesinden aýrylýar” diýip, söhbetdeşimiz barlag gelende tapylýan kemçiligiň prezident portreti bilen baglanyşykly bolmaly däldigini, sebäbi beýle ‘kemçiligiň gymmat düşýändigini’ belledi.
Çeşmeler prezident portretleriniň bahasynyň iki esseden hem ýokarlanandygyny aýdýarlar.
“Ozal 80 manatdan ýygnalýardy, şu sapar 200 manat, 1 portret we goşgy ýazylan plakat, 100 manatdan, bular tas ähli ýerde bolmaly. Bu tas her bir býujet işgäriniň ýa-da iki býujet işgäriniň 1 portret, 1 plakat satyn almaly boljakdygyny aňladýar” diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran býujet işgäri aýtdy.
Degişli maglumat
Häkimiýetler ilata prezidentiň portreti we beýlekiler üçin bikanun salgyt salmagyny 'güýçlendirýär'Onuň sözlerine görä, öňler prezident portretleri diňe edara-kärhanalaryň ýolbaşçylarynyň we we olaryň orunbasarlarynyň kabinetleri üçin satyn alynýardy.
“Portretler adaty buhgalterleriň iş otaglarynda hem bolmaly etdiler, bu her edaranyň ozalkylara garanda 20 esse kän portret, plakat satyn almaly edilendigini aňladýar. Ýurt boýunça her portret 11 dollardan, plakatlar bolsa 6 dollardan diýip hasaplananda, portret biznesiniň depesinde oturanlar ummasyz uly pul gazanýar” diýip, bir edaranyň hasapçysy aýtdy.
Synçylar 'bu biznesiň diňe halkyň jübüsine girip oňmaýandygyny, eýsem hökümet ýolbaşçylaryna bolanja sylag-hormaty, ynamy hem talaýandygyny' öňe sürýärler.
Şu aralykda, jemagat hojalygyndaky çeşmäniň aýtmagyna görä, şu günler prezidentiň suraty bilen çykan gazet-žurnallar zibil çelegine taşlanan bolsa, olary ýygnap almak we polisiýa tabşyrmak çäreleri güýçlenýär.
Resmi taýdan tassykladyp ýa inkär etdirip bolmaýan maglumatlara görä, ‘prezidentiň suraty çap edilen gazet-žurnallaryň haýsy hojalyga degişlidigi anyklanar we düzgün bozan adamlara jerime salnar’.
Ýurt maglumat üçin ýapyl bolansoň, Azatlyk prezident portretleri we plakatlary barada täze talaplar boýunça resmi düşündiriş alyp bilmedi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.